Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Iblisiň duzaklaryndan seresap boluň!
    Garawul diňi — 2012 | 15 awgust
    • Iblisiň duzaklaryndan seresap boluň!

      «Olar... iblisiň duzagyndan gutular» (2 TIM. 2:26).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Eger sizde başgalary tankytlamak endigi bar bolsa, özüňizi nädip barlamaly?

      • Gorkynyň we adamlaryň täsirine düşmez ýaly, Pilatus bilen Petrusyň mysalyndan nähili sapak edinip bilersiň?

      • Özüňi çendenaşa günäkärlemek duýgusyndan nädip gaça durup bilersiň?

      1, 2. Biz bu makalada Iblisiň haýsy duzaklary barada gürrüň ederis?

      IBLIS Ýehowanyň halkyny yzarlaýar. Onuň esasy maksady awçy ýaly oljasyny öldürmek däl-de, ony diri ele salyp, özüne tabyn etdirmekdir (2 Timoteos 2:24—26-njy aýatlary okaň).

      2 Awçy oljasyny diri tutmak üçin dürli usullary ulanýar. Meselem, ol awuny tutar ýaly tor gurýar ýa-da ony duýdansyz tutmak üçin gizlenýär. Şeýtan hem Hudaýyň gullukçylaryny diri ele salmak üçin şeýle usullary ulanýar. Biz olardan gaça durar ýaly oýa bolmaly we Şeýtanyň gurýan duzaklary ýa-da torlary baradaky duýduryşlary ünsden sowmaly däl. Biz bu makalada Iblisiň üstünlikli ulanýan üç torundan nädip ägä bolmalydygyna serederis: 1) erk edilmeýän dil, 2) gorky we adamlaryň täsiri, 3) özüňi çendenaşa günäkärlemek. Indiki makalada bolsa, Şeýtanyň ulanýan başga-da iki duzagyna ýa-da toruna serederis.

      DIL OTDUR

      3, 4. Dilimize erk etmesek nämä eltip biler? Mysal getiriň.

      3 Awçy haýwanlary tutmak üçin, olaryň gizlenip ýatan ýerini otlamagy mümkin. Şonda haýwanlar ol ýerden çykanda, awça olary tutmak aňsat bolýar. Iblis hem mesihçi ýygnaklarynda, göçme manyda, ot ýakýar. Ol dogan-uýalary şol howpsuz ýerden çykaryp, duzaga düşürmek isleýär. Biz nädip bilmezlikden Iblisi goldap, onuň toruna düşmegimiz mümkin?

      4 Ýakup şägirt dili oda meňzetdi (Ýakup 3:6—8-nji aýatlary okaň). Eger biz dilimize erk etmesek, onda, göçme manyda, ýygnakda güýçli ot ýakarys. Muňa näme sebäp bolup biler? Geliň, bir ýagdaýy göz öňüne getireliň. Ýygnak duşuşygynda dogan bir uýanyň pioner bolandygyny bildiriş edýär. Duşuşykdan soň, iki wagyzçy bu bildiriş hakynda gürrüňdeş bolýarlar. Olaryň biri begenip, pioner bolan uýa gowy arzuwlar edýär. Beýlekisi bolsa, ol uýanyň niýetiniň gowudygyna şübhelenýär we ýygnakda abraý gazanmak üçin pioner bolandygyny aýdýar. Sen bu iki wagyzçynyň haýsysy bilen dost bolmak islärdiň? Olaryň haýsysynyň ýygnakda ot ýakjak bolýandygyny bilmek kyn däl.

      5. Dilimize erk eder ýaly näme üçin ýüregimizi barlasak peýdaly bolar?

      5 Biz dilimiz bilen ýygnakda ot ýakmaz ýaly, oňa nädip erk edip bileris? Isa: «Agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir» diýdi (Mat. 12:34). Ilki bilen, biz ýüregimizi barlamaly. Dilimiz bilen ot ýakmaz ýaly, biz erbet pikirlerden gaça durýarysmy? Meselem, haýsydyr bir dogana hormatly borjuň berlendigini eşitsek, onuň ýagşy niýetlidigine ynanarysmy ýa-da ol at-abraýa kowalaşýandyr öýderis? Eger bizde şübhelenmek häsiýeti bar bolsa, onda Iblisiň Hudaýyň wepaly gullukçysy Eýýubyň niýetine şübhe döredendigini ýada salsak gowy bolar (Eýýup 1:9—11). Biz doganymyz barada şübhelenmän, gaýtam, nädogry pikiriň näme sebäpden döreýändigi barada oýlansak paýhasly bolardy. Eýsem, doganymyz barada şübhelenmäge bizde degerli sebäp barmy? Ýa-da biziň ýüregimiz soňky günlere mahsus bolan ýigrenç häsiýeti bilen zäherlenenmi? (2 Tim. 3:1—4).

      6, 7. a) Biz haýsy sebäplere görä dogan-uýalary tankytlamagymyz mümkin? b) Bize sögenlerinde nädip jogap bermeli?

      6 Biz haýsy sebäplere görä dogan-uýalary tankytlamagymyz mümkin? Munuň bir sebäbi, ähtimal, biz gazanan üstünliklerimiziň has aýan bolmagyny isleýändiris. Netijede, biz başgalary kemsidip, özümizi ýokary tutup başlamagymyz ahmal. Ýa-da biz üstünlik gazanyp bilmändigimiz sebäpli özümizi aklajak bolýandyrys. Tekepbirlik, göriplik we özümize bolan ynamsyzlyk ýaly häsiýetleriň netijesi erbetlige elter.

      7 Belki-de, biz özümizi aklamak üçin kimdir birini tankytlaýandyrys. Ähtimal, biz doganyň ýa-da uýanyň aýdan erbet sözleri sebäpli ejir çekendiris. Şeýle ýagdaýda ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermek nädogry bolardy. Ýogsam, biz oduň üstüne nebit guýan ýaly bolarys we Hudaýyň däl-de, Iblisiň islegini ýerine ýetirdigimiz bolar (2 Tim. 2:26). Biz şeýle ýagdaýda Isadan görelde almaly. Ol «sögülende sögmän», gaýtam, «özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy» (1 Pet. 2:21—23). Isa Ýehowanyň şeýle ýagdaýlary öz islegine görä we öz wagtynda çözjekdigine ynanýardy. Biz-de Isa ýaly Hudaýa bil baglamaly. Dilimizi abatlamak üçin ulansak, biz ýygnagyň «parahatlyk bagyny» goramaga ýardam ederis (Efesliler 4:1—3-nji aýatlary okaň).

      GORKY WE ADAMLARYŇ TÄSIRI

      8, 9. Pilatus näme üçin Isany ölüme höküm etdi?

      8 Tora düşen haýwan hereket edip bilmeýär. Şonuň ýaly-da, eger adam özüni gorka aldyrsa we başgalaryň täsirine düşse, ol erkini elinden gidirýär (Süleýmanyň tymsallary 29:25-i okaň). Geliň, häzir biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan iki adamyň mysalyna seredeliň. Olaryň gorkynyň hem-de adamlaryň täsirine düşmeginden biz näme öwrenip bileris?

      9 Rim hökümdary Pontius Pilatus Isanyň günäkär däldigini bilýärdi we oňa zyýan ýetirmek islemedi. Ol Isada «ölüme laýyk hiç bir zat tapmandygyny» aýtdy. Muňa garamazdan, Pilatus ony ölüme höküm etdi. Näme üçin? Sebäbi Pilatus märekäniň täsirine düşdi (Luka 23:15, 21—25). Duşmanlar öz diýenini etdirjek bolup: «Ony boşatsaň, sen kaýsaryň dosty dälsiň» diýip gygyryşdylar (Ýahýa 19:12). Pilatus Mesihiň tarapyny tutsa, öz ornumy ýitirerin ýa-da öldürilerin öýdüp, gorkan bolmaly. Şeýdip, ol Iblisiň islegini ýerine ýetirdi.

      10. Näme üçin Petrus Mesihi tanaýandygyny boýun almady?

      10 Petrus resul Isanyň ýakyn dostlarynyň biridi. Ol adamlaryň arasynda Isanyň Mesihdigini aýdypdy (Mat. 16:16). Şägirtleriň birnäçesi Isanyň sözleriniň manysyna düşünmän ony terk edenlerinde, Petrus wepaly galdy (Ýahýa 6:66—69). Duşmanlary Isany tussag etmäge gelenlerinde, ol Mugallymyny gylyjy bilen gorady (Ýahýa 18:10, 11). Emma soňra Petrus adamlardan gorkup, Isa Mesihi tanamaýandygyny aýtdy. Gysga wagtyň içinde, resul gorkynyň duzagyna düşüp, batyrgaý hereket edip bilmedi (Mat. 26:74, 75).

      11. Biz haýsy erbet täsire garşy göreşmeli?

      11 Biz, mesihçiler, Hudaýy gynandyrmajak bolsak, adamlaryň täsirine düşmezlige we gorkyny ýeňmäge çalyşmaly. Işdeşlerimiz ýa-da başga adamlar bizi ýalançylyga we ahlaksyz işlere itermekleri mümkin. Ýaş mesihçileriň deň-duşlary olary ekzamende aldamaga, pornografiýa görmäge, çilim çekmäge, neşe serişdelerini ulanmaga, serhoşluga ýa-da ahlaksyz işlere baş goşmaga iterjek bolýarlar. Ýehowany gynandyrmazlyk üçin, biz gorkynyň we adamlaryň täsirine düşmezlige çalyşmaly. Muňa näme kömek eder?

      12. Pilatus bilen Petrus näme üçin gorkynyň hem-de adamlaryň täsirine düşdüler?

      12 Geliň, Pilatusyň we Petrusyň gorkynyň we adamlaryň täsirine näme üçin düşendigine seredeliň. Pilatus Mesih barada köp zat bilmese-de, onuň bigünädigini we üýtgeşik adamdygyny bilýärdi. Ýöne oňa kiçigöwünlilik we hak Hudaýa bolan söýgi ýetmeýärdi. Şol sebäpli Iblis ony aňsatlyk bilen diriligine tutdy. Petrus bolsa, Hudaýy söýýärdi; ol Ýehowa we Isa Mesih baradaky hakykaty bilýärdi. Emma käte oňa kiçigöwünlilik ýetmeýärdi, onda gorky peýda bolýardy, adamlaryň täsirine düşýärdi. Isany tussag etmezlerinden öň, Petrus öwnüp: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men döndermerin» diýdi (Mar. 14:29). Eger Petrus: «Reb meniň bilendir; men gorkmaryn, ynsan maňa näme edip biler?» diýip, nagma aýdan we Hudaýa bil baglan mezmurçydan görelde alan bolsa, ol synaga öňünden taýýar bolardy (Zeb. 118:6). Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi, Petrusy we başga-da iki resulyny alyp, Getsemani bagyna gidýär. Emma Petrus we onuň ýoldaşlary oýa bolmagyň deregine uka gidýärler. Isa olary oýaryp, şeýle diýdi: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň» (Mar. 14:38). Emma Petrus ýene-de uklaýar we soňra gorkynyň hem-de adamlaryň täsirine düşýär.

      13. Biz Pilatus bilen Petrusdan nähili sapak edinip bileris?

      13 Biz Pilatus bilen Petrusdan nähili sapak edinip bileris? Adamlaryň täsirine garşy durmak üçin dogry bilim almaly we kiçigöwünlilik, Hudaýa bolan söýgi, adamlardan däl-de, Ýehowadan gorky ýaly häsiýetleri ösdürmeli. Eger biziň imanymyz dogry bilime esaslansa, onda ynanýan zatlarymyzy batyrgaýlyk bilen gürrüň bereris. Bu bize adamlaryň täsirine düşmezlige we gorkyny ýeňmäge kömek eder. Elbetde, biz öz güýjümize bil baglamaly däl. Gaýtam, synaglara diňe Hudaýyň güýji bilen hötde gelip biljekdigimize düşünmeli. Biz Ýehowadan mukaddes ruhy dilemeli. Hudaýa bolan söýgi bizi Onuň adyny we kadalaryny goramaga höweslendirmeli. Galyberse-de, synaglara öňünden taýýarlanmaly. Meselem, öňünden taýýarlansak we doga etsek, çagalarymyzyň deň-duşlary olary erbet işlere iterende, olar dogry jogap berip bilerler (2 Kor. 13:7)a.

      ÖZÜŇI ÇENDENAŞA GÜNÄKÄRLEMEK

      14. Geçmişde eden ýalňyşlyklarymyz babatda Iblis bizi nämä ynandyrjak bolýar?

      14 Käte awçy duzak guranda haýwanyň geçýän ýolunyň üstünde agyr agaç ýa-da daş asyp goýýar. Şonda geçip barýan haýwan ýüpe degip, şol agajy ýa-da daşy öz üstüne gaçyrýar. Şeýlelikde, ol heläkçilige uçraýar. Biz-de özümizi çendenaşa günäkärlesek, ýüregimize agyr ýük salarys. Geçmişde eden ýalňyşlygymyz barada oýlansak, «takatdan düşeris» we özümizi «çendenaşa owranan» ýaly duýarys (Zebur 38:3—5, 8-nji aýatlary okaň). Şeýtan Ýehowanyň merhemetine özümizi mynasyp däl hasaplamagymyzy isleýär we Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirip bilmejekdigimize ynandyrjak bolýar.

      15, 16. Özüňi çendenaşa günäkärlemek torundan nädip gaça durup bilersiň?

      15 Sen şeýle duzakdan nädip gaça durup bilersiň? Eger sen agyr günä eden bolsaň, onda Ýehowa bilen dostlugyňy dikeltmäge jan et. Ýaşulular bilen habarlaşyp, olardan kömek sora (Ýakup 5:14—16). Goýberen ýalňyşlygyňy düzetmek üçin eliňde baryňy et (Mat. 3:8). Eger saňa maslahat berseler ruhdan düşme, çünki bu Ýehowanyň söýgüsini görkezýändir (Ýew. 12:6). Eden günäňi gaýtalamazlyk üçin aýgytly hereket et. Toba edip, erbet işleriňi goý we soňra Isa Mesihiň töleg gurbanynyň ähli ýalňyşlyklaryň üstüni örtüp bilýändigine iman et (1 Ýahýa 4:9, 14).

      16 Käbir adamlaryň günäleri bagyşlansa-da, olar eden etmişini ýüreginde saklaýarlar. Eger sen hem etmişiňi unudyp bilmeýän bolsaň, onda Ýehowanyň söwer Ogly Isany mätäç wagty terk edip giden Petrusy we başga resullary Hudaýyň bagyşlandygyny ýadyňa sal. Korintosdaky bir mesihçi eden agyr ahlaksyzlygy sebäpli ýygnakdan çykarylypdy, emma ol toba edende, Ýehowa ony bagyşlady (1 Kor. 5:1—5; 2 Kor. 2:6—8). Hudaýyň Sözünde toba eden ençeme günäkärleri Hudaýyň bagyşlandygy barada aýdylýar (2 Tar. 33:2, 10—13; 1 Kor. 6:9—11).

      17. Töleg gurbany biziň üçin näme edip biler?

      17 Eger sen ýürekden toba edip, Ýehowanyň merhemetini kabul eden bolsaň, onda Ol günäleriňi bagyşlar we olary hiç haçan ýada salmaz. Isanyň töleg gurbany seniň günäleriňi ýuwup biljekdigine asla şübhelenme, ýogsam, sen Şeýtanyň toruna düşüp, onuň oljasy bolarsyň. Iblisiň seni nämä ynandyrjak bolýandygyna garamazdan, töleg gurbany toba edenleriň ählisiniň günäsini örtüp bilýär (Sül. tym. 24:16). Tölege iman etseň, ol agyr ýük kimin egniňde asylyp duran nädogry duýgyny aýrar we Hudaýa bütin ýüregiň, janyň, düşünjäň bilen gulluk etmäge güýç berer (Mat. 22:37).

      ŞEÝTANYŇ TORLARYNA BIPARH GARAMALYŇ

      18. Biz Iblisiň duzaklaryndan nädip gaça durup bileris?

      18 Şeýtana biziň haýsy duzaga düşmegimiziň parhy ýok, onuň maksady — bizi ele salmak. Şeýtanyň duzaklaryna biparh garamasak, ol bizi tora salyp bilmez (2 Kor. 2:10, 11). Eger biz synaglarda Hudaýdan akyldarlyk dilesek, Iblisiň torlaryna ýa-da duzaklaryna düşmeris. Ýakup şeýle diýdi: «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin» (Ýakup 1:5). Şeýle-de biz dogamyza görä hereket edip, yzygiderli şahsy okuwyny geçirmeli we Hudaýyň Sözündäki maslahatlary ulanmaly. Sadyk hem akylly hyzmatkäriň Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin taýýarlaýan edebiýatlaryndan peýdalansak, Iblisiň duzaklaryny görüp, olardan gaça durup bileris.

      19, 20. Biz näme üçin erbetligi ýigrenmeli?

      19 Doga etmek we Mukaddes Ýazgylary okamak ýagşylygy söýmäge höweslendirer. Emma bu ýeterlikli däl. Biz erbetlige bolan ýigrenji hem ösdürmeli (Zeb. 97:10). Erbet höwesleriň netijesi barada oýlansak, bu bize olardan gaça durmaga kömek eder (Ýakup 1:14, 15). Biz erbetligi ýigrenip, ýagşylygy söýmegi öwrensek, Şeýtanyň duzaklaryndan gaça durarys; olar bizi özüne çekip bilmez.

      20 Şeýtanyň duzaklaryna düşmezlige kömek edýän Hudaýa biz örän minnetdardyrys! Ýehowa bizi mukaddes ruhy, Sözi we guramasy arkaly «iblisden halas edýär» (Mat. 6:13). Indiki makalada Iblisiň Hudaýyň gullukçylaryny diri ele salmak üçin ökdelik bilen ulanýan başga-da iki duzagyndan nädip gaça durup biljekdigimize serederis.

      a Ata-eneler çagalary bilen «Ýaşlaryň sowallary» (rusça) kitabynyň II tomunyň 132, 133-nji sahypalaryndaky «Erbet täsire nädip garşy duraryn?» diýen shemany ara alyp maslahatlaşsalar gowy bolar. 2010-njy ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňine» (2-nji makala, abz. 11—15) we 2011-nji ýylyň iýulynda çykan «Hudaýa gullugymyza» (sah. 2, abz. 3) serediň. Bu makalalary maşgala okuwynda ulansa bolýar.

      [21-nji sahypadaky surat]

      Erk edilmedik dil ýygnakda ot ýakyp biler

      [24-nji sahypadaky surat]

      Sen özüňi çendenaşa günäkärlemek ýüküni taşlap bilersiň

  • Şeýtana garşy duruň we onuň duzaklaryndan gaçyň!
    Garawul diňi — 2012 | 15 awgust
    • Şeýtana garşy duruň we onuň duzaklaryndan gaçyň!

      «Iblisiň hilelerine garşy duruň» (EFES. 6:11).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Ýehowanyň gullukçylary baýlyga kowalaşmak duzagyndan nädip gaça durup biler?

      • Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyna düşmezlige näme kömek eder?

      • Siz baýlyga kowalaşmak islegine we jynsy ahlaksyzlyga garşy durmagyň peýdalydygyna näme üçin ynanýarsyňyz?

      1, 2. a) Näme üçin Şeýtan mesh edilenleri we «başga goýunlary» ýigrenýär? b) Bu makalada Şeýtanyň haýsy duzaklaryna serederis?

      ŞEÝTAN IBLIS adamlary, ylaýta-da, Ýehowa gulluk edýänleri ýigrenýär. Ol mesh edilen galynda garşy uruş alyp barýar (Ylh. 12:17). Mesh edilenler Patyşalyk baradaky wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler. Iblis olary goldaýan we ebedi ýaşaýşa umydy bolan «başga goýunlary-da» halamaýar (Ýahýa 10:16). Hawa, onuň gahar-gazaba atlanmagy geň galdyrmaýar! Şeýtan mesh edilenleriň-de, başga goýunlaryň-da duşmany. Onuň maksady — bizi ele salmak (1 Pet. 5:8).

      2 Şeýtan bu maksadyna ýetmek üçin dürli duzaklary, ýagny torlary gurýar. Ol «imansyzlaryň akyllaryny küteldendir». Şol sebäpli olar hoş habary kabul etmeýärler we Şeýtanyň guran duzaklaryny görmeýärler. Emma Iblis Patyşalyk habaryny kabul eden käbir adamlary hem duzaga saldy (2 Kor. 4:3, 4). Biz geçen makalada Şeýtanyň üç duzagyndan, ýagny 1) erk edilmeýän dilden, 2) gorky we adamlaryň täsirinden, 3) özüňi çendenaşa günäkärlemek duýgusyndan nädip gaça durup bolýandygyna seretdik. Geliň, häzir onuň ýene-de iki duzagyna: baýlyga kowalaşmak we zyna etmek synagyna nädip garşy durmalydygyna seredeliň.

      BAÝLYGA KOWALAŞMAK — BOGÝAN DUZAK

      3, 4. Dünýäniň gaýgylary baýlyga kowalaşmaga nädip iterip biler?

      3 Isa ekin tymsalyny gürrüň berende, birnäçe tohumyň tikenleriň arasyna düşendigini aýtdy. Ol muny şeýle düşündirdi: «Tikenler arasyna düşenler bolsa budur: ol sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy sözi bogýar we... (ol) hasylsyz bolýar» (Mat. 13:22). Görşümiz ýaly, Şeýtanyň ulanýan duzaklarynyň biri — baýlyga kowalaşmak.

      4 Diýmek, sözi iki zat «bogup» bilýär. Olaryň biri «dünýäniň gaýgylary». Şu günki «kyn pursatlarda» bizi alada goýýan zatlar örän köp (2 Tim. 3:1). Belki-de, bahalaryň galmagy we işsizligiň köpelmegi zerarly, siz gün-güzeranyňyzy zordan dolandyrýansyňyz. Gelejek barada alada edip, özüňize: «Garran çagymda aljak pulum ýeterlikli bolarmyka?» diýip sorag berýänsiňiz. Käbir adamlar şeýle zatlaryň aladasyny edýärler we pul gorag berer öýdüp, baýlyk toplap başlaýarlar.

      5. «Baýlyk» nädip aldawçy bolup biler?

      5 Isa ýene bir zady, ýagny «baýlygyň aldawçydygyny» aýtdy. Baýlygyň aldawçylygy hem-de dünýäniň gaýgylary bilelikde sözi bogup bilýär. Mukaddes Ýazgylarda «puluň... gorag» bolup bilýändigi barada aýdylýar (Wag. 7:12). Emma baýlyga kowalaşmak paýhassyzlykdyr. Köp adamlar baýlyk toplamak üçin näçe köp zähmet çekdigiçe, şonça-da maddy üpjünçiligiň toruna çolaşdylar. Hatda käbirleri baýlygyň guly boldular (Mat. 6:24).

      6, 7. a) Işde nädip baýlygyň toruna düşmegimiz mümkin? b) Işden soň işlemeklik teklip edilende, mesihçi näme barada oýlanmaly?

      6 Baýlyga kowalaşmak islegi ujypsyz zatlardan başlamagy mümkin. Aýdaly, başlygyňyz sizi ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Men saňa gowy habar aýtmakçy! Biziň kärhanamyz uly şertnama baglaşdy. Bu birnäçe aýlap iş wagtdan daşary işlemegi talap eder. Men saňa köp pul tölejegime söz berýärin». Siz şeýle teklibe nähili gararsyňyz? Elbetde, maşgalanyň maddy taýdan aladasyny etmek örän wajyp, ýöne bu ýeterlikli däl (1 Tim. 5:8). Siz başga-da zatlary göz öňünde tutmaly. Işden soň işlemäge ýene-de näçeräk wagt sarp etmeli bolar? Ol ýygnak duşuşyklaryna we maşgala okuwyny geçirmäge päsgel berermi?

      7 Belli bir karara gelmek üçin, ilki bilen, siz näme barada oýlanarsyňyz? Işe köp wagt sarp etseňiz, bankdaky puluňyzyň möçberine täsir edişi baradamy ýa-da ruhy işleriňize täsir edişi hakynda? Köp pul gazanmak islegi size Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmaga päsgel berermi? Eger siz baýlyga kowalaşsaňyz, bu siziň ruhy saglygyňyza we maşgalaňyza zyýan ýetirmezmi? Ruhy saglygyňyza howp abanýan bolsa, sizi baýlyk «bogmaz» ýaly, ondan nädip gaça durup bilersiňiz? (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň).

      8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar bize ýaşaýşymyzy barlamaga kömek eder?

      8 Biz bogýan baýlykdan gaça durmak üçin wagtal-wagtal nähili ýaşaýandygymyzy barlap durmaly. Ruhy zatlara biperwaý garan Esawa hiç haçan meňzemäliň! (Gel. çyk. 25:34; Ýew. 12:16). Isanyň yzyna düşmek üçin mal-mülkini satmaly we garyplara paýlamaly bolan baý adama-da meňzemäliň. Sebäbi ol şeýle teklibi eşidende, «tukat bolup gitdi, çünki onuň köp mal-mülki bardy» (Mat. 19:21, 22). Baýlygyň duzagyna düşen bu adam uly hormatdan, ýagny ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adamyň yzyna eýermek mümkinçiliginden mahrum boldy. Isa Mesihiň şägirdi bolmak hormatyny ýitirmekden ägä bolalyň!

      9, 10. Siz Mukaddes Ýazgylaryň maddy zatlara bolan garaýşyny nädip düşündirip bilersiňiz?

      9 Isa maddy zatlar barada aşa köp alada etmeli däldigi hakynda şeýle maslahat berdi: «Şoňa görä, „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“, „Näme geýeris?“ diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar; ýöne gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär» (Mat. 6:31, 32; Luka 21:34, 35).

      10 Baýlygyň aldawçy duzagyna düşmez ýaly, Mukaddes Ýazgylary ýazan Aguryň garaýşyna eýerjek bolalyň. Ol şeýle diýdi: «Maňa garyplyk ýa baýlyk berme; çörekden rysgalymy ýetir» (Sül. tym. 30:9). Hawa, Agur puluň gorag berýändigine-de, baýlygyň aldawçydygyna-da düşünýärdi. Biz bu dünýäniň gaýgylarynyň we baýlygyň aldawçylygynyň ruhy taýdan heläkçilige getirýändigine akyl ýetirmeli. Maddy zatlar barada aşa köp alada etsek, olar wagtymyzy we güýjümizi alar. Patyşalyk işlerine bolsa, wagtymyz az galar ýa-da asla galmaz. Geliň, şonuň üçin Şeýtanyň gurýan baýlyk duzagyna düşmezligi ýüregimize düweliň! (Ýewreýler 13:5-i okaň).

      ZYNA — GIZLIN ÇUKUR

      11, 12. Mesihçi iş ýerinde nädip zynanyň duzagyna düşmegi mümkin?

      11 Awçy güýçli haýwany tutmakçy bolanda, onuň ýörejek ýolunda çuň çukur gazýar. Soňra çukury gizlemek üçin, onuň üstüni ot-çöp we gum bilen basyrýar. Şeýtanyň üstünlikli ulanýan duzaklarynyň biri-de şoňa meňzeýär. Bu — ahlaksyzlyk duzagy (Sül. tym. 22:14; 23:27). Ençeme mesihçiler özüni howply ýagdaýlara salyp, şol çukura aňsatlyk bilen düşdüler. Durmuş guran käbir mesihçiler ýanýoldaşyndan başga adama göwün berip, soňra zyna etdiler.

      12 Ýanýoldaşyňdan başga adama bolan duýgy işleýän ýeriňde-de döremegi mümkin. Bir geçirilen barlaga görä, gelin-gyzlaryň ýarysy we erkek adamlaryň dörtden üç bölegi iş ýerinde zyna edipdirler. Dogan-uýalaryň hem käbiri işleýän ýerinde dünýewi adamlar bilen gepleşmeli bolýar. Seniň hem işiň şeýle bolsa, işdeşleriň bilen özüňi nähili alyp barýarsyň? Olar bilen iş salyşmaly bolanyňda, özüňe çäk goýup, diňe iş barada gepleşýärmiň? Aýdaly, bir uýa işgäri bilen ençeme sapar gürrüňdeş bolýar. Soňra uýa ol erkek kişä syrlaryny açyp başlaýar. Ol hatda maşgalasyndaky kynçylyklaryny-da gürrüň berýär. Ýa-da, diýeli, dogan işdeş bir aýal bilen dostlaşyp başlaýar. Doganyň şeýle pikir etmegi mümkin: «Bu aýal meniň aýdýanlarym bilen ylalaşýar, meni ünsli diňleýär, maňa hormat goýýar. Maňa öýde-de şeýle garasalar nähili gowy bolardy!» Sen şeýle ýagdaýlaryň zyna etmäge iterip bilýändigine düşünýärmiň?

      13. Dogan-uýalaryň arasynda nädip ýerliksiz duýgy döräp biler?

      13 Kimdir birine bolan ýerliksiz duýgy ýygnak duşuşygynda-da döräp biler. Bir bolup geçen waka seredeliň. Deniýel ýaşulydy we ol aýaly Saraa bilen pioner bolup gulluk edýärdi. Ýygnaga kömek gerek bolanda, Deniýel hiç haçan «ýok» diýmeýärdi. Ol ýygnakdaky her bir borjuny höwes bilen ýerine ýetirýärdi. Şeýle-de Deniýel bäş adam bilen okuw geçýärdi. Olaryň üçüsi suwda çokundyryldy. Bu ýaş doganlara kömek gerekdi. Şonda olary Sara goldaýardy, sebäbi Deniýel teokratik işleri bilen gümrady. Biraz wagtdan şeýle ýagdaý ýüze çykdy: Deniýel bilen okuw geçen adamlara duýgy taýdan kömek gerek bolanda, köplenç olara Sara goltgy berýärdi. Ýöne Saranyň özi-de duýgy taýdan kömege mätäçdi. Şeýle ýagdaýda ol bu kömegi şolardan alýardy. Netijede, heläkçilige eltýän duzak guruldy. Deniýel şeýle gürrüň berýär: «Meniň aýalym ruhy we duýgy taýdan gowşapdy. Men muňa biperwaý garadym, şol sebäpli-de, biz betbagtçylykly ýagdaýa uçradyk. Aýalym okuw geçýänlerimiň birisi bilen zyna etdi. Ol meniň gözümiň alnynda ruhy taýdan gowşap başlapdyr, men bolsa teokratik işleri bilen başagaýdym». Sen şeýle betbagtçylykdan nädip gaça durup bilersiň?

      14, 15. Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyndan gaça durmaga näme kömek eder?

      14 Zyna etmek duzagyndan gaça durmak üçin nikadaky borçlaryňa gowy düşünmeli. Isa: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:6). Ýygnakdaky borçlaryň maşgaladaky borçlaryňdan has wajypdyr öýtme. Şeýle-de möhüm bolmadyk işler zerarly wagtyňy köplenç ýanýoldaşyňdan aýry geçirseň, maşgala gatnaşygynyň sowamagy mümkin. Bu bolsa, synaga salyp, agyr günä eltip biler.

      15 Onda ýaşulular süriniň aladasyny etmeli dälmi? Petrus resul şeýle ýazdy: «Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen... otladyň» (1 Pet. 5:2, 3). Elbetde, dogan-uýalaryň aladasyny etmeklige biperwaý garamaly däl. Emma ýaşuly borjuňy ýerine ýetirjek bolup, maşgaladaky borjuňy-da ünsden sowmaly däl. Bar ünsüňi ýygnagy ruhy taýdan naharlamaga gönükdirip, maşgalaňy göçme manyda aç goýmak nädogry, hatda howply bolardy. Deniýel gürrüňini şeýle dowam etdi: «Ähli güýjüňi ýygnaga berip, öz maşgalaňa zyýan ýetirmeli däl».

      16, 17. a) Mesihçilere ýanýoldaşyna ikilik etmek islemeýändigini görkezmek üçin iş ýerinde nähili çäk goýmak peýdaly? b) «Hudaýyň söýgüsi» kitabynda durmuş guran mesihçilere nähili maslahat berilýär?

      16 Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyndan gaça durmaga kömek edýän ençeme maslahatlary «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndan tapsa bolýar. Meselem, 2006-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle maslahat berilýär: «Işleýän ýerimizde we islendik ýerde jynsy gatnaşyga eltýän ýagdaýlardan ägä bolmaly. Meselem, iş wagtyndan daşary işlänimizde başga jynsdaky adam bilen ýeke galsak, günä eltmegi mümkin. Durmuş guran adamlar biri bilen gepleşende we özüni alyp baranda ýanýoldaşyna ikilik etmek islemeýändigini görkezmeli. Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde näz-kereşme, edepsiz eşigimiz we daşky sypatymyz bilen biriniň ünsüni çekmek islemeýäris... Iş ýerimizde ýanýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň suratlaryny görünýän ýerde goýup, özümize we başga adamlara maşgalamyza hormat goýýandygymyzy ýatladýarys. Hiç haçan kimdir biriniň başyňy aýlap, aldamagyna ýol berme we özüňem şony goldamazlygy ýüregiňe berk düw».

      17 «Hudaýyň söýgüsi» kitabynyň 11-nji babynyň 17-nji abzasynda ýanýoldaşy bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşyk edýänleriň Hudaýyň ahlak kadalaryny depeleýändigi aýdylýar. Hawa, şu günler köp adamlar ahlaksyzlygy ýazgarmaýarlar. Emma başga adamlaryň ahlaksyzlyga bolan garaýşy mesihçilere täsir etmeli däldir. Sebäbi olar «ahlaksyzlary, zynahorlary» adamlaryň däl-de, «Hudaýyň höküm etjekdigine» düşünýärler (Ýew. 10:31; 12:29). Eger siz durmuş guran bolsaňyz, ýanýoldaşyňyz bilen şeýle maslahatlar barada wagtal-wagtal pikir alyşsaňyz paýhasly bolardy. Nikany Ýehowa döretdi. Nika mukaddesdir. Ýanýoldaşyňyz bilen nikadaky gatnaşygyňyz barada gürrüň etmäge wagt sarp etseňiz, ony mukaddes saýýandygyňyzy görkezersiňiz (Gel. çyk. 2:21—24).

      18, 19. a) Zyna nähili zyýan ýetirýär? b) Ýanýoldaşyňa wepaly bolmak nähili bereketleri berýär?

      18 Eger sen özüňde kimdir birine ýerliksiz söýgüniň döreýändigini duýsaň, onda ýanýoldaşyňa ikilik etmegiň we zynanyň erbet netijesi barada oýlan (Sül. tym. 7:22—23; Gal. 6:7). Ahlaksyzlyk edýän adamlar Ýehowany gynandyrýar, olar hem ýanýoldaşyna, hem özüne zyýan ýetirýär (Malaki 2:13, 14-nji aýatlary okaň)b. Şol sebäpli päk gatnaşygyň peýdasy barada pikirlenmeli. Şeýle adamlaryň diňe bir gelejekde ebedi ýaşaýşa umydy bolman, eýsem, häzirden bagtly ýaşaýyşdan lezzet alyp, ynsabyny päk saklaýarlar (Süleýmanyň tymsallary 3:1, 2-nji aýatlary okaň).

      19 Mezmurçy şeýle nagma aýdýar: «Seniň kanunyňy söýýänlere uly parahatlyk bar, olara bökdenç bolmaz» (Zeb. 119:165). Hakykaty söýüň we bu zalym dünýäde «akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň» (Efes. 5:15, 16). Şeýtan Hudaýyň gullukçylaryny tora salmak üçin, olaryň ýörejek ýolunda duzaklar gurýar. Emma biziň özümizi gorar ýaly gowy ýaraglarymyz bar. Ýehowa bize Iblise «garşy durmaga» we onuň «bütin otly oklaryny öçürmäge» gerekli zatlary berýär (Efes. 6:11, 16).

      a Atlar üýtgedildi.

      b Malaki 2:13 Siz Ýehowanyň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Ýehowa indi siziň getirýän sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär. 14 Siz: ”Näme üçin?“ diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Ýehowa ýaşlygyňy bile geçiren aýalyň bilen seniň araňda şaýatdyr. Ol seniň wada beren aýalyň hem joraň bolsa-da, sen oňa haýynlyk etdiň.

      [26-njy sahypadaky surat]

      Baýlyga kowalaşmaklyk adamy ruhy taýdan bogup biler. Siz muňa ýol bermäň

      [29-njy sahypadaky surat]

      Näz-kereşme etseň ýa-da başgalaryň saňa näz-kereşme etmegine ýol berseň, zynanyň duzagyna düşersiň

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş