Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/5 sah. 22
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň wepaly söýgüsi sowamaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Hemişe wepaly bolalyň
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Hemişe wepaly bolmak
    Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň
  • Ýehowa wepaly söýgini bildirip şatlanýar. Senem şatlanýarmyň?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/5 sah. 22

Okyjylaryň sowallary

Näme üçin wepaly adamlaryň ölümi «Ýehowanyň nazarynda gymmatly?»

▪ Mezmurçy ylham bilen: «Takwalarynyň ölümi Rebbiň nazarynda gymmatdyr» diýdi. Ýehowa her bir gullukçysynyň žanyny gymmat saýýar. Emma Zebur 116:15-däki sözlerde diňe bir adamyň ölümi göz öňünde tutulmaýar.

Aradan çykan mesihçi üçin doklad okalanda, hatda ol Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolsa-da, Zebur 116:15 getirilmese gowy bolar. Näme üçin? Sebäbi mezmurçynyň aýdan sözleriniň giňişleýin manysy bar. Bu sözleriň manysy Hudaý ähli wepaly gullukçylarynyň topar hökmünde žanyny örän gymmat saýýandygyny we olaryň ölümine ýol bermeýändigini aňladýar (Zebur 72:14; 116:8-e serediň).

Zebur 116:15-nji aýatdan ýer ýüzünden hemme wepaly gullukçylarynyň bütinleý ýok edilmegine Ýehowanyň ýol bermejekdigini bilýäris. Ýehowanyň Güwäçileriniň häzirki taryhy Hudaýyň halkynyň her hili agyr synaglara we yzarlamalara döz gelendigini görkezýär, bu bolsa, Ýehowanyň biziň bütinleý ýok edilmegimize hiç haçan ýol bermejekdigini subut edýär.

Çäksiz güýji we hemişe niýetini amala aşyrýandygy sebäpli, Ýehowa biziň topar hökmünde ýok edilmegimize ýol bermez. Eger-de Ýehowa muňa ýol beren bolsa, duşmanlarynyň ondan has güýçlüdigini görkezerdi. Bu bolsa akyla sygjak zat däl! Ýehowa bütin ýer ýüzünde wepaly adamlaryň ýaşamagyny isleýär, muny amala aşyrmaga hiç zat päsgel berip bilmez (Iş. 45:18; 55:10, 11). Eger Hudaýyň beýik ruhy ybadathanasynyň ýerdäki howlusynda sežde etmäge hiç kim galmasa, ýer ýüzünde Ýehowa mukaddes gulluk bes edilerdi! Onda «täze gök» astynda ýaşamaly dogry adamlar, ýagny «täze ýer» asla bolmazdy (Ylh. 21:1). Ýerde adamlar bolmasa, onda Isa Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy hem bolmazdy (Ylh. 20:4, 5).

Eger Hudaý duşmanlaryna halkyny bütin ýer ýüzünden gyrmaga ýol beren bolsa, onda at-abraýyna ysnat getirerdi. Şeýle-de Ýehowanyň Älemiň iň beýik hökümdarydygyna şübhe dörärdi. Ýehowa özüne we mukaddes adyna hormat goýýandygy üçin, toparlaýyn wepaly gullukçylarynyň ölümine ýol bermeýär. Hudaý «adyldyr», şol sebäpli özüne wepaly gulluk edýänleriň ýok edilmegine hiç haçan ýol bermez (Kan. tag. 32:4; Gel. çyk. 18:25). Mundan başga-da, Ýehowa hemme gullukçylarynyň ýok edilmegine ýol berse, bu Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýehowa beýik adynyň hatyrasyna halkyny terk etmez» diýen sözlere garşy gelerdi (1 Sam. 12:22). Hakykatdanam, Ýehowa «Öz halkyny taşlamaz, mirasyny terk etmez» (Zeb. 94:14).

Ýehowanyň halkynyň ýer ýüzünden hiç haçan ýok edilmejekdigi, nähili göwünlik berýär! Geliň, Hudaýa wepaly bolup, onuň: «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn» diýen wadasyna bil baglalyň (Iş. 54:17).

[22-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Hudaý halkynyň ýok edilmegine hiç haçan ýol bermez

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş