Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/4 sah. 3—6
  • Olar Meksikada höwes bilen gulluk edýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Olar Meksikada höwes bilen gulluk edýärler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «BIZ ÖZGERIŞLIK ETMELIDIGINE DÜŞÜNDIK»
  • «DURMUŞYMYZDA BOLAN IŇ GOWY ÖZGERIŞLIK»
  • MÜŇLERÇE WAGYZÇYLARY NÄME HÖWESLENDIRÝÄR?
  • KYNÇYLYKLARA NÄDIP HÖTDE GELMELI
  • ÖZÜŇI TAÝÝARLAMAGYŇ USULY
  • Olar höwes bilen gulluk edýärler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Olar höwes bilen gulluk edýärler — Taýwan
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Olar Filippinde höwes bilen gulluk edýärler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/4 sah. 3—6

Olar Meksikada höwes bilen gulluk edýärler

KÖPRÄK wagyz etmek üçin durmuşyny ýönekeýleşdirýän ýaş Güwäçileriň köpelýändigini görmek diýseň göwnüňi göterýär! (Mat. 6:22). Olar durmuşynda nähili özgerişlikleri edýärler? Nähili kynçylyklara duş gelýärler? Muny bilmek üçin, geliň, Meksikada gulluk edýän käbir dogan-uýalar bilen tanşalyň.

«BIZ ÖZGERIŞLIK ETMELIDIGINE DÜŞÜNDIK»

ABŞ-ly Dastin we Jasa 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda durmuş gurdular. Şondan kän wagt geçmänkä, olar ýyllar boýy edip gelýän arzuwyna ýetdiler, ýagny gämi satyn aldylar. Bu gämide bir ýyllap ýaşadylar. Haçanda olar gämili Origon ştatynyň Astoriýa şäherine gelip düşenlerinde, olaryň tokaý gurşap alan gözel şähere we gara bürenip ýatan daglara gözleri düşdi. Bu ýer Ýuwaş okeandan gaty uzakda däldi. Dastin şeýle diýýär: «Daş-töwerekdäki görýän zatlarymyz diýseň göwnüňi göterýärdi!» Bu çatynjalar Ýehowa bil baglaýandyrys we ýönekeý durmuş alyp barýandyrys öýdýärdi. Olar şeýle pikir edýärdi: «Biz göwrümi takmynan 8 metr bolan gämide ýaşaýarys, ýarym gün işleýäris, başga dilde geçýän ýygnaga gatnaşýarys we wagtal-wagtal kömekçi pioner bolup gulluk edýäris». Emma biraz wagtdan, olar öz-özlerini aldap ýörendiklerine düşündiler. Dastin şeýle diýýär: «Biz ýygnaga kömek etmegiň deregine, köp wagtymyzy gämini bejermek üçin sarp edýärdik. Emma Ýehowany durmuşymyzda ilkinji orunda goýmak üçin, biz özgerişlik etmelidigine düşündik».

Jasa şeýle diýýär: «Durmuşa çykmankam, men Meksikada ýaşaýardym we iňlis ýygnakda gulluk edýärdim. Men ol ýerde wagyz etmegi örän gowy görýärdim we şol ýere dolanasym gelýärdi». Dastin bilen Jasa başga ýurtda wagyz etmäge bolan islegini artdyrmak üçin maşgala okuwynda başga ýurda göçen we «oraga taýýar» meýdanda işlemekden şatlyk tapan dogan-uýalaryň terjimehallaryny okap başladylar (Ýahýa 4:35). Dastin şeýle gürrüň berýär: «Biz hem şol dogan-uýalarda bolan şatlygy duýmak isledik». Haçanda olar Meksikadaky dostlaryndan täze toparyň dörändigini we onuň kömege mätäçdigini eşidenlerinde, Dastin we Jasa şol ýere gitmegi ýüregine düwdüler. Olar işinden çykdylar we gämisini satyp, Meksika göçdüler.

«DURMUŞYMYZDA BOLAN IŇ GOWY ÖZGERIŞLIK»

Dastin bilen Jasa Meksikanyň Kolima ştatynda ýerleşýän Takoman şäherine göçüp bardylar. Bu şäher Ýuwaş okeana golaý, ýöne Astoriýadan 4 345 km günortada ýerleşýär. Dastin şeýle diýýär: «Salkyn şemala we daglyk ýerlere derek, indi bizi yssy howa we seredeniňde aňyrsy görünmeýän limon agaçlary gurşap alýar». Ilkibada, olar iş tapyp bilmeýärdiler. Pul ýetmezçiligi sebäpli, olar günde iki gezek diňe tüwi we noýba iýýärdiler. Şeýle ýagdaý ençeme hepde dowam etdi. Jasa şeýle gürrüň berýär: «Emma ýagdaýymyz çekip çydardan erbetleşende, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlar bize mango, banan, papaýýa (tropiki agajyň miwesi) we elbetde, paketleri limondan dolduryp getirýärdiler». Wagtyň geçmegi bilen bu çatynjalar Taýwanyň dil öwredilýän mekdebinde iş tapdylar. Olaryň gazanýan puly indi gündeki zerurlyklaryna ýetýärdi.

Dastin bilen Jasa täze durmuşy barada näme pikir edýärdiler? Olar şeýle gürrüň berýär: «Başga ýurda göçmegimiz biziň durmuşymyzda bolan iň gowy özgerişlik boldy. Biz Ýehowa we biri-birimize öňküden-de has ýakynlaşdyk. Biz her gün köp işleri bile edýäris, ýagny wagza gidýäris, okuw geçýänlere nädip kömek etmelidigini ara alyp maslahatlaşýarys we duşuşyklara taýýarlanýarys. Şeýle-de biz indi geçmişde duş gelen kynçylyklardan azat bolduk. Häzir biz Zebur 34:8-däki: «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň!» diýen sözleriň hakykatdygyna doly göz ýetirdik».

MÜŇLERÇE WAGYZÇYLARY NÄME HÖWESLENDIRÝÄR?

20 we 30 ýaşlaryndaky durmuş guran we gurmadyk dogan-uýalaryň 2 900-den gowragy Meksikanyň ençeme etraplaryna göçüp bardylar. Ol ýerde entegem wagyzçylar ýetmezçilik edýär. Bu Güwäçileri şeýle kyn özgerişlikleri etmäge näme höweslendirdikä? Şol dogan-uýalaryň käbirine bu soragy berenlerinde, olar munuň üç sany sebäbini aýtdylar. Nähili sebäpler?

Ýehowa hem-de adamlara bolan söýgi. Letisiýa 18 ýaşynda suwda çokundyrylypdy. Ol şeýle diýýär: «Men özümi Ýehowa bagyş edenimde, Oňa bütin ýüregim hem-de janym bilen gulluk etmelidigime düşünýärdim. Şol sebäpli, Ýehowany ýürekden söýýändigimi görkezmek üçin, men köp wagtymy we güýjümi wagza sarp etmek isledim» (Mar. 12:30). Letisiýanyň ýoldaşy Hermilo wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp gidende 20 ýaşlaryndady. Ol şeýle gürrüň berýär: «Adamlary söýýändigimi görkezmek üçin, olara ruhy taýdan kömek etmelidigime düşündim» (Mar. 12:31). Hermilo Monterreý atly gülläp ösen şäherde bank işgäridi we amatly şertlerde ýaşaýardy. Emma ol ähli zady goýup, kiçijik şähere göçdi.

Hakyky we yzy üzülmeýän şatlyk. Letisiýa çokundyrylanyndan köp wagt geçmänkä tejribeli pioner uýa bilen bir aýlyk çet ýerdäki şäherçä wagyz etmäge gidýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men diýseň haýran galypdym. Adamlaryň Patyşalyk baradaky hoş habara gowy seslenýändigini görmek, maňa köp-köp şatlyk getirdi. Aýyň ahyrynda men özüme: „Ine, durmuşymda tüýs maňa gerek zat!“» diýdim. 20 ýaşlaryndaky durmuşa çykmadyk Eşli atly uýany-da şeýle gulluga başlamaga başgalarda gören şatlygy höweslendirdi. Mekdepde okaýan döwri, ol wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän birnäçe yhlasly Güwäçiler bilen tanyşýar. Ol şeýle diýýär: «Bu dogan-uýalaryň ýüzlerindäki şatlygy görüp, menem şeýle duýgyny başdan geçirmek isledim». Başga-da köp uýalar Eşli ýaly pikirdedi. Aslynda, Meksikada häzir 680-den gowrak durmuşa çykmadyk uýalar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerinde gulluk edýärler. Hem ýaşlar, hem gartaşanlar üçin, gör, nähili ajaýyp görelde!

Manyly we kanagatlandyryjy durmuş. Orta mekdebi tamamlandan soň, Eşlä uniwersitetde okamagy teklip etdiler. Onuň deň-duşlary bu teklibi kabul etmäge we «amatly ýaşaýşa» kowalaşmaga, ýagny ýokary bilim almaga, wezipä dyrjaşmaga, maşyn edinmäge we syýahat etmäge höweslendirýärdiler. Ýöne ol bu maslahatlara eýermedi. Eşli şeýle diýýär: «Bu zatlara meniň käbir mesihçi dostlarym hem dyrjaşýardy. Şol sebäpli men olaryň ruhy maksatlary indi birinji orunda goýmaýandyklaryna göz ýetirdim. Şeýle-de olaryň dünýäniň işlerine näçe köp gatyşdygyça, şonça-da köp kynçylyklara uçraýandyklaryny gördüm. Şonuň üçin men öz ýaşlygymy Ýehowa doly gulluk edip geçiresim geldi».

Eşli pioner bolup gulluk edende, özüni maddy taýdan üpjün edip biler ýaly kär edinmek üçin käbir okuw kurslaryna ýazyldy. Ol hatda otomi we tlapaneko taýpalarynyň dillerini öwrenmäge başlady. Häzir ol çet ýerlerde üç ýyl bäri gulluk edýär we şol ýerlerde geçiren ýyllaryna ser salyp, şeýle diýýär: «Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmeklik meniň durmuşymy hakykatdan-da manyly etdi hem-de kanagatlandyrdy. Iň wajyby-da, bu meniň Ýehowa bilen dostlugymy has berkitdi». ABŞ-dan gelen 30 ýaşlaryndaky Filip we onuň aýaly Reýçel Eşlini makullap, şeýle diýýärler: «Dünýäniň ýagdaýy şeýle çalt üýtgeýär welin, köp adamlar öz durmuşynyň birden-kä bozulmagyndan gorkup ýaşaýarlar. Emma hoş habara köp adamlaryň seslenýän ýerinde gulluk etmeklik biziň durmuşymyzy manyly etdi. Bu bizi diýseň begendirýär!»

KYNÇYLYKLARA NÄDIP HÖTDE GELMELI

Elbetde, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmegiň hem öz kynçylyklary bolýar. Olaryň birisi — özüňi maddy taýdan üpjün etmek. Munuň üçin öz durmuşyňy ýerli ýagdaýa görä üýtgetmäge taýyn bolmaly. Weronika atly tejribeli pioner şeýle düşündirýär: «Öň çet etrabyň birinde gulluk edýärkäm, men arzan bahaly we çalt bişýän tagamlary taýýarlap satýardym. Başga ýere göçenimde welin, egin eşik satýardym we saç bejermek bilen gazanç edýärdim. Häzir bolsa, adamlaryň öýüni arassalap berýärin hem-de ýaňy-ýakynda ata-ene bolanlara çagalary bilen özlerini nähili alyp barmalydygyny öwredýärin».

Çet ýerlerde ýaşaýan adamlaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna öwrenişmek hem örän kyn bolmagy mümkin. Nauatl dilinde gepleýän adamlaryň arasynda gulluk edýän Filip bilen Reýçel hem şeýle ýagdaýa düşüpdiler. Filip şeýle diýýär: «Bu adamlaryň medeniýeti biziňkiden gaty tapawutlanýardy». Olara öwrenişmäge näme kömek etdi? Filip sözüni şeýle dowam edýär: «Biz nauatl halkynyň gowy taraplaryna üns berýärdik: olaryň maşgalalary biri-birine ysnyşykly, biri-biri bilen mähirli we jomartdy». Reýçel onuň sözüne goşulyp, şeýle diýýär: «Biz dogan-uýalar bilen bilelikde bu adamlaryň arasynda ýaşap we gulluk edip, köp zatlary öwrendik».

ÖZÜŇI TAÝÝARLAMAGYŇ USULY

Eger sen çet ýerlerde, ýagny wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerinde gulluk etmek isleseň, özüňi häzirden nädip taýýarlap bilersiň? Şol ýerlerde gulluk edýän tejribeli dogan-uýalar şeýle diýýär: «Göçmezden öň, durmuşyňy ýönekeýleşdirip başla we baryňa kaýyl bolmagy öwren» (Flp. 4:11, 12). Ýene-de näme etse bolar? Letisiýa şeýle diýýär: «Men bir ýerde uzak wagtlap işlemegi talap edýän işlerden gaça durýardym. Wagyz etmäge haçan we nirä göçüp gitmeli bolaýanda, hiç zat päsgel bermezligini isleýärdim». Harmilo şeýle gürrüň berýär: «Men bişir-düşür etmegi, egin-eşik ýuwmagy we olary ütüklemegi öwrendim». Weronika şeýle ýatlaýar: «Men enem-atam we jigi-doganlarym bilen ýaşaýarkam, arassaçylyk işlerini etmegi we arzan, ýöne peýdaly naharlary bişirmegi, şeýle-de pul süýşürmegi öwrendim».

Sekiz ýyl mundan öň durmuş guran ABŞ-ly Lewi bilen Amelia Meksikada gulluk etmäge taýýarlyk görenlerinde, Ýehowa anyk bir zat barada doga edendiklerini gürrüň berýärler. Lewi şeýle diýýär: «Biz daşary ýurtda bir ýyl gulluk etmek üçin näçe puluň gerek boljakdygyny hasapladyk we dogada Ýehowanyň diňe şol puly gazanmaga kömek etmegini haýyş etdik». Bir aýyň içinde olar dogada agzan puluny gazandylar we haýal etmän hereket etdiler. Lewi şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa biziň aýdan anyk haýyşymyzy bitirdi, indi bolsa, gezek biziňkidi». Onuň sözüne goşulyp, Amelia şeýle diýýär: «Biz bu ýerde diňe bir ýyl bolup bileris öýdüpdik, emma biziň göçüp gelenimize eýýäm ýedi ýyl boldy. Biz häzir bu ýerden gitmegiň pikirini-de etmeýäris! Bu ýerde ýaşap, biz Ýehowanyň hut Öz kömegini duýýarys. Biz her gün Onuň bize edýän ýagşylyklaryny görýäris».

ABŞ-ly Adam we Jennifer atly är-aýal hem doga etmegiň wajypdygyny aýdýarlar. Häzir olar Meksikada iňlis ýygnakda gulluk edýärler. Olar şeýle maslahat berýär: «Ýagdaýlaryňyz has amatly bolýança garaşmaň. Başga ýurtda gulluk etmek isleýändigiňiz barada hemişe doga ediň we şoňa görä hereket ediň. Durmuşyňyzy ýönekeýleşdiriň we haýsy ýerde gulluk etmek isleýän bolsaňyz, şol ýurduň filialyna hat ýazyň. Şondan soň, ediljek çykdajylary hasaplap, göçüp bilersiňiz».a Eger şeýle etseňiz, siziň durmuşyňyz gyzykly we ruhy bereketlere baý bolar.

a Köpräk maglumaty bilmek üçin 2011-nji ýylyň awgust aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» «Siz Makedoniýa gelip bilermisiňiz?» atly makalasyna serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş