Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/5 sah. 24—25
  • Näme üçin durmuşymyz manyly boldy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin durmuşymyz manyly boldy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • ÝEHOWA «PENAMYZ BOLDY»
  • DURMUŞYMYZ MANYLY BOLDY
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/5 sah. 24—25

TERJIMEHAL

Näme üçin durmuşymyz manyly boldy?

Patrişa Smit gürrüň berdi

MEN 1958-nji ýylda oglum Gari doglandan soň, biraz wagtdan onuň bir kemçiliginiň bardygyny duýdum. On aýdan lukmanlar oglumda bäş ýyldan gowrak öň Londonda spesialistleriň anyklan keselini tapdylar. Gari doglandan dokuz ýyl geçensoň gyzym Luiz dünýä inende, gynandym. Sebäbi onuň ýagdaýy Gariniňkiden hem has agyrdy.

Lukman mähirlilik bilen: «Iki çagaňyzyň hem LMBBa keseli bar, siz muňa razy boluň» diýdi. Şol wagtlar seýrek duş gelýän genetikanyň bozulmagy barada kän bilmeýärdiler. Bu keseliň esasy alamatlary: gözüň kütelip, kör bolmak, semizlik, elde ýa-da aýakda artykmaç barmaklar, akyl taýdan yza galaklyk, hereketiň näsazlygy, süýji kesel, osteoartrit (süňkleri birikdirýän bogunlaryň zaýalanmagy), böwrek anomaliýasy (kemçiligi). Şol sebäpli çagalaryma seretmek örän kyn boldy. Soňky geçirilen barlaglara görä, köp adamlar bu keseliň ýeňil görnüşi bilen kesellese-de, Britaniýada ýaşaýan 125 müň adamyň biri şu keselden ejir çekýär.

ÝEHOWA «PENAMYZ BOLDY»

Men durmuşa çykanymdan biraz wagtdan soň, Ýehowanyň Güwäçisi bilen gürrüňdeş boldum we derrew onuň aýdýan zatlarynyň hakykatdygyna düşündim. Emma ýanýoldaşym asla gyzyklanmady. Onuň işi sebäpli biz hemişe göçüp-gonup ýöreýärdik, şonuň üçin men ýygnaga-da baryp bilmeýärdim. Muňa garamazdan, men hemişe Mukaddes Ýazgylary okaýardym we Ýehowa doga edýärdim. Men «Reb ezilýänlere pena bolar, muşakgatly çaglarda pena bolar. Adyňy bilýänler Saňa bil baglar; çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň» diýen sözleri okanymda, nähili teselli tapýardym! (Zeb. 9:9, 10).

Gariniň gözi kütelendigi sebäpli, alty ýaşynda ýörite bilim almak üçin, Angliýanyň günorta kenarynda ýerleşýän mekdep-internatyna iberdik. Ol hemişe maňa jaň edip, biynjalyk edýän zatlary barada aýdýardy, menem oňa Mukaddes Ýazgylaryň esasy prinsiplerini düşündirýärdim. Luiz doglandan soň birnäçe ýyldan, menem ýaýran skleroz (merkezi nerw sistemasynyň bozulmaklygy) we fibromialgiýa (birleşdiriji dokumalardaky myşsanyň agyrysy) bilen keselledim. Gari mekdep-internatyndan öýe gelende, 16 ýaşyndady. Emma onuň gözi öňküsinden hem kütelipdi we 1975-nji ýylda kör diýlip hasaba alyndy. 1977-nji ýylda ýanýoldaşym bizi taşlap gitdi.

Gari öýe gelenden biraz wagt geçensoň, biz ýygnagyň işlerine yhlasly gatnaşyp başladyk we men 1974-nji ýylda suwda çokundyryldym. Men ýygnagyň ýaşulusyna Gariniň ýetginjek wagty organizminde bolan özgerişlerine döz gelmäge kömek edendigine minnetdar. Başga dogan-uýalar maňa öý işlerini etmäge kömek edýärdi we iň soňy ýerli hyzmat edýän edara olaryň bäşisine öýde çagalaryma seredýändigi üçin pul töläp başlady. Bu Hudaýyň beren ak patasydy!

Gari ruhy taýdan ösüp, 1982-nji ýylda suwda çokundyryldy. Ol kömekçi pioner bolup gulluk etmegi ýüregine düwüpdi. Şonuň üçin men ony goldajak bolup, birnäçe ýyl kömekçi pioner boldum. Oglum örän şadyýandy, birnäçe ýyldan aýlanýan gözegçi ondan: «Sen pioner bolup gulluk etseň bolmazmy?» diýip sorady. Gari muňa şeýle bir ruhlandy welin, 1990-njy ýylda pioner bolup gulluk edip başlady.

Gariniň çanaklygynyň but süňki bilen birleşdirýän bognuny iki sapar, birinji gezek 1999-njy ýylda, ikinji gezek 2008 -nji ýylda operasiýa edip, çalyşdylar. Emma Luiziň ýagdaýy has hem agyrdy. Ol doglanda kördi we onuň aýagynda artyk barmagyny görenimde, onda-da LMBB sindromyň bardygyny aňdym. Birnäçe wagtdan barlag geçirilende, onuň içgi organlarynyň köpüsinde uly kemçilikleriniň bardygyny anykladylar. Birnäçe ýylyň dowamynda oňa uly operasiýalar edildi. Şol operasiýalaryň bäşisi böwrekde edilipdi. Luiz hem Gari ýaly süýji kesellidi.

Operasiýada döräp biljek kynçylyklara taýyn bolmak üçin, Luiz hirurglara, anesteziologlara we hassahananyň ýolbaşçylaryna gansyz bejeriş barada garaýşyny öňünden düşündirdi. Şeýdip, Luiz saglygyny bejerýän ähli lukmanlar bilen gowy gatnaşykda bolandygyna begenýär.

DURMUŞYMYZ MANYLY BOLDY

Biziň öýümizde Ýehowa sežde etmek üçin köp işler edilýär. Häzirki elektron enjamlary ýok wagty Gari bilen Luiza birnäçe sagatlap okap berýärdim. Häzir bolsa, CD, DVD we www.jw.org caýtdan ýazgylar arkaly islendik wagtda özbaşdak ýygnaga taýýarlyk görüp, Teokratik gulluk mekdebinde okalýan aýatlary diňläp, ýygnakda manyly jogap berip bilýäris.

Käwagt Gari berjek jogaplaryny ýat tutýardy, Teokratik gulluk mekdebinde doklad bilen çykyş edende bolsa, öz sözleri bilen aýdýar. Ol 1995-nji ýylda gulluk hyzmatçysy boldy we hemişe Patyşalyk Zalynda dogan-uýalary garşy alýar we ses berýän enjamlary gurnamaga kömek edýär.

Gariniň artrit keseli bolany üçin doganlar ony maýyp arabada wagza äkidýärler. Bir dogan oňa gyzyklanýan adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge kömek etdi. Gari 25 ýyl yhlassyz bolan bir uýany hem ruhlandyrypdy. Häzir olaryň ikisi-de ýygnak duşuşyklaryna barýarlar.

Luiz dokuz ýaşynda mamasyndan zat örmegi öwrendi. Men oňa seredýän bir uýa bilen nagyş etmegi öwretdim. Ol el işini şeýle gowy görýär welin, hatda ýygnakdaky bäbeklere we garry dogan-uýalara owadan ýorgan örüp berýär. Şeýle-de Luiz kiçijik ýelmenýän suratlardan otkrytka ýasaýar. Bu otkrytkalary alan adamlar olary aýap saklaýarlar. Luiz ýetginjek ýyllary ýazuw maşinkasynda hat ýazmagy öwrendi. Häzir ol ýörite gürleýän kompýuterde, dostlary bilen elektron poçta arkaly yzygider hat alyşýar. Luiz 17 ýaşynda suwda çokundyryldy. Biz ýörite wagyz kampaniýasynda, bile şatlyk bilen kömekçi pioner bolup gulluk edýäris. Gari ýaly Luiz hem Hudaýyň Sözündäki «körleriň gözleri... açylar» we «hiç kim: «Men syrkaw» diýmez» diýen aýatlary ýatlap, Ýehowanyň wadalaryna ynanýar (Iş. 33:24; 35:5).

Biz Ýehowanyň Sözündäki gymmatly hakykata örän minnetdar! Ýehowa yhlasly gulluk etmäge goldaýan ýygnagymyzdaky mähriban dogan-uýalarymyzyň bardygyna şükür edýäris. Aýratynam, Ýehowa durmuşymyzy manyly edendigine köp alkyş aýdýarys!

a Bu kesel genetikanyň bozulmagyny öwrenen dört lukmanyň ady bilen atlandyrylyp, Lorens-Mun-Barde-Bidl sindromy diýildi. Bu kesel köplenç çaga ene-atasyndan geçmeýär. Şu günler oňa Barde-Bidl sindromy hem diýilýär. Ony bejerip bolmaýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş