Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 9
  • Ýehowa «her gün ýükümi göterýär»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa «her gün ýükümi göterýär»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 9

Ýehowa «her gün ýükümi göterýär»

Mareta dýu Ran

Saglygymyň käte duýdansyz üýtgäp durýandygy sebäpli, çydap bolmajak ýaly görünse-de, gökdäki eziz Atamyzyň bütin ömrüme mähir bilen goldaýandygyny duýýaryn. Şeýle-de 20 ýyldan gowrak pioner bolup gulluk edýändigime örän begenýärin.

Men 1956-njy ýylda spina bifida (oňurganyň jaýrygy) keselli doguldym. Dogabitdi oňurgamyň näsazlygy sebäpli, nerw turbasy doly ýapylmandy. Nerwlere şikes ýetendigi sebäpli, maňa ýöremek kyn we bu başga-da saglygyma uly zyýan ýetirdi.

Dogulmazymdan biraz wagt öň, ejem we kakam Ýehowanyň Güwäçileri missioner är-aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlapdy. Çagakam doglan şäherim Usakosda (Namibiýa) ýek-tük wagyzçy bardy. Şol sebäpli biz ýygnak programmasyny maşgalamyz bilen geçýärdik. Ýedi ýaşymda urostoma, ýagny emeli usul bilen buşugyp biler ýaly, operasiýa boldum. 14 ýaşymda bolsa, garaguş keseline uçradym. Orta mekdep uzak bolandygy hem-de ata-enemiň kömegine mätäçdigim üçin, mekdebi doly gutaryp bilmedim.

Muňa garamazdan, men ruhy taýdan ösmegi ýüregime düwdüm. Ene dilim bolan afrikaans dilinde edebiýatlarymyz bolmandygy üçin, käbir kitaplarymyzy okap biler ýaly iňlis dilini öwrendim. Men wagyzçy bolup, 19 ýaşymda suwda çokundyryldym. Soňra dört ýyllap, keselim sebäpli köp kynçylyklara we göwnüçökgünlige uçradym. Şeýle-de şäherimizdäki adamlar biri-birini gowy tanaýandygy üçin, olardan gorkup, yhlasly wagyz edip bilmeýärdim.

Ýigrimi ýaşlarymda, biz Namibiýadan Günorta Afrika göçdük we men birinji sapar ýygnaga bardym. Şonda örän begenipdim! Emma meni ýene-de operasiýa — kolostoma, ýagny ýogyn içegämi operasiýa etdiler.

Men biraz wagt geçensoň, aýlanýan gözegçiniň pioner gullugy barada nutugyny diňledim. Onuň çykyşy ýüregime örän täsir etdi. Men saglygymyň öwerlik däldigini bilýärdim, ýöne köp kynçylyklarymda Ýehowanyň elini görüpdim. Şonuň üçin pioner bolar ýaly arza ýazdym. Emma ýaşulular saglyk ýagdaýymyň onçakly gowy däldigini göz öňünde tutup, razylyk bermäge ýaýdandylar.

Men şonda-da wagyz etmek üçin, elimde baryny etdim. Ejemiň we dogan-uýalaryň kömegi bilen alty aýdan gowrak pionerleriň sagadyny tabşyryp bildim. Şeýdip, men pioner bolup gulluk etmegimi berk ýüregime düwendigimi we saglygymyň hem ýetýändigini subut etdim. Men ýene-de arza ýazdym, bu sapar bolsa ýaşulular razy boldular. Şeýlelikde, 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda pioner gullugyna başladym.

Pioner bolup gulluk edenim bäri, Ýehowa meni hemişe goldaýar. Pioner gullugy maňa göwnüçökgün bolmazlyga we Ýehowa bilen dostlugymy berkitmäge kömek edýär. Şeýle-de birnäçe adama özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyrylmaga kömek edendigime çäksiz begenýärin.

Meniň häzirem saglyk ýagdaýym üýtgäp durýar. Emma Ýehowa «her gün ýükümi göterýär» (Zeb. 68:19). Men Ýehowanyň kömegi bilen diňe bir çydap ýaşaman, eýsem durmuşdan lezzet alyp ýaşaýaryn!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş