Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/1 sah. 32
  • Çagalykdan ýüregime düwdüm

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çagalykdan ýüregime düwdüm
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Medeniýetiň tapawutlanýandygy üçin iki oduň arasynda galan bolsaň näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/1 sah. 32

Çagalykdan ýüregime düwdüm

Çagakam

Çagakam

Men 1985-nji ýylda 10 ýaşymdadym. Şonda biziň Kolumbus şäherindäki (ABŞ-nyň Ogaýo ştaty) mekdebimize Kambojadan çagalar geldi. Oglanjyklaryň biri birazajyk iňlisçe gepläp bilýärdi. Ol maňa suratlar arkaly Kambojadaky uruşda adamlara zorluk edilişi, olaryň öldürilişi we gaçyşy hakda gorkunç wakalary gürrüň berdi. Şol gürrüňi ýatlap, men gijelerine aglap çykýardym. Men Kambojadan gelen çagalara ýer ýüzünde boljak Jennet hem-de direliş hakda gürrüň bermek isleýärdim, ýöne olar iňlisçä düşünmeýärdiler. Şol sebäpli men kiçi bolsam-da, kamboja dilini öwrenmegi ýüregime düwdüm. Men bu islegimiň gelejegime şeýle güýçli täsir eder öýtmändim.

Kamboja dilini öwrenmek aňsat däldi, sebäbi maňa sözlemiň gurluşyny düşündirip biljek bir adam hem ýokdy. Men iki sapar dili öwrenmegi bes etjekdim, ýöne Ýehowa ata-enem arkaly dowam etmäge höweslendirdi. Mekdep mugallymlary we synpdaşlarym girdejili kär edinmegi maslahat berýärdiler. Ýöne men pioner bolmak isleýärdim, şonuň üçinem mekdebiň soňky ýyllarynda ýarym günlük iş tapmaga kömek etjek sapaklary saýladym. Mekdepden soňra, men pionerler bilen duşuşyp, wagza çykýardym. Şeýle-de men iňlis dili boýunça sapak berýärdim. Bu bolsa maňa soň köp kömek etdi.

Men on alty ýaşymdakam, Long-Biç şäherinde (ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty) kamboja dilinde bir toparyň bardygyny eşitdim. Ata-enem bu toparyň duşuşyklaryna gatnaşmaga rugsat berdi. Men şol dogan-uýalardan kamboja dilinde okamagy öwrendim. Mekdebi gutaran badyma, men pioner gullugyna başlap, ýaşaýan ýerimizdäki kambojaly adamlara wagyz edýärdim. Men on sekiz ýaşlarymda Kamboja ýurduna göçmek barada pikirlenip başladym. Kambojanyň ýagdaýy henizem howpludy, ýöne ol ýerde 10 million adam ýaşaýardy we olaryň köpüsi hoş habary eşitmändiler. Şol wagtlar tutuş ýurtda bary-ýogy 13 wagyzçydan ybarat bolan bir ýygnak bardy. Men Kamboja ilkinji sapar 19 ýaşymda bardym; iki ýyldan soňra bolsa, ol ýere göçdüm. Men özümi eklemek üçin ýarym günlük işe girdim: terjimeçilik edýärdim we iňlisçe öwredýärdim. Wagtyň geçmegi bilen, men maksatlarymyz meňzeş bolan bir uýa öýlendim. Aýalym ikimiz ençeme kambojaly adamlara özüni Hudaýa bagyş etmäge kömek etdik.

Ýehowa meniň «ýürek arzuwlarymy hasyl etdi» (Zeb. 37:4). Men şägirt taýýarlamak işiniň iň bereketli kärdigine göz ýetirdim. Meniň Kambojada gulluk edýänime 16 ýyl boldy. Göz öňüne getiriň, on üç wagyzçydan ybarat bolan kiçijik topardan 12 sany mesihçiler ýygnagy we 4 sany daşda ýerleşýän topar peýda boldy! (Jeýson Blakuell gürrüň berdi).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş