Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/4 sah. 12—16
  • Hudaýyň Sözüni ulanyp, özüňe we başgalara kömek et

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Sözüni ulanyp, özüňe we başgalara kömek et
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «ÖWRETMEK ÜÇIN... PEÝDALY»
  • «KÄÝEMEK... ÜÇIN PEÝDALY»
  • «ÝOLA GETIRMEK... ÜÇIN PEÝDALY»
  • «DOGRULYKDA TERBIÝELEMEK ÜÇIN PEÝDALY»
  • ÝEHOWANYŇ AJAÝYP SOWGADY
  • Ýaşulular, Pawlusyň göreldesine eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • «Ýüregi şatlandyrýan» maslahat bereliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowanyň terbiýesini elmydama kabul et
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • «Hudaýyň sözi... täsirlidir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/4 sah. 12—16

Hudaýyň Sözüni ulanyp, özüňe we başgalara kömek et

«Ähli buýruklaryňy bütinleý dogry saýýaryn». ZEB. 119:128

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Sen başgalara tälim bereniňde Ýazgylary nädip has netijeli ulanyp bilersiň?

  • Pawlus «ýola getirmekde» diýmek bilen nämäni göz öňünde tutdy?

  • Ýygnak ýaşululary we ata-eneler üçin «dogrulykda terbiýelemek» nämäni aňladýar?

1. Biz Hudaýyň Sözüne näme üçin doly ynanmaly?

KIMDIR biri wagyzçy bolmak islese, ýygnagyň ýaşululary onuň talaba laýyk gelýändigini anyklamak üçin, özlerine şeýle sorag bermeli: «Onuň sözleri Mukaddes Ýazgylaryň Hudaý tarapyndan ylhamlanyp ýazylandygyna ynanýandygyny görkezýärmi?»a Wagyzçy bolmak isleýän her bir adam, şol sanda Hudaýyň gullukçylary-da, sözünde we iş ýüzünde oňa ynanýandygyny görkezmeli. Näme üçin? Eger biz Hudaýyň Sözüne ynansak we ony wagyzda ökdelik bilen ulansak, adamlara Ýehowany tanamaga we halas bolmaga kömek edip bileris.

2. Biz näme üçin «öwrenen zatlarymyza... bagly galmaly»?

2 Pawlus resul Hudaýyň Sözüniň ähmiýetlidigini görkezmek üçin Timoteosa şeýle ýazdy: «Öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal». Pawlusyň «zatlaryň» diýen sözi, Timoteosy hoş habara iman etmäge höweslendiren Ýazgylardaky hakykaty aňladýar. Bu hakykat şu günler bize hem şeýle täsir edýär we «gutulyş üçin... akyldar» bolmagy dowam etmäge kömek edýär (2 Tim. 3:14, 15). Biz köplenç Pawlusyň 2 Timoteos 3:16, 17-nji (okaň) aýatlarynda aýdan sözlerini Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigini görkezmek üçin ulanýarys. Emma bu aýatlar biziň özümiz üçin hem peýdaly bolup biler. Geliň, bu aýatlara jikme-jik seredip geçeliň. Şeýtsek, Ýehowanyň öwredýän zatlarynyň «dogrudygyna» ynamymyz artar (Zeb. 119:128).

«ÖWRETMEK ÜÇIN... PEÝDALY»

3—5. a) Petrus Pentikost güni uly märekäniň öňünde wagyz edende, adamlara nähili täsir etdi we näme üçin? b) Selanikdäkileriň köpüsi näme üçin hakykaty kabul etdi? ç) Şu günler adamlar biziň wagyz edişimiziň haýsy tarapyna üns berýär?

3 Isa Ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn» (Mat. 23:34). Isa şonda öz şägirtlerini göz öňünde tutupdy we olara wagyzda Ýazgylary ulanmagy öwredipdi. 33-nji ýylyň Pentikost güni, şol «kanunçylaryň» biri bolan Petrus resul Iýerusalimde uly märekä ýüzlenip, Ýewreý Ýazgylaryndan birnäçe aýatlara salgylanypdy. Petrusyň aýdan sözleri köp adamlaryň «ýüreklerinde sanjy döredipdi», ýagny güýçli täsir etdi. Şonda olar öz eden günälerine toba etdiler. Takmynan üç müňe golaý adam Hudaýyň merhemetini gazanmak üçin çokundyrylyp, mesihçi boldular (Res. iş. 2:37—41).

4 Isanyň aýdan «kanunçylarynyň» ýene birisi Pawlus resuldy. Ol hoş habary Iýerusalimden uzak ýerlerde wagyz edýärdi. Meselem, Selanigiň Makedoniýa şäherinde ol sinagogada sežde edýänlere wagyz edipdi. Pawlus «üç sabat olara Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berdi. Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi». Munuň netijesi nähili boldy? «Olaryň (ýewreýleriň) birnäçesi, dindar grekleriň uly topary... ynandylar» (Res. iş. 17:1—4).

5 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň Mukaddes Ýazgylar arkaly öwredýändigi köp adamlarda täsir galdyrýar. Iki uýamyz öýden-öýe wagyz edip, bir adama Mukaddes Ýazgylardan aýat okap berende, ol adam: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip soraýar. Uýamyzyň biri: «Biz Ýehowanyň Güwäçileri» diýýär. Şonda öý eýesi: «Aý hawa-da, maňa muny soramak hem gerek däldi. Ýehowanyň Güwäçilerinden başga kim meniň öýüme gelip, Mukaddes Ýazgylardan okap berjek diýsene?» diýdi.

6, 7. a) Ýygnakda çykyş edýänler Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulanmak üçin näme edip bilerler? b) Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde aýatlary nädip has netijeli ulanyp bileris?

6 Adamlara hakykaty öwredenimizde Mukaddes Ýazgylary nädip has gowy ulanyp bileris? Eger saňa ýygnakda çykyş etmek ynanylan bolsa, onda sen Ýazgylardaky aýatlary ulanmaly. Esasy aýatlary ýatdan aýtmagyň, çap edilen kagyzdan ýa-da tehniki enjamlardan okamagyň deregine, Mukaddes Ýazgylaryň özüni açyp oka we diňleýjileri-de şeýle etmäge höweslendir. Şeýle-de okaýan aýatlaryňy düşündirmek üçin we olar arkaly diňleýjilere Ýehowa has ýakynlaşmaga kömek etmek üçin wagt sarp et. Diňe bir gyzykly we çylşyrymly mysallary gürrüň bermegiň ýerine, Hudaýyň Sözüne köpräk üns ber.

7 Kimdir biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde biz nämäni unutmaly däl. Edebiýatlarymyzy ulananymyzda, olardaky Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlary ünsden sowmaly däl. Biz okuw geçýän adamy getirilen aýatlary okamaga we olaryň manysyna düşünmäge höweslendirmeli. Nädip? Adama takal okap, bir zady uzak wagtlap düşündirmän, eýsem, oňa öz pikirini aýtmaga höweslendiriň. Oňa nämä ynanmalydygyny we näme etmelidigini aýtmagyň deregine, özüniň dogry karara gelmegine kömek eder ýaly gowy taýýarlanan soraglary beriň.b

«KÄÝEMEK... ÜÇIN PEÝDALY»

8. Pawlus nähili göreş alyp barmaly boldy?

8 Biz köplenç «käýemek» çäresini ýygnagyň ýaşulularyna tabşyrýarys. Elbetde, ýygnagyň gözegçilerine «günä edýänlere... temmi bermek» jogapkärçiligi tabşyryldy (1 Tim. 5:20; Titus 1:14). Ýöne özümize «käýemek» hem wajypdyr. Pawlus ynsaby päk bolan göreldeli mesihçidi (2 Tim. 1:3). Emma ol şeýle ýazdy: «Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär». Bu sözleriň öňündäki aýatlary ünsli öwrensek, Pawlusyň günäli tenine erk etmek üçin göreşmeli bolandygyna has gowy düşüneris (Rimliler 7:21—25-nji aýatlary okaň).

9, 10. a) Pawlus nähili ejizlikleri bilen göreşen bolmaly? b) Pawlus öz ejizliklerine garşy göreşmek üçin näme eden bolmaly?

9 Pawlus özüniň nähili ejizliklerine garşy göreşýärdi? Ol bu hakda hiç zat aýtmasa-da, Timoteosa ýazan hatyndan özüniň «zorluk eden» adam bolandygyny ýazypdy (1 Tim. 1:13). Pawlus mesihçi bolmanka, mesihi ýygnagyna garşy gazaply göreş alyp barýardy. Ol Isanyň şägirtlerine nähili garandygyny şeýle beýan edipdi: «Olara garşy çendenaşa guduzlapdym» (Res. iş. 26:11). Pawlusa bu häsiýetini ýeňmek başartsa-da, ol wagtal-wagtal öz duýgularyna we sözlerine erk etmek üçin göreşen bolmaly (Res. iş. 15:36—39). Ol muny nädip başardyka?

10 Pawlus Korintosdaky mesihçilere hat ýazanda, özüne «käýemek» üçin näme edendigini aýtdy (1 Korintoslylar 9:26, 27-nji aýatlary okaň). Ol özüniň bikämil duýgularyny ussatlyk bilen ruhy taýdan ýumruklapdyr. Megerem, munuň üçin Pawlus Ýazgylardan maslahat agtarandyr we olary ulanmak üçin Ýehowadan ýalbaryp, kömek sorandyr hem-de häsiýetini özgertmek üçin ýürekden tagalla edendir.c Biz onuň göreldesinden özümiz üçin peýda alyp bileris. Sebäbi Pawlus ýaly biz hem öz bikämil duýgularymyz bilen göreşmeli bolýarys.

11. Hakykat ýolunda ýöreýändigimizi bilmek üçin özümizi nädip «barlap» bileris?

11 Biz özümize ynamly bolmakdan hemişe ägä bolmaly. Gaýtam, dogrudan-da hakykat ýolunda ýöreýändigimizi bilmek üçin «özümizi barlap» durmaly (2 Kor. 13:5). Biz Koloseliler 3:5—10-njy aýatlar ýaly ýerleri okanymyzda, özümize şeýle sorag berip bileris: «Men öz günäli duýgularymy öldürmek üçin ýürekden tagalla edýärinmi ýa-da men ahlak taýdan gowşap başladymmy? Interneti ulanýarkam ahlaksyz saýtlar peýda bolanda, olary şol wagtyň özi ýapýarynmy ýa-da şeýle saýtlary özüm gözleýärin?» Hudaýyň Sözündäki maslahatlary özümize degişli edip ulansak, bu bize «oýa, hüşgär bolmaga» ýardam eder (1 Sel. 5:6—8).

«ÝOLA GETIRMEK... ÜÇIN PEÝDALY»

12, 13. a) «Ýola getirmekçi» bolanymyzda biziň nähili maksadymyz bolmaly? b) Başgalary «ýola getirmeli» bolanda, gepleýşimiz nähili bolmaly däl?

12 «Ýola getirmek» diýlip terjime edilen grek sözi «gowulamak, düzetmek, täzeden gowy ýagdaýa getirmek, dogry ýagdaý» diýmegi aňladýar. Biziň özümize we edýän işlerimize nädogry düşünýän adamlara ýagdaýy dogry düşündirmek üçin biz käte «ýola getirmeli» bolýarys. Meselem, ýehudy dini ýolbaşçylary Isany aýyplap, onuň «salgytçylardyr günäkärlere» ýagşylyk edýändigini aýdýardylar. Isa olara jogap berip: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Ýöne siz gidiň-de: „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň» diýdi (Mat. 9:11—13). Isa Hudaýyň Sözüni hemmelere sabyrly hem mähir bilen düşündirýärdi. Şonda pesgöwünli adamlar Ýehowanyň «Rehimli we merhemetli... giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baý» Hudaýdygyny bildiler (Müs. çyk. 34:6). Hudaýyň oglunyň «ýola getirmek» üçin eden tagallalary arkaly köp adamlar hoş habara iman etdi.

13 Isanyň mysaly bize başgalara nädip tälim bermelidigini öwredýär. Kimdir biri gahary gelende gödek äheň bilen şeýle diýmegi mümkin: «Men seniň käbir häsiýetleriňi ýola getiresim gelýär». Emma şeýle sözler 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlara laýyk gelmeýär. «Ýazgylaryň» hiçisi bize başgalar bilen gödek bolup, olara sözde käýemäge rugsat bermeýär. Gödek we tankytlaýjy sözler köplenç «gylyjyň sanjylyşy ýaly» agyr ýara salýar we gaty seýrek peýda getirýär (Sül. tym. 12:18).

14—16. a) Başgalara kynçylyklaryny çözmäge kömek etmek üçin ýygnak ýaşulusy nädip «ýola getirip» biler? b) Çagalary «ýola getireniňde» Ýazgylary ulanmak näme üçin wajyp?

14 Onda «ýola getirmeli» bolanda biz nädip sabyrly we mähirli bolup bileris? Aýdaly, är-aýal maşgalada ýygy-ýygydan bolýan dawalary bes etmek üçin ýygnak ýaşulusyndan kömek soraýar. Şeýle ýagdaýda ýaşuly dogan näme etmeli? Ol hiçisiniň tarapyny tutman, olar bilen «Maşgala bagtynyň syry» atly kitabynyň 3-nji babyndaky prinsipleri ara alyp maslahatlaşyp biler. Ýaşuly dogan gürrüňdeşlige ýolbaşçylyk etse, är-aýalyň hersi berilýän maslahaty nädip has gowy ulanyp biljekdigine düşünmegi mümkin. Birnäçe wagtdan soň, ýaşuly dogan şol maşgalanyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gerek bolsa, olara goşmaça kömegi berip biler.

15 Ene-atalar öz çagalaryny ruhy taýdan berkitmek üçin, nädip olary «ýola getirip» biler? Aýdaly sen ýetginjek ýaşyndaky gyzyňy ýaman ýaranlardan, ýagny erbet dostlardan goramakçy bolýarsyň. Ilki bilen, sen onuň şeýle dostlary barada käbir maglumatlary bilmeli. Eger biynjalyk bolmaga sebäp bar bolsa, onda ähtimal sen «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» (rus.) atly kitabynyň 2-nji tomundan pikirleri ulanyp, gyzyň bilen gürrüňdeş bolarsyň. Soňra, birnäçe günüň dowamynda onuň bilen köpräk wagtyňy geçirersiň. Şeýle-de gyzyň bilen wagza çykanyňda ýa-da maşgala bolup dynç alanyňyzda, onuň garaýşyna üns berip bilersiň. Eger sen sabyrly we mähirli bolsaň, seniň gyzyň söýgi bilen edýän aladaňy hökman duýar. Şonda, megerem, ol seniň beren maslahatyňa eýeresi geler hem-de durmuşyna erbet täsir etjek zatlardan gaça durar.

16 Şeýle-de biz sabyrly we mähirli bolup, saglygy barada biynjalyk bolýan, işini ýitirenligi sebäpli göwnüçökgünlige uçran ýa-da Ýazgylaryň haýsydyr bir taglymatyna düşünmeýän adamy ruhlandyryp bileris. «Ýola getirmekde» Hudaýyň Sözi ulanylsa, bu Ýehowanyň halkyna köp bereketleri getirýär.

«DOGRULYKDA TERBIÝELEMEK ÜÇIN PEÝDALY»

17. Biz «terbiýäni» näme üçin minnetdarlyk bilen kabul etmeli?

17 «Her hili terbiýe edilmek öňürti şatlykly zat däl-de, gaýgyly zat bolup görünýändir. Ýöne bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir» (Ýew. 12:11). Ýetişen mesihçileriň köpüsi Ýehowa gulluk edýän ene-atalarynyň «dogrulykda terbiýeländigi» olara ýardam edendigi bilen razylaşýarlar. Şeýle-de Ýehowanyň ýygnak ýaşululary arkaly berýän «terbiýesini» kabul etsek, bu bize ýaşaýyş ýolunda galmaga kömek edýär (Sül. tym. 4:13).

18, 19. a) Süleýmanyň tymsallary 18:13-däki maslahat «dogrulykda terbiýelemekde» näme üçin ähmiýetli? b) Ýaşulular günä eden mesihçi bilen özüni ýumşaklyk we söýgi bilen alyp baranda, bu köplenç nähili netije berýär?

18 Ökdelik bilen «terbiýelemek» ussatlygy talap edýär. Ýehowa gullukçylaryna muny «dogrulykda» etmegi tabşyrdy (2 Tim. 3:16). Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri görkezme hökmünde ulanmaly. Şeýle prinsipleriň birisi Süleýmanyň tymsallary 18:13-de bar. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr, utançdyr». Ýaşulular agyr günä eden mesihçi bilen gürrüňdeş bolanynda, olar bu mesele babatda ähli maglumatlary toplamaly (Kan. tag. 13:14). Diňe şonda olar «dogrulykda» terbiýeläp bilerler?

19 Şeýle-de Hudaýyň Sözi mesihçi ýaşululara başgalara düzediş berende, muny «ýumşaklyk bilen» etmegi tabşyrýar (2 Timoteos 2:24—26-njy aýatlary okaň). Dogry, kimdir biri eden işi bilen Ýehowanyň adyna ysnat getirmegi we bigünä adamlara zyýan etmegi mümkin. Emma ýaşuly dogan şeýle adama gahar bilen maslahat berse, bu günä edene hiç hili peýda getirmez. Şeýle ýagdaýda ýaşulular Hudaýyň «ýagşylygyna» eýerseler, olar günä edeni toba etmäge höweslendirip bilerler (Rim. 2:4).

20. Ata-eneler çagalaryny terbiýelände nähili prinsipleri ulanmaly?

20 Ata-eneler çagalaryny «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen» ýetişdirip biler ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini ulanmaly (Efes. 6:4). Eger atasy öz oglunyň nädogry hereket edendigini eşitse, oňa şol bada temmi bermekden ägä bolmaly, ýagny ata ilki ähli bolan zatlary anyklamaly. Mesihçi maşgalasynda gahar-gazaba asla ýol bermeli däl. «Reb köp şepagatly hem rehimdardyr», şol sebäpli terbiýe berýän ata-eneler hem Ýehowadan görelde alyp, çagalaryna söýgä esaslanan häsiýetleri bildirmeli (Ýakup 5:11).

ÝEHOWANYŇ AJAÝYP SOWGADY

21, 22. Zebur 119:97—104-nji aýatlar seniň Ýehowanyň Sözüne bolan garaýşyňy nädip görkezýär?

21 Geçmişde hudaýhon bir adam näme üçin Ýehowanyň kanunyny söýýändigini aýdypdy (Zebur 119:97—104-nji aýatlary okaň). Ol adam kanuny öwrenip, akyldarlyk, düşgürlik we düşünje gazandy. Kanunyň maslahatlaryna eýerip, ol başgalara ýüregagyry saljak erbet ýollardan gaça durup bildi. Ýazgylary öwrenmek oňa şatlyk we kanagat getirýärdi. Ol Hudaýyň görkezmelerine gulak asmagy ýüregine düwüpdi. Bu-da oňa durmuşda köp bereketler getirdi.

22 Sen «Ýazgylary» gymmat saýýarmyň? Sen onuň kömegi bilen Hudaýyň öz wadalaryny ýerine ýetirjekdigine imanyňy berkidersiň. Ondaky ylhamlanan maslahatlar seni günäniň eltýän howply netijesinden gorar. Şeýle-de ondaky hakykaty ökdelik bilen düşündirseň, sen başgalara ýaşaýyş ýoluny tapyp, onda hemişelik galmaga kömek edip bilersiň. Geliň, «Ýazgylary» doly ulanyp, akyldar we söýýän Hudaýymyz Ýehowa gulluk edeliň.

a «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» (rus.) atly kitabyň 79-njy sahypasyna seret.

b Isa-da tälim berende, köplenç: «Siz näme diýýärsiňiz?» diýip soraýardy. Soňra ol jogap berilmegine garaşýardy (Mat. 18:12; 21:28; 22:42).

c Pawlus ýazan hatlarynda günäli häsiýetleri ýeňmek barada köp agzaýar (Rim. 6:12; Gal. 5:16—18). Diýmek, ol başgalara beren maslahatlaryny özi-de ulanandyr diýse bolar (Rim. 2:21).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş