Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/9 sah. 17—21
  • Siz Hudaýyň islegine görä täzelendiňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz Hudaýyň islegine görä täzelendiňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BIZ NÄME ÜÇIN «TÄZELENMELI»?
  • «TÄZELENMEK» ÜÇIN NÄME ETMELI?
  • «TÄZELENMÄGE» NÄME KÖMEK EDÝÄR?
  • Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan islendik garaýşy inkär ediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýehowa — Beýik Küýzegär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Siz pikiriňizi täzeleýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Siz kimiň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/9 sah. 17—21

Siz Hudaýyň islegine görä täzelendiňizmi?

«Pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň». RIM. 12:2

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Mesihçiler näme üçin «täzelenmek» hakda oýlanmaly?

  • Mesihçiler nähili özgerişlikler etmeli?

  • Biz «täzelenmek» üçin näme etmeli?

1, 2. Alan terbiýämiz we daş-töweregimiz bize nähili täsir edýär?

ALAN terbiýämiz we daş-töweregimizdäki zatlar bize güýçli täsir edýär. Biz geýnişimiz, halaýan iýmitimiz we özümizi alyp barşymyz bilen bir-birimizden tapawutlanýarys. Näme üçin? Köplenç muňa biziň daş-töweregimizdäki adamlar we durmuş ýagdaýymyz sebäp bolýar.

2 Emma iýip-içmekden we egin-eşikden başga-da has wajyp zatlar bar. Meselem, bize terbiýe berlende, käbir zatlary dogry, käbir zatlary nädogry hasaplamagy öwrenýäris. Emma bu meselelerde adamlaryň garaýşy biri-birinden tapawutlanýar. Biziň ynsabymyz hem saýlaýan zatlarymyza täsir edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýär» diýilýär (Rim. 2:14). Onda belli bir mesele babatda Hudaýyň kanunynda anyk görkezme berilmedik bolsa, biz alan terbiýämize ýa-da ýaşaýan ýerimizdäki däbe görä hereket etmelimi?

3. Mesihçiler haýsy iki sebäbe görä dünýäniň garaýşyna eýermeýärler?

3 Elbetde, mesihçiler beýle etmeýärler, çünki munuň azyndan iki sebäbi bar: 1) Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýol bardyr, adamyň gözüne dogry görünýändir, onuň soňy bolsa ölüm ýollarydyr» (Sül. tym. 16:25). Biz bikämilligimiz sebäpli dogry we peýdaly ýoly saýlap bilmeýäris (Sül. tym. 28:26; Ýer. 10:23). 2) «Bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan adamlaryň garaýşyna we islegine güýçli täsir edýär (2 Kor. 4:4; 1 Ýahýa 5:19). Eger biz Ýehowanyň patasyny almak we Onuň merhemetini gazanmak islesek, onda Rimliler 12:2-däki (okaň) maslahata eýermeli.

4. Şu makalada näme barada gürrüň ederis?

4 Biz Rimliler 12:2-de agzalan wajyp pikirlere has dykgatly bolmaly. 1. Biz näme üçin «täzelenmeli»? 2. «Täzelenmek» nämäni aňladýar? 3. «Täzelenmäge» näme kömek edýär? Geliň, şu üç soraga seredeliň.

BIZ NÄME ÜÇIN «TÄZELENMELI»?

5. Pawlus Rimliler 12:2-däki maslahaty kimlere ýazdy?

5 Pawlus resulyň Rimlilere ýazan haty rim halkyna ýa-da Hudaýa iman etmeýän adamlara däl-de, mesh edilen mesihçilere degişlidi (Rim. 1:7). Ol bu hatyny takmynan b. e. 56-njy ýylynda ýazypdy. Pawlus imandaşlaryna «täzelenmegi» we «bu dünýä meňzeş bolmazlygy» ündedi. Şol döwürde Rimde ýaşan mesihçilere «bu dünýä» diýlen jümle nämäni aňladýardy? Pawlus resul bu aýatda Rim jemgyýetiniň däp-dessurlaryny, garaýşyny, edim-gylymyny we geýnişini göz öňüne tutupdy. Täze Dünýä terjimesinde Rimliler 12:2-de: «Bu dünýä meňzeş bolmagy bes ediň» diýilýär. Pawlusyň «bes ediň» diýmegi käbir mesihçileriň entegem bu dünýäniň täsirinde gezendigini görkezýär. Bu sözler şol döwürde ýaşan dogan-uýalara nähili täsir etdikä?

6, 7. Pawlus resulyň ýaşan döwründe mesihçi bolmak näme üçin kyndy?

6 Şu günler Rime syýahat edýän adamlar köne döwürden galan ybadathanalary, mazarlary, ýadygärlikleri, sahnalary, teatrlary we şuňa meňzeş zatlary görýärler. Bu ýadygärlikleriň arasynda I asyrdan galan zatlar hem bar. Olar gadymy Rimiň durmuşyny we dini garaýyşlaryny aýan edýär. Şeýle-de biz taryhy kitaplarda gladiatorlaryň (gullardan ýörite taýýarlanýan pälwanlar) söweşi, söweş arabalarynyň ýaryşy, her dürli oýunlardyr aýdym-sazlary hakda okap bilýäris. Şol oýunlaryň we aýdym-sazlaryň käbiri ahlaksyzlyk bilen hem baglydy. Rimde söwda-satuw işleri-de gülläp ösýärdi, şol sebäpli adamlarda köp zat satyn almak islegi döräp bilýärdi (Rim. 6:21; 1 Pet. 4:3, 4).

7 Rimliler öz hudaýlary üçin ençeme ybadathanalary gurdular. Emma olaryň hudaýlary bilen ýakyn gatnaşygy ýokdy. Rimlileriň dini çärelerine köplenç doglan gün, toý we ýas tutmak ýaly däp-dessurlar degişlidi. Rimde ýaşan mesihçilere, gör, nähili kyn düşendir! Olaryň köpüsi bu çärelere öň gatnaşýardylar. Emma olar hakyky mesihçi bolmak üçin durmuşyny özgertmelidiler. Olar suwda çokundyrylandan soň hem «täzelenmegi» bes etmeli däldiler.

8. Mesihçilere dünýä tarapyndan nähili howp abanýar?

8 Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylaryna dünýä tarapyndan howp abanýar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi dünýäniň ruhy bize ençeme ýollar arkaly täsir edýär (Efesliler 2:1—3; 1 Ýahýa 2:16-ny okaň). Dünýäniň höwesleri, garaýşy hem-de ahlak kadalary her gün üstümize abanyp, bize howp salýar. Görşümiz ýaly, «dünýä meňzeş bolmaň» we «täzeleniň» diýlen maslahata eýermäge ýeterlikli sebäpler bar. Eýsem, «täzelenmek» üçin biz näme etmeli?

«TÄZELENMEK» ÜÇIN NÄME ETMELI?

9. Käbirleri suwda çokundyrylmazdan öň nähili özgerişlikler etdiler?

9 Adam Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ondaky maslahatlara eýerende, ruhy taýdan ösüp başlaýar. Ol öwrenýän zatlaryna görä durmuşyny özgerdýär we ýalan dini däp-dessurlary, ýaramaz endiklerini taşlap, mesihçi häsiýetlerini ösdürýär (Efes. 4:22—24). Biz müňlerçe adamlaryň şeýle özgerişlikler edip, özüni Ýehowa bagyş edýändiklerini görüp çäksiz şatlanýarys. Elbetde, muňa Ýehowa-da begenýär (Sül. tym. 27:11). Emma biz özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men täzelenmek üçin ýeterlikli özgerişlikler etdimmi?»

10. «Täzelenmek» diýen söz nämäni aňladýar?

10 Aslynda, «täzelenmek» diýlen söz diňe bir häsiýetiňi üýtgetmelidigini aňlatmaýar. Meselem, önümiň düzümine täze zat goşulanda ýa-da onuň gaby üýtgedilende, önümiň täze görnüşi çykdy diýýärler. Ýöne ol tutuşlygyna üýtgemeýär. Bir sözlüge görä, Rimliler 12:2-däki «täzelenmek» diýlen söz mukaddes ruhuň güýji arkaly pikir taýdan özgermegi we täzelenmegi aňladýar. Diýmek, mesihçi diňe bir erbet endiklerini taşlap, hapa sözlemegini goýup we ahlaksyz durmuşyny özgerdip «täzelenmeýär». Hatda Mukaddes Ýazgylar barada hiç zat bilmeýän adamlar-da, bu zatlardan gaça durýarlar. Onda mesihçiler pikirini we garaýşyny özgerdip täzelenmek üçin näme etmeli?

11. Pawlus «täzelenmek» babatda nähili maslahat berdi?

11 Pawlus imandaşlaryna: «Pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň» diýip ýazdy. Bu aýatdaky «pikir» diýlen söz pikirlenmek ukyplaryny aňladýar. Emma Mukaddes Ýazgylara görä muňa düşünjämiz we garaýşymyz hem degişli. Pawlus Rimlilere ýazan hatynda «ýaramaz pikirde» bolan adamlary agzady. Şeýle adamlar «nädogrulyk, zyna, erbetlik, betnebislik, ýamanlyk bilen doly bolup, içigaraçylyk, adam öldürmek, jedel, mekirlik» ýaly erbet häsiýetleri bildirýärdiler (Rim. 1:28—31). Şol sebäpli-de, Pawlus şeýle adamlaryň arasynda ýaşan mesihçilere «pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň» diýip maslahat berdi.

«Her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun» (Efes. 4:31).

12. Şu günler adamlar nähili garaýşy öňe sürýärler we bu mesihçilere nähili täsir edip bilýär?

12 Gynansak-da, biz hem erbet häsiýetli adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olaryň käbiri Hudaýyň beren kanunlaryny we prinsiplerini könelişen hasaplap, olara eýermek hökman däl diýýärler. Mugallymlaryň we ata-eneleriň köpüsi ýaşlary öz isleýişlerine görä ýaşamaga höweslendirýärler. Olar nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny her kimiň özüniň çözüp bilýändigine ynanýarlar. Ýa-da ýagşy we ýamanyň arasynda näme tapawut bardygyny bilmek kyn diýýärler. Hatda hudaýhon adamlaram Hudaýyň tabşyryklaryna boýun bolman, özüniň dogry hasaplaýan zatlaryny öňe sürýärler (Zeb. 14:1). Adamlaryň şeýle garaýşy mesihçilere erbet täsir edip bilýär. Eger Ýehowanyň gullukçysy seresap bolmasa, onuň teokratik çärelere bolan garaýşy ýoýlup biler. Şeýle mesihçi ýygnagyň çärelerine höwes bilen gatnaşman, hatda özüniň göwnemeýän zatlaryna nägilelik bildirip başlamagy mümkin. Ýa-da ol göwün açmalar, Internet ulanmak we ýokary bilim almak babatda berilýän maslahatlara närazy bolmagy ähtimal.

13. Biz özümizi näme üçin çynlakaý barlamaly?

13 Diýmek, biz bu dünýäniň täsirine düşmez ýaly, garaýşymyzy, nämäni gymmat saýýandygymyzy, duýgularymyzy we maksatlarymyzy çynlakaý barlamaly. Biziň ýüregimizdäki zatlary başga adamlar görüp bilmeýär. Ähtimal, olar bizi ruhy taýdan ösýärsiň diýip öwýändirler. Emma Mukaddes Ýazgylardan öwrenýän zatlarymyzy durmuşymyzda ulanýandygymyzy we hakykatdan-da «täzelenýändigimizi» diňe özümiz görüp bilýäris (Ýakup 1:23—25-nji aýatlary okaň).

«TÄZELENMÄGE» NÄME KÖMEK EDÝÄR?

14. Bize «täzelenmäge» näme kömek edýär?

14 «Täzelenmek» diýlende adamyň içki dünýäsiniň özgermegi göz öňünde tutulýar. Diýmek, biz ýüregimiziň ýagdaýyny «täzelemeli». Bu babatda bize näme kömek edip biler? Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaýyň bizden näme talap edýändigini bilýäris. Biziň öwrenýän zatlarymyza seslenişimiz ýüregimiziň ýagdaýyny aýan edýär we «Hudaýyň... kämil islegine» laýyk nähili özgerişlikleri etmelidigine düşünmäge kömek edýär (Rim. 12:2; Ýew. 4:12).

15. Küýzegärimiz Ýehowa bizi nädip özgerdýär?

15 Işaýa 64:8-i okaňa. Işaýa pygamberiň ajaýyp deňeşdirmesi wajyp pikire ünsümizi çekýär. Küýzegärimiz Ýehowa toýny, ýagny bizi nädip owadan şekile getirýär? Elbetde, Ol bizi has owadan etmek üçin, bedenimizi özgertmeýär. Ýehowa bizi ruhy taýdan «täzeleýär». Eger biz Oňa özümizi özgertmäge ýol bersek, Ol biziň içki dünýämizi we ruhy ýagdaýymyzy täzeleýär. Bu bolsa bize dünýäniň täsirine garşy durmaga kömek edýär. Beýik Küýzegär Ýehowa toýnuň üstünden nädip işleýär?

16, 17. a) Küýzegäriň toýundan gowy gap ýasaýşyny gürrüň beriň. b) Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowanyň nazarynda gymmatly bolmaga nädip kömek edýär?

16 Küýzegär gowy gap ýasamak üçin ýokary hilli toýny ulanýar. Emma ol şonda-da iki zat etmeli bolýar: 1) toýun suw bilen hapa garyndylardan arassalanýar, 2) soňra oňa şekil bermek üçin gerekli mukdarda suw guýulýar.

17 Üns beren bolsaňyz, bu iki ýagdaýda-da toýna suw goşulýar. Suwuň toýny arassalaýşy ýaly, Hudaýyň Sözi-de bizi özgerdýär. Mukaddes Ýazgylar bize nädogry pikirlerden arassalanmaga we Hudaýyň isleýşine görä täzelenmäge kömek edýär (Efes. 5:26). Şol sebäpli-de, biz her gün Hudaýyň Sözüni okamaly. Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly, çünki olarda Mukaddes Ýazgylar öwrenilýär. Bu zatlar näme üçin wajyp? Sebäbi şeýdip, biz Ýehowa özümizi «özgertmäge» ýol berýäris (Zeb. 1:2; Res. iş. 17:11; Ýew. 10:24, 25).

18. a) Hudaýyň Sözi bizi özgerder ýaly, okan zatlarymyz barada oýlanmak näme üçin wajyp? b) Özümize nähili soraglary bersek gowy bolar?

18 «Täzelenmek» üçin Mukaddes Ýazgylary diňe okamak we öwrenmek ýeterlikli däl. Meselem, köp adamlar Mukaddes Ýazgylary kämahal okap, onda näme hakda gürrüň edilýändigini bilýärler. Ähtimal, siz şeýle adamlara wagyzda duşýansyňyz. Hatda olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny ýatdan bilýärlerb. Emma Hudaýyň Sözi olaryň durmuşyna we garaýşyna onçakly täsir etmeýär. Bu näme üçin beýlekä? Sebäbi Hudaýyň Sözi adamy özgerder ýaly, öwrenýän zatlary onuň ýüreginde kök urmaly. Munuň üçin biz öwrenýän zatlarymyz hakda oýlanmaga wagt sarp etmeli. Biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men öwrenýän zatlarymyň diňe bir dini taglymat däldigine düşünýärinmi? Olaryň hakykatdygyna göz ýetirýärinmi? Men bilýän zatlarymy başgalara öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, olary özüm hem ulanmaga çalyşýarynmy? Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylar arkaly maňa ýüzlenýändigini duýýarynmy?» Şu soraglaryň üstünde oýlansak, Ýehowa bolan söýgimiz artar. Bu bolsa kalbymyza täsir edip, gowy özgerişlikleri etmäge höweslendirer (Sül. tym. 4: 23; Luka 6:45).

19, 20. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy maslahatyna eýersek köp peýda getirer?

19 Biz Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okasak we oýlansak, Pawlus resulyň şu aýdan sözlerine eýermegimizi dowam ederis: «Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp... Hudaýy tanamagyňyz üçin täzelenen täze ýaradylyşy geýneliň» (Kol. 3:9, 10). Biz Hudaýyň Sözüne doly düşünsek, üstünlik gazanyp bileris. Şonda mesihçi häsiýetleri bizi Şeýtanyň mekir duzaklaryndan gorar.

20 Petrus resul şeýle diýdi: «Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman... ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň» (1 Pet. 1:14, 15). Biz öňki nädogry garaýşymyzy we pikirimizi aýyrmak üçin elimizde baryny edip, özümizi täzelesek, ençeme bereketler alarys. Biz bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

a Işaýa 64:8 Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.

b 1994-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 9-njy sahypasynyň 7-nji abzasynda getirilen mysala serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş