Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/5 sah. 31—32
  • «Meniň gün-günden kitap paýlamaga höwesim artýardy»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Meniň gün-günden kitap paýlamaga höwesim artýardy»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/5 sah. 31—32

Arhiwimizden

«Meniň gün-günden kitap paýlamaga höwesim artýardy»

1886-njy ýylda «Müňýyllyk şapagy» diýen kitabyň birinji tomunyň ýüz sanysy Allegeýindäki (Pensilwaniýa, ABŞ) «Mukaddes Ýazgylar öýünden» Illinoýs ştatynyň Çikago şäherine iberildi. Çarlz Teýz Rassell bu täze kitaby kitap dükany arkaly ýaýratmak isledi. ABŞ-da dini kitaplary ýaýradýan uly söwda firmalaryň biri «Müňýyllyk şapagy» diýen kitaby satmaga razylaşdy. Emma iki hepde geçen soň, kitaplaryň hemmesini «Mukaddes Ýazgylar öýüne» gaýtardylar.

Bir meşhur dindar adam dükanda öz kitaplary bilen «Müňýyllyk şapagyny» görüp, gahar-gazaba mündi. Ol «Müňýyllyk şapagy» diýen kitaby dükanda görsem, menem, dindar dostlarymam kitaplarymyzy bu firma arkaly satmarys we işleşmeris diýip, haýbat atdy. Firma «Müňýyllyk şapagy» diýen kitaplary yzyna gaýtarmaly boldy. Şeýle-de bu kitap gazetlerde reklama edildi. Emma garşy gidýän adamlar muny görüp, şertnamany bozdular. Indi hakykaty gözleýän adamlar bu kitaby nädip alyp biler?

Bu meseläni kitap paýlaýanlar diýip atlandyrylýan dogan-uýalar çözdülera. 1881-nji ýylda «Sion garawul diňi» žurnalynda Mukaddes Ýazgylara esaslan edebiýaty ýaýratmak üçin 1 000 sany pioneriň gerekdigi aýdyldy. Kitap paýlaýanlaryň sany bary-ýogy 300 töweregi bolsa-da, çap edilen edebiýatlar arkaly hakykat tohumyny ähli ýere ýaýratdylar. 1897-nji ýylda «Şapak» kitabynyň bir milliony, esasanam, kitap paýlaýanlaryň kömegi arkaly ýaýradyldy. Olaryň köpüsi ýaýradan her bir kitabynyň we «Garawul diňi» žurnalyna ýazylan adamlardan alnan pullaryň hasabyna sada ýaşaýardy.

Batyrgaý kitap paýlaýanlar kimlerdi? Olaryň käbiri ýetginjek ýyllaryndan, käbirleri bolsa, uly ýaşdan başlap gulluk edýärdi. Olaryň köpüsi durmuş gurmadyklar we çagasyz maşgalalardy, ýöne çagaly maşgalalar hem az däldi. Doly wagtly kitap paýlaýanlar uzak gün, kömekçiler bolsa, günde bir-iki sagat gulluk edýärdiler. Her bir dogan-uýa mümkinçiligi bolmandygy we saglyk ýagdaýy sebäpli, şeýle gulluk edip bilmeýärdi. Ýöne 1906-njy ýylda kongresde, şeýle mümkinçiligi bolanlara kitap paýlaýan bolup gulluk etmek üçin, «juda bilimli we ukyply bolmagyň ýa-da perişde ýaly gürlemegiň» wajyp däldigi barada aýdyldy.

Her bir kontinentde diýen ýaly, ýönekeý adamlar bu wajyp işi ýerine ýetirýärdiler. Bir dogan 7 ýylyň içinde 15 000 kitaby ýaýradandygyny hasaplapdyr. Emma ol: «Men kitap paýlamaga edebiýat satyjy hökmünde däl-de, eýsem, Ýehowanyň we onuň hakykatynyň güwäçisi bolmak üçin başladym» diýdi. Kitap paýlaýanlar nirä barsalar-da, hakykat tohumy kök urýardy we Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň toparlary köpelýärdi.

Ruhanylar kitap paýlaýanlary ýigrenýärdiler we olara söwdakeş diýýärdiler. 1892-nji ýyldaky «Garawul diňi» žurnalynda: «Diňe käbir adamlar olaryň Hudaýyň hakyky wekilidigine we kiçigöwünligini hem-de janaýamazlygyny Hudaýyň gymmat saýýandygyna göz ýetirýärdiler» diýilýär. Elbetde, bir uýanyň aýdyşy ýaly, kitap paýlaýanlaryň durmuşy «gülala-güllük diýip bolmaz». Olaryň köpüsinde kitaplary paýlamak üçin, diňe berk aýakgapdan we tigirden başga hiç zady ýokdy. Puly az bolan adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde, kitap paýlaýanlar kitaplaryny iýmite çalyşýardylar. Uzak gün gullukda bolup, ýadaw, emma şadyýan wagyzçylar meýdandan çadyrlaryna ýa-da kireýne alan otaglaryna dolanýardylar. Soňra köp wagtyňy we puluňy tygşytlaýan furgon, ýagny elde ýasalan tigirli jaý peýda boldyb.

1893-nji ýyldan başlap, Çikago şäherinde geçirilen kongresde, kongresleriň programmasyna kitap paýlaýanlar üçin ýörite duşuşyk girizildi. Şol ýerde gullukda bolan wakalar, wagzyň dürli usullary barada pikir alşyp, peýdaly maslahatlary berýärdiler. Şeýle duşuşyklaryň birinde Rassell dogan işeňňir wagyzçylara irden gowy naharlanyp, wagyz edýän wagtlary bir käse süýt, yssyda bolsa, miweli suw bilen doňdurma iýmegi maslahat berdi.

Kongresde kitap paýlaýanlar bile wagyz etmäge ýoldaş gözläp, sary lenta dakynýardylar. Ýaňy kitap paýlap başlanlar tejribeli dogan-uýalar bilen wagza gürleşýärdiler. Olar wagyz etmegi öwrenmelidiler, sebäbi bir gezek ýaňy kitap paýlap başlan uýa aljyrap, kitaby hödürlände: «Size bu kitap gerek däldirle?» diýdi. Bagtyna, ol aýal kitaby aldy, soňra uýamyz boldy.

Bir dogan: «Men girdejili işimde galyp, her ýyl 1 000 dollary wagyz işine sarp etsemmi ýa-da kitap paýlaýan bolup gulluk etsemkäm?» diýip sorady. Oňa: «Hudaýa ikisi hem ýaraýar, ýöne wagtyňy Ýehowa üçin sarp etseň, köp bereketler alarsyň» diýip, jogap berdiler. Meri Haýndz kitap paýlamak barada «bu köp adamlara ýagşylyk etmegiň iň oňat usulydyr» diýdi. Alberta Krosbi atly utanjaň uýa bolsa: «Meniň gün-günden kitap paýlamaga höwesim artýar» diýdi.

Şu günler ruhy we göni manydaky yhlasly kitap paýlaýanlaryň nesli öňküsi ýaly, ruhy mirasynyň gadyryny bilýär. Eger-de ata-babalaryňyzyňdan hiç kim kitap paýlaýan ýa-da pioner bolup gulluk etmedik bolsa, onda pioner gullugyny maşgala däbi hökmünde ýola goýsaňyz gowy bolmazmy? Siziň hem pioner gullugyna gün-günden höwesiňiz artar.

[Çykgytlar]

a 1931-nji ýyldan soň, «kitap paýlaýan» dogan-uýalar «pioner» diýip atlandyryldy.

b Indiki sanlaryň birinde furgon, ýagny tigirli jaýlar barada köpräk gürrüň ediler.

[32-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Olara «juda bilimli we ukyply bolmak ýa-da perişde ýaly gürlemek» wajyp däldi

[31-nji sahypadaky surat]

Ganada kitap paýlaýan bolup gulluk eden A. W. Oseý. 1930-njy ýyl

[32-nji sahypadaky surat]

Ýokarda: Kitap paýlaýanlar Edit Kin we Gertrud Morris Angliýada. 1918 ýyl; aşakda: Stenli Gossabum we Genri Nonkis ABŞ-da, paýlan kitaplaryndyn galan boş gutularyň ýanynda

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş