Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 31—32
  • Patyşa örän begendi!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşa örän begendi!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 31—32

ARHIWIMIZDEN

Patyşa örän begendi!

BU WAKA 1936-njy ýylyň awgust aýynda Swazilendiň goralýan bir patyşa obasynda bolupdy. Doganlar Robert we Jorj Nizbet sesi güýçlendirýän enjamly maşyn arkaly J. F. Ruterford doganyň nutugyny diňledenlerinden soň, aýdym goýdular. Patyşa Sobhuza II bulary eşidip, örän begendi. Jorj şeýle diýýär: «Patyşa patefony, ony seslendirýän enjamy we plastinkalary satyn almakçy boldy, şonda biz onuň haýyşyny bitirip bilmändigimiz üçin oňaýsyz ýagdaýa düşdük».

Robert ötünç sorap, olaryň satylmaýandygyny aýtdy. Näme üçin? Sebäbi olar başga biriniňkidi. Patyşa olaryň kimiňkidigini bilesi geldi.

Robert: «Bu başga bir patyşanyň zatlary» diýdi. Şonda Sobhuza: «Haýsy patyşanyňky?» diýip sorady. Robert: «Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Mesihiňki» diýip jogap berdi.

Sobhuza uly hormat bilen: «O-ho! Ol beýik Patyşa. Men onuň hiç zadyny-da, almaryn» diýdi.

Robert şeýle gürrüň berýär: «Maňa baş serdar Sobhuza patyşanyň häsiýeti örän ýarady. Ol iňlis dilini suw içen ýaly bilýärdi, öwünjeň hem, tekepbir hem däldi, örän açykdy we onuň bilen gürleşmek hem aňsatdy. Jorj daşarda aýdym aýtdyryp durka, men patyşanyň kabinetinde 45 minuda golaý bile oturyp gürleşdim.

Soňra şol güni bizi Swazi Milli mekdebine çagyrdylar. Ol ýerde örän gyzykly waka boldy. Biz mekdebiň direktoryna wagyz edenimizde, höwes bilen diňledi. Biz oňa patefon barada agzap, ýazgyny mekdebiň ähli okuwçylaryna diňletmegi teklip edenimizde, örän begendi. Ol 100-e golaý okuwçyny çagyryp, otuň üstünde oturdyp, ýazgyny diňletdi. Biz orta mekdepde oglanlara oba-hojalyk, bagbançylyk, gurluşyk işleriniň, iňlis diliniň we matematikanyň öwredilýändigini, gyzlara bolsa, şepagat uýasynyň, öý hem başga-da peýdaly işleriň öwredilýändigini aýtdyk. Soňra baş serdaryň mamasy mekdep hem gurupdy».

Mundan öň 1933-nji ýylda Sobhuza II patyşa obasyna gelen pionerleri hem höwes bilen diňläpdi. Bir sapar ol Patyşalyk baradaky hoş habaryň ýazgysyny 100 goragçysyna hem diňledipdi. Ol žurnallarymyza abuna ýazylyp, köp edebiýat aldy. Tizden ol edebiýatlarymyzyň ählisini diýen ýaly edindi! Ikinji Jahan urşy döwri Britaniýa kolonial döwleti edebiýatlarymyzy gadagan edende, Sobhuza patyşa özüniňkilerini aýap saklady.

Sobhuza II patyşa obasyndaky Lobamba köşgünde Ýehowanyň Güwäçilerini şatlyk bilen kabul edýärdi, hatda Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutugy diňlemek üçin ruhanylary hem çagyrýardy. Helwi Maşazi atly ýerli dogan nutuk bilen çykyş edip, Matta kitabynyň 23-nji babyny düşündirip durka, ruhanylar topary gaharlanyp, ýerinden böküp turup, dogany zorluk bilen oturtjak boldular. Emma patyşa Maşazi doganyň tarapyny tutup, nutugyny dowam etmegini haýyş etdi. Onsoňam, patyşa diňleýjilere nutukda Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlaryň ählisini ýazyp alyň diýdi!

Bir sapar hem dört sany ruhany pioner doganyň nutugyny diňlänsoň: «Biz indi ruhany däl-de, Ýehowanyň Güwäçisi» diýdiler. Soňra olar pioner dogandan baş serdardaky ýaly kitaplardan haýsy-da bolsa birini bermegini haýyş etdiler.

Baş serdar 1930-njy ýyllardan başlap, tä 1982-nji ýylda aradan çykýança, Ýehowanyň Guwäçilerini sylady we olary swazi däp-dessurlaryna eýermese-de yzarlamady. Şonuň üçin Ýehowanyň Güwäçileri oňa örän minnetdardy we ol aradan çykanda, gaty gynandylar.

2013-nji ýylyň başynda Swazilendde Ýehowanyň Güwäçileriniň sany 3 müňden hem geçdi. Bu ýurtda bir milliondan biraz gowrak ilat bolsa-da, her bir wagyzça 384 adam düşýär. 2012-nji ýylda 90 ýygnakda 260-dan gowrak pioner gulluk etdi we Ýatlama agşamyna 7 496 adam gatnaşdy. Bu gelejekde uly ösüşiň boljakdygyny görkezýär. 1930-njy ýyllarda başdaky edilen idegler esasynda Swazilendde hakykatyň düýbi berk tutuldy. (Günorta Afrikadaky arhiwimizden).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş