Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/5 sah. 31—32
  • «Bu ýerde hasyl ýygymy entek köp»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Bu ýerde hasyl ýygymy entek köp»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/5 sah. 31—32

ARHIWIMIZDEN

«Bu ýerde hasyl ýygymy entek köp»

1923-nji ýylyň martynda Jorj Ýang Rio-de-Žaneýro şäherine gelýär

1923-NJI ÝYLDA San-Paulu şäheriniň drama we sazçylyk konserwatoriýasynyň konsert zalyna birgiden märeke ýygnanypdy. Jorj Ýang dogan ynamly çykyş edýärdi. Onuň nutugy sözme-söz portugal diline terjime edilýärdi. Ony 585 adam ünsli diňläp otyrdy. Mukaddes Ýazgylaryň aýatlary proýektor arkaly portugal dilinde görkezilýärdi. Bu çykyşyň soňy has hem tolgundyryjy boldy. Şonda «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!» atly kitapçanyň portugal, iňlis, nemes we italian dilinde ýüzlerçesi paýlanyldy. Nutuk örän üstünlikli boldy! Hudaýyň Sözündäki hakykat ýaýrap başlady. Şondan iki gün geçenden soň, adamlar şol zala başga bir çykyşy diňlemäge ýygnanyşdylar. Şeýle wakalaryň bolmagyna näme sebäp bolduka?

1867-nji ýylda Sara Bellona Ferguson maşgalasy bilen ABŞ-dan Braziliýa göçýär. 1899-njy ýylda Sara öz oglan jigisiniň ABŞ-dan getiren Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatyny okap, hakykaty tapandygyna düşünýär. Ol iňlis dilinde «Garawul diňi» žurnalyny almaga ýazylýar. Sara Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan hoş habara haýran galyp, Rassel doganymyza hat ýazýar. Ol ýazan hatynda adamyň nirede ýaşaýandygyna garamazdan, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty eşidip bilýändigini beýan edýär. Sebäbi munuň şeýledigini Saranyň öz durmuşy hem subut edýärdi.

«Diri adamlar ölüler bilen gepleşip bilýärlermi?» (portugal dilinde)

Sara Mukaddes Ýazgylardaky hakykat barada başgalara yhlasly gürrüň berip başlaýar. Emma ol, köplenç, Braziliýadaky ähli akýürekli adamlara, şol sanda oňa we onuň maşgalasyna uzagyndan kimiň kömek edip biljekdigi barada aladalanýar. 1912-nji ýylda Bruklindäki Beýtel kimdir biriniň San-Paulu şäherine «Ölen adamlar nirede?» diýen traktatyň ýüzlerçesini getirendigini Sara habar berýär. 1915-nji ýylda Sara Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň köpüsiniň tizden göge gitmäge garaşýandygyny okanda örän haýran galýar. Ol öz garaýşyny beýan edip şeýle ýazýar: «Braziliýa we Günorta Amerikada kim wagyz eder?... Eger siz Günorta Amerikanyň dünýäniň nähili köp bölegini eýeleýändigi barada oýlansaňyz, onda bu ýerde hasyl ýygymynyň entek köpdügine göz ýetirmek kyn bolmaz». Dogrudan-da, ol ýerde hasyl ýygymy köpdi.

1920-nji ýyllarda braziliýaly sekiz sany ýaş deňizçiler söweş üçin niýetlenen gämileri bejerilýärkä, Nýu-Ýork şäherinde ýygnak duşuşygyna gatnaşýarlar. Olar yzlaryna Rio-de-Žaneýro şäherine dolananlarynda, Mukaddes Ýazgylardan bilen zatlary barada başgalara gürrüň berýärler. Şondan biraz wagt geçensoň, 1923-nji ýylyň mart aýynda piligrim, ýagny aýlanýan gözegçi Jorj Ýang Rio-de-Žaneýro şäherine gelýär we ol ýerde gyzyklanýan adamlara duşýar. Ýang dogan gyzyklanýan adamlaryň portugal dilinde çap edilen birnäçe edebiýatlary almagynyň aladasyny edýär. Tizden Jorj Ýang 600 müň ilatly San-Paulu şäherine gidýär. Makalanyň başynda bellenilişi ýaly, ol şol şäherde nutuk bilen çykyş edýär we «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!» diýen kitapçany paýlaýar. Ýang dogan şeýle diýýär: «Meniň ýeke özüm bolandygym sebäpli, çykyş etmeli nutugymy diňe gazetler arkaly bildiriş edip bilýärdim». Ol Braziliýada Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň halkara jemgyýetiniň ýolbaşçylygynda geçirilen ilkinji nutuk boldya.

Ýang dogan nutuk bilen çykyş edende Mukaddes Ýazgylardaky aýatlar proýektor arkaly görkezilýärdi

1923-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» Braziliýa babatda şeýle hasabat berlipdi: «Bu ýerde 1-nji iýunda wagyz işine başlanymyzda, biziň hiç hili edebiýatymyz ýokdy, emma Rebbimiziň bu işi patalaýandygy aýdyň görünýärdi». Şeýle-de bu hasabatda aýdylmagyna görä, Ýang dogan San-Paulu şäherinde 1-nji iýundan 30-njy sentýabr aralygynda 2 gezek jemagat nutugy bilen çykyş etdi. Ony 3 600 adam diňledi. Jorj Ýang Braziliýada nutuk bilen jemi 21 gezek çykyş edipdi. Rio-de-Žaneýroda hoş habar kem-kemden ýaýrap başlady. Bary-ýogy birnäçe aýyň içinde portugal dilinde çap edilen edebiýatlaryň 7 000-den gowragy paýlandy! Şeýle-de 1923-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlaryndan başlap portugal dilinde «Garawul diňi» žurnaly çykyp başlady.

Sara Bellona Ferguson «Garawul diňi» žurnalyny Braziliýada ilkinji bolup alyp başlady

Jorj Ýang Sara Ferguson uýa bilen görüşmekçi bolýar. Bu babatda «Garawul diňinde» şeýle diýilýär: «Uýamyz myhman otagyna baranda, dili tutulan ýaly, biraz wagtlap hiç zat diýip bilmän durdy. Ol Ýang doganyň elinden tutup, ýüzüne seretdi-de, ahyrsoňy: „Siz dogrudan-da piligrimmi?“» diýip sorady. Tizden Sara uýamyz we onuň çagalarynyň käbiri suwda çokundyryldylar. Aslynda, uýamyz suwda çokundyrylmak üçin 25 ýyl garaşypdy! 1924-nji ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňinde» Braziliýada 50 adamyň suwda çokundyrylandygy bellenilip geçildi. Olaryň köpüsi Rio-de-Žaneýrodandy.

Häzir, 90 ýyl töweregi wagt geçenden soň, «Braziliýa we Günorta Amerikada kim wagyz eder?» diýen sorag asla ýüze çykmaýar. Şu günler Braziliýada 760 müňden gowrak Ýehowanyň Şaýatlary hoş habary wagyz edýärler. Günorta Amerikada Patyşalyk baradaky habar indi portugal, ispan we başga-da ençeme ýerli dillerde wagyz edilýär. 1915-nji ýylda Sara Ferguson: «Bu ýerde hasyl ýygymy entek köp» diýip dogry aýdypdyr. (Braziliýadaky arhiwimizden.)

a Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň halkara jemgyýeti — Ýehowanyň Şaýatlarynyň öňki ady.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş