Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/4 sah. 17—21
  • Demirgazyk polýar hatarynyň golaýynda elli ýyllap doly wagtly gullukda

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Demirgazyk polýar hatarynyň golaýynda elli ýyllap doly wagtly gullukda
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PIONER GULLUGYNA BAŞLAÝARYS
  • AGYR ŞERTLERDE
  • WAGYZ GULLUGYMYZYŇ BEREKETLERI
  • ENTEGEM YHLASLY GULLUK EDÝÄRIS
  • Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary goldalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Pioner gullugy Hudaý bilen dostlugyňy berkidýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/4 sah. 17—21

TERJIMEHAL

Demirgazyk polýar hatarynyň golaýynda elli ýyllap doly wagtly gullukda

Aili we Annikki Mattila gürrüň berdi

Biz pioner bolup gulluk edýän joramyza: «Saňa pioner bolmak gaty aňsat. Sebäbi seniň ata-eneň ikisi-de hakykatda, olar seni goldap bilýär» diýdik. Emma ol: «Diýýäniň näme?! Biziň hemmämiziň Atamyz bir ahyryn» diýip jogap berdi. Onuň beren jogaby bize wajyp zady öwretdi: biziň gökdäki Atamyz gullukçylarynyň aladasyny edýär we olara güýç berýär. Hakykatdanam, biziň başdan geçirenlerimiz bu sözleriň dogrudygyny tassyklaýar.

BIZ Finlýandiýanyň Ostrobotniýa şäheriniň demirgazygynda on çagaly fermaçylar maşgalasynda doguldyk. Biziň çagalyk döwrümiz Ikinji Jahan urşunyň zarbyna duçar boldy. Öýümiz uruş bolýan ýerden ýüzlerçe kilometr uzakda bolsa-da, ol bizde özüniň awuly tagmasyny galdyrdy. Haçanda golaýrakda ýerleşýän Oulu we Kalaýoki şäherlerini bombalanlarynda, biz gijesine asmanyň otdan ýaňa gyzyl şöhle saçýanyny görüpdik. Ene-atamyz bize, ýagny çagalara asmanda harby uçarlary gören badymyza çaltrak gizlenmelidigimizi ündeýärdiler. Haçanda biziň iň uly doganymyz Tauno adalatsyzlygyň bolmajak wagty we ýer ýüzündäki Jennet barada gürrüň berende, onuň sözleri biziň ýüregimizde güýçli täsir galdyrdy.

Tauno Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň (häzir Ýehowanyň Güwäçileri) edebiýatlaryndan hakykaty öwrenip başlanynda, on dört ýaşyndady. Ikinji Jahan urşy başlanda, ol Mukaddes Ýazgylar esasynda terbiýelenen ynsabyna garşy gitmez ýaly harby gullugyna gitmekden ýüz öwürdi. Şol sebäpli ony türmä basdylar. Ol ýerde oňa gaty ýowuz daraşdylar. Bu bolsa, gaýtam, onuň Ýehowa gulluk etmek islegini güýçlendirdi we ol azatlyga çykanda wagza has yhlasly ýapyşdy. Doganymyzyň ajaýyp göreldesi bizi Güwäçileriň goňşy obada geçýän ýygnagyna gitmäge höweslendirdi. Ýol çykdajylary üçin pul süýşürmek aňsat bolmasa-da, biz kongreslere-de gidýärdik. Biz sogan ekýärdik, ir-iýmişleri ýygnaýardyk hem-de goňşularymyz üçin egin-eşik dikýärdik. Fermada işimiz gaty köp bolandygy sebäpli, biz kongreslere köplenç bile gidip bilmeýärdik. Şol sebäpli biz gezekleşýärdik.

Ýehowa we onuň niýetleri baradaky bilim biziň Hudaýa bolan söýgimizi diýseň artdyrdy. Bu-da bizi Oňa öz durmuşymyzy bagyş etmäge höweslendirdi. 1947-nji ýylda biziň ikimizem suwda çokundyryldyk (Annikki 15, Aili 17 ýaşynda). Biziň aýal doganymyz Saimi hem şol ýyl suwda çokundyrylypdy. Şeýle-de biz durmuşa çykan aýal doganymyz Linnea bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başladyk. Ol hem tutuş maşgalasy bilen Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Suwda çokundyrylanymyzdan soň, biz wagtal-wagtal kömekçi pioner bolup gulluk etmegi maksat edindik.

PIONER GULLUGYNA BAŞLAÝARYS

1955-nji ýylda biz Kemi şäherine, ýagny demirgazyga tarap göçdük. Ikimizem uzakly gün işlesek-de, pioner bolmak isleýärdik, ýöne özümizi maddy taýdan üpjün edip bilmeris öýdüp gorkýardyk. Şol sebäpli biz ilki bilen biraz pul toplamaly diýip pikir etdik. Anha, şonda biz başda agzalan pioner uýamyz bilen gürrüňdeş bolupdyk. Şol gürrüňdeşlik bize pioner bolup gulluk etmekligiň öz maddy ýagdaýyňa ýa-da maşgalaň tarapdan edilýän kömege bagly däldigine düşünmäge ýardam etdi. Hawa, gökdäki Atamyza bil baglamak biziň üçin iň wajyp zat bolmaly.

Şol wagt biziň iki aýa ýeterlik pulumyz bardy. 1957-nji ýylyň maý aýynda biz Demirgazyk polýar hataryndan ýokarda ýerleşýän Laplandiýanyň Pello şäherinde ýaýdana-ýaýdana iki aýlyk pioner bolup gulluk etmek üçin arza ýazdyk. Iki aý geçensoň, biziň henizem gerek zatlarymyz bardy, şonuň üçin biz ýene-de iki aýlyk arza ýazdyk. Bu iki aý hem geçdi, emma biziň pulumyzyň hemmesi öňküsi ýaly durdy. Şonda Ýehowanyň biziň aladamyzy etjekdigine doly ynanypdyk. Biz 50 ýyldan bäri doly wagtly gullukçy, ýagny pioner bolup gulluk edýäris, emma biziň entegem pulumyz bar! Geçen ýyllara ser salanymyzda, göräýmäge, Ýehowa elimizden tutup, bize: «Gorkmaň, ýardam ederin» diýen ýaly duýýarys (Iş. 41:13).

Biz 50 ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýäris, emma biziň entegem pulumyz bar!

1958-nji ýylda etrap gözegçimiz bize Laplandiýanyň Sodankýulýa şäherinde ýörite pioner bolup gulluk etmegi teklip etdi. Şol wagt ol ýerde bary-ýogy bir Güwäçi uýamyz bardy. Ol hakykaty gaty üýtgeşik ýol bilen eşidipdir. Onuň ogly synpdaşlary bilen Finlýandiýanyň paýtagty bolan Helsinki şäherine gezelenje gidipdir. Olar şäherde topar bolup aýlanyp ýörkäler, bir gartaşan uýamyz iň yzda gelýän şol oglana «Garawul diňi» žurnalyny uzadyp, şuny ejeňe ber diýip haýyş edipdir. Ol oglan hem şeýle etdi. Şonda onuň ejesi hakykaty şol bada kabul etdi.

Biz agaç zawodyň ýokarky gatynda ýerleşýän otagy kireýne aldyk. Ol ýerde ýygnaklary geçirýärdik. Ilkibaşda duşuşyga diňe biziň ikimiz we ýerli uýamyz bilen onuň gyzy gatnaşýardy. Biz geçilmeli temalary ýöne bir okap geçýärdik. Birnäçe wagtdan soňra, Güwäçiler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen bir adam agaç zawodyna işlemäge geldi. Ol we onuň maşgalasy biziň ýygnagymyza gatnaşyp başlady. Wagtyň geçmegi bilen onuň hem özi, hem aýaly suwda çokundyryldy. Indi bu dogan ol ýerde duşuşygy özi alyp barýardy. Şeýle-de zawodda işleýän käbir adamlar hem duşuşyga gelip başladylar we Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty kabul etdiler. Birki ýyldan biziň toparymyz ösüp, ýygnaga öwrüldi.

AGYR ŞERTLERDE

Adamlara wagyz etmek üçin biz uzak aralygy sökmeli bolýardyk. Bize degişli territoriýadaky adamlara wagyz etmek üçin tomus aýlary pyýada, tigirli, hatda gaýykly hem giderdik. Esasanam, bize tigriň has uly kömegi degýärdi. Kongreslere we ýüzlerçe kilometr uzakda ýaşaýan ene-atamyzy görmäge gidenimizde hem tigirli gidýärdik. Gyşyna bolsa, oba ýerine gitmek üçin her gün irden gatnaýan awtobusa münýärdik we ol ýerde öýme-öý wagyz edýärdik. Biz bir obany tutuş aýlanyp çykanymyzdan soňra, başga oba rowana bolýardyk. Ýerde ýatan gar galyň bolan ýagdaýynda, ýoly tapmak aňsat düşmeýärdi. Eger kimdir biri bizden öň atly arabasy bilen geçip, garyň üstünde yz galdyran bolsa, onda ýöremek biraz aňsatlaşýardy. Emma käwagt täze ýagýan gar şol galdyrylan yzlary ýene-de ýapýardy. Güýz paslynyň başynda bolsa, gar ýumşak we çyg bolýandygy sebäpli ýoldan ýöremek diýseň kynlaşýardy.

Garly hem-de doňakçylyk günler bize galyň geýinmegi öwretdi. Biz uzyn ýüň jorap, iki-üç gat ýönekeý jorap, hem-de uzyn gonçly ädik geýerdik. Emma şonda-da biziň ädiklerimiz köplenç gardan dolardy. Haýsydyr bir öýüň basgançagynyň ýanyna baranymyzda, ädiklerimizi çykaryp, gary kakyp aýrardyk. Uzyn gyş paltomyzyň aşagy garda sürenip öl bolardy we sowukdan ýaňa daş ýaly gatardy. Bir aýal bize: «Şeýle gazaply howa garamazdan aýlanýan bolsaňyz, diýmek, siziň imanyňyz güýçli bolmaly» diýdi. Şol öýe çenli biz 11 km ýöräpdik.

Ýol uzak bolandygy sebäpli, biz köplenç ýerli ýaşaýjylaryň öýünde ýatymlaýyn galýardyk. Gün ýaşyberende biz adamlardan myhman bolmaga ýer sorap başlaýardyk. Adamlaryň öýleri sada bolsa-da, olar mähirli hem myhmansöýerdi. Olar bize diňe bir ýatmaga ýer bermek bilen çäklenmän, eýsem, çaý-çörek hem hödür ederdiler. Biz köplenç demirgazyk sugunynyň, losyň (suguna meňzeş haýwan), hatda aýynyň derisini düşek hökmünde ulanýardyk. Kämahal biz gowrak şertlerde-de ýatyp-turýardyk. Mysal üçin, uly öýde ýaşaýan bir aýal bizi öýüniň ýokarky gatyndaky myhman otagynda ýerleşdirdi. Ol ýerde biz akja prostynly owadan krowatda ýatypdyk. Biz ençeme gezek adamlar bilen Mukaddes Ýazgylardaky hakykat barada giç agşama çenli gürrüň ederdik. Bir gezek bir är-aýal öz öýüniň bir çetinde, biz bolsa, beýleki çetinde ýatypdyk. Ol är-aýal bize yzly-yzyna sorag baryny berýärdiler. Biz bolsa olar bilen Mukaddes Ýazgylar esasynda gün ýaşyp, daň atynça gürrüňdeş bolupdyk.

WAGYZ GULLUGYMYZYŇ BEREKETLERI

Laplandiýa örän owadan şäher we onuň her paslynyň öz owadanlygy bar. Ýöne, her näme diýseňem, Ýehowa hakda bilim alýan adamlar biziň üçin hasam owadandy. Biziň wagyz eden akýürekli adamlarymyzyň arasynda Laplandiýadaky agaç zawodyna işlemäge gelenler bardy. Käwagt, olaryň ýaşaýan darajyk öýüne kiçijik iki sany uýa bolup baranymyzda, bir topar erkek adamlara duşýardyk. Bu daýaw adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary eşidip, örän begenýärdiler we höwes bilen edebiýatlarymyzy alýardylar.

Biz köp gyzykly wakalary başdan geçirdik. Bir gün awtomenziliň sagady bäş minut öňe gidýändigi sebäpli, biz münmeli awtobusymyzdan gijä galdyk. Şonda biz başga oba gidýän awtobusa münmegi ýüregimize düwdük. Biz ol ýerde öň wagyz etmändik. Şol obada ilkinji baran öýümizde bir ýaş aýal bize: «Men size garaşyp otyrdym, ahyry geldiňizmi» diýdi. Biz öň bu ýaş aýalyň özünden uly uýasy bilen sapak geçen ekenimiz. Bu aýal şonda öz uýasyndan biz bilen duşurmagyny haýyş edipdir. Emma bu habar bize gelip ýetmändir. Indi bolsa, biz bu ýaş aýal we onuň dogan-garyndaşlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladyk. Şondan köp wagt geçmänkä, biz olaryň hemmesi, ýagny on iki adam bilen bilelikde Mukaddes Ýazgylar okuwyny bir adam bilen geçýän ýaly geçip başladyk. Şondan bäri ol maşgalanyň köp agzalary Ýehowanyň Güwäçileri boldular.

1965-nji ýylda bizi häzirki gulluk edýän ýygnagymyza, ýagny Demirgazyk polýar hataryndan aşakda ýerleşýän Kuusamodaky ýygnaga bellediler. Şol wagt bu ýygnakda bary-ýogy birnäçe wagyzçy bardy. Ilkibaşda biziň täze territoriýamyzda gulluk etmek biraz kynrak bolup göründi. Adamlar gaty hudaýhondy we bize garşy ters düşünjesi bardy. Muňa garamazdan, olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylara hormat goýýardy. Bu bolsa, gürrüňdeş bolmaga gowy mümkinçilik döredýärdi. Şonuň üçin biz adamlar bilen ýuwaş-ýuwaşdan ýakyndan tanyşjak bolup jan etdik. Netijede, iki ýyl töweregi geçensoň, olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak aňsatlaşdy.

ENTEGEM YHLASLY GULLUK EDÝÄRIS

Häzir biz öňkümiz ýaly uzakly gün wagyz edip bilmeýäris, ýöne biz şonda-da wagza her gün diýen ýaly gatnaşýarys. Täze territoriýamyzda adamlara hoş habary ýaýratmak has aňsatlaşdy, sebäbi biziň ýegenimiz Ailini sürüjilik şahadatnamasyny almaga höweslendirdi. Aili bu şahadatnamany 1987-nji ýylda, 56 ýaşynda aldy. Şeýle-de bize täze salnan Patyşalyk zalyna galtaşyp duran otagda ýaşamaga mümkinçilik berip kömek etdiler.

Biziň alyp baran wagyz işimiziň gowy netijeleri berendigini görmek bize gaty köp şatlyk getirýär. Finlýandiýada pioner gullugyna başlan wagtymyz, bu ägirt uly territoriýada bary-ýogy birnäçe wagyzçy bardy. Häzir bolsa bu ýerde birnäçe ýygnak döredi. Köplenç kongreslerde käbirleri bize özüni tanyşdyryp, meni tanadyňyzmy diýip soraýardylar. Görüp otursak, olaryň käbiri entek çagaka, biz olaryň öý-içerisindäkiler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçiripdiris. Ençeme ýyllar, hatda onlarça ýyl mundan öň ekilen tohum miwesini getirdi! (1 Kor. 3:6).

2008-nji ýylda ýörite pioner gullugyna başlanymyza tegelek 50 ýyl boldy. Şeýle gymmatly gullugy taşlamaz ýaly güýç beren Ýehowa biz örän minnetdar. Ýaşaýşymyz ýönekeý bolsa-da, biz hiç haçan hiç zada mätäç bolmandyk (Zeb. 23:1). Pioner gullugyna başlan wagtymyz ýaýdanjyrap durmagymyz, gör, nähili ýerliksiz bolupdyr! Ýehowa bizi ähli ýyllaryň dowamynda Işaýa 41:10-da beren wadasyna görä berkidýärdi: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş