Arhiwimizden
Aýlanýan gullukçylar ýolda
«MEN öýme-öý wagyz edip biljek däl!» Köplenç Mukaddes Ýazgylary ýaňy öwrenip başlanlar nätanyş adamlara wagyz edip bilmerin öýdýärler! Ýöne ýokarda aýdylan sözleri ökde dokladçy we köplere hakykaty öwreden aýlanýan gullukçylaryň biri aýtdy.
«Sion Garawul diňini» okan köp adamlar buthanalary taşlap, özleri ýaly hakykata suwsaýanlar bilen dostlaşmak isleýärdiler. Bu žurnal hem başga-da hakykaty söýýän adamlary gözlemäge we Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmek üçin ýygnanyşmaga höweslendirdi. Käbir toparlar idemegi haýyş etdi, şol sebäpli takmynan 1894-nji ýyldan başlap, Garawul diňi jemgyýeti öz wekillerini olary idemäge ugratdy. Bu iş üçin saýlanan tejribeli hem zähmetsöýer doganlar pesgöwünlidi, Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi, ökde çykyş edýärdi, öwretmäge ukyplydy we töleg gurbanyna iman edýärdi. Adatça olaryň idegi bir ýa iki güne çekip, gyzgalaňly geçýärdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň köpüsi aýlanýan gullukçylaryň aýtjak dokladyna çakylyk paýlap, wagzyň şatlygyny ilkinji gezek dadypdylar. Soňra Ýolbaşçylyk Maslahatynyň agzasy bolan Hýugo Rimer bir gün agşam mekdebe ýygnanan adamlaryň öňünde doklad bilen çykyş edip, ýarygijä çenli Mukaddes Ýazgylara esaslanan soraglara jogap berdi. Ýadawlygyna garamazdan, ol şadyýandy we duşuşygyň «gowy» geçendigini aýtdy.
Aýlanýan gullukçylar «imandaşlarynyň» öýünde geçirilýän duşuşyklara baryp, olary ruhlandyrmalydylar. «Garawul diňinde» aýdylmagyna görä, bu «örän uly ýagşylyk». Golaý-goltumda ýaşaýan Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler doklada we sorag-jogap arkaly geçirilýän söhbetdeşlige gatnaşmak üçin ýygnanyşýardylar. Soňra hödür-kerem etmegiň wagty başlanýardy. Mod Abbot gyzjagazka ir bilen bolan şeýle dokladyň birinden soňra, howluda uzyn saçagyň başyna üýşendiklerini ýatlap, şeýle diýdi: «Saçagyň üsti kakadylan doňuz eti, gowrulan towuk, çöregiň her dürli görnüşleri, işlekli we tort ýaly örän tagamly zatlardan doludy. Her kim iýip bilenini iýdi, gündiz sagat ikiler töweregi indiki doklady diňlemäge gitdik. Hemmeler irkilişip otyrdy». Köp wagt aýlanýan gullukçy bolup gulluk eden Benjamin Barton: «Eger-de men öňümde goýlan ähli tagamlary iýen bolsam, bireýýäm aýlanýan gullukçy bolup gulluk etmezdim» diýdi. Wagtyň geçmegi bilen, Bruklindäki baş edara myhmansöýer uýalara aýlanýan gullukçylar üçin «adaty, ýönekeý naharlary» bişirmegi we «gijelerine rahat ýatmaga» mümkinçilik bermegi maslahat berdi.
Aýlanýan gullukçylar ussat mugallymlardy — olar doklady täsirli etmek üçin tablisalary, aýdyň mysallary we ähli elýeterli zatlary ulanýardylar. Riçard Barberiň doklady «hemişe örän gyzyklydy». Uolter Torn bolsa «edil gadymky oba aksakgallary ýaly gürleýärdi». Bir gezek «Ford A» maşynda barýarka, Şild Tutjiýan sürüjä: «Dursana!» diýip, duýdansyz gygyrdy-da, maşyndan böküp düşdi we birnäçe meýdan gülüni ýolup, Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan ýolagçylara aýdyň mysal arkaly öwretdi.
Aýlanýan gullukçy bolup hyzmat etmek, esasanam, gartaşan doganlara aňsat däldi. Käbirleri üçin gullugyň görnüşi üýtgände agyr synag bolupdy. Indi olaryň özi öýme-öý wagyz edip, başgalara öwretmelidiler. 1924-nji ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda: «Patyşalyk barada güwälik etmek hakyky mesihçiler üçin wajyp tabşyryklaryň biridir. Aýlanýan gullukçylar şu maksat bilen iberilýär» diýilýär.
Käbir aýlanýan gullukçylar wagzyň täze görnüşini halaman, nägile boldular. Şonuň üçin aýlanýan gullukçy bolmagyny goýdular, hatda käbirleri öz dini toparyny döretdiler. Robi Adkins atly doganyň aýtmagyna görä, bir ökde dokladçy özem aýlanýan gullukçynyň zeýrenip: «Men diňe sahnada çykyş etmegi başarýaryn. Men öýme-öý wagyz edip biljek däl» diýenini ýatlaýar. Adkins dogan sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Men ony ýene-de bir gezek 1924-nji ýylda Kolumbusde (Ogaýo ştaty, ABŞ) geçirilen kongresde gördüm. Ol müňlerçe şadyýan doganlaryň arasynda kiçiräk bagyň kölegesinde betbagt we örän gözgyny ýagdaýda durdy. Şondan soň men ony hiç haçan görmedim, çünki ol guramadan gitdi». Muňa garamazdan, «köp şadyýan doganlar öz maşynlaryna tarap kitaplary alyp barýardylar». Olar öýme-öý wagyz etmäge örän yhlaslydylar (Res. iş. 20:20, 21).
Aýlanýan gullukçylar hem beýleki doganlar ýaly tolgunsalar-da, öýden-öýe wagyz etmäge uly höwes bilen ýapyşyp, beýlekilere-de muny öwretdiler. Nemes dilinde gürleýän Makswell Frend (Freşel) öýme-öý wagyz barada: «Gullugyň bu görnüşi aýlanýan gullukçylar üçin ýene-de bir bereketdir» diýýär. Jon Bonet atly aýlanýan gullukçy doganyň habar bermegine görä, Patyşalyk barada wagyz etmek çakylygyny, umuman, şatlyk bilen kabul etdiler. Onuň sözlerine görä, köpler «ruhy söweşiň öňünde durmagy höwes edýärler».
Köp ýyllaryň dowamynda aýlanýan doganlar ýygnaklara gowy täsir etdi. «Hakykatdan-da, aýlanýan doganlar köp kömek etdiler. Men muny hatda çagakam-da görýärdim. Olar meni hakykatda berkitdiler» diýip, Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän Norman Larson gürrüň berýär. Şu günlerem janypkeş hem wepaly aýlanýan gözegçiler dogan-uýalara: «Biz öýden-öýe wagyz etmegi başarýarys!» diýmäge kömek edýärler.
[32-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Aýlanýan dogan gelende gyzykly bolýardy!
[31-nji sahypadaky surat]
Benjamin Barton 1905-nji ýylda 170 topary aýlanyp çykmalydy.
[32-nji sahypadaky surat]
Aýlanýan dogan Uolter Torna mähir bilen «atam» diýýärdiler. Onuň gowy mesihi häsiýetleri bardy we dogan-uýalar barada ata kimin alada ederdi.
[32-nji sahypadaky surat]
Takmynan 1902-nji ýylda J. Braun Ýamaýka aýlanýan gullukçy hökmünde iberildi. Ol 14 sany kiçi topary imanda berkitmelidi we ruhlandyrmalydy.
[32-nji sahypadaky surat]
Aýlanýan doganlar mesihçileriň imanyny berkidýärdi, ýygnaklary agzybir edýärdi we dogan-uýalary gurama ýakynlaşdyrýardy.