Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/6 sah. 22
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Ylham kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/6 sah. 22

ÝADYŇYZDAMY?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň

Pashalyk guzyny haçan öldürmelidi?

Müsürden çykyş 12:6-a görä, guzyny «gije» öldürmelidi. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde, şol sanda ýewreýleriň «Tanah» kitabynda bu söz «alagaraňky» diýlip hem terjime edilýär. Şeýlelikde, guzyny gün ýaşandan soň, ýöne heniz doly garaňky düşmänkä, ýagny 14-nji nisan güni başlan mahaly öldürmelidi (15/12 sah. 18, 19).

Ýaşlara paýhasly karara gelmäge haýsy prinsipler kömek eder?

1) Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we onuň dogrulygyny agtaryň (Mat. 6:19—34). 2) Adamlara hyzmat edip, şatlyk tapyň (Res. iş. 20:35). 3) Ýehowa gulluk edip şatlanyň (Wag. 12:1) (15/1 sah. 19, 20).

«Guzynyň toýy» haçan başlanar? (Ylh. 19:7)

Patyşa Isa Mesih ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babyly ýok eder we Armageddon söweşinde doly ýeňiş gazanandan soňra gökde «Guzynyň toýy» bolar (15/2 sah. 10).

Ýehowanyň dosty bolmak üçin näme talap edilýär?

Ýehowanyň dosty bolmak üçin myjabatdan, ýagny töhmet atmakdan gaça durmaly we ähli zatda dogruçyl bolmaly (Zeb. 15:3, 5) (15/2 sah. 23).

Ýehudylar Mesihe näme üçin birinji asyrda «garaşypdyrlar»? (Luka 3:15)

Biz I asyrda ýaşan ýehudylaryň Danyýeliň Mesih baradaky pygamberligine düşünendiklerini anyk aýdyp bilmeýäris (Dan. 9:24—27). Emma olar perişdäniň çopanlara aýdan habaryny ýa-da Anna atly pygamber aýalyň ybadathanada bäbek Isa hakda aýdan sözlerini eşiden bolmaly. Şeýle-de müneçjimler «Ýehudylaryň Patyşasy bolup doglan» çagany görmäge gelipdiler (Mat. 2:1, 2). Soňra Ýahýa çokundyryjy hem Mesihiň tizden peýda boljakdygyny aýtdy (15/2 sah. 26, 27).

Biz «hawa» sözümiz «ýok» bolmaz ýaly näme edip bileris? (2 Kor. 1:18)

Käte garaşylmadyk ýagdaýyň dörändigi sebäpli beren sözüňde tapylmak aňsat bolmazlygy mümkin. Emma biz kimdir birine söz beren bolsak, onda sözümizde tapyljak bolup jan etmeli ((15/3 sah. 32).

Gadymy döwürlerde adamlar näme üçin eşigini ýyrtýardylar?

Adamlar egin-eşigini ýyrtmak bilen gaýgy-hasratyny, gam-gussasyny, nägileligini ýa-da kemsitmä sezewar bolandyklaryny görkezýärdiler. Emma ýürekden gynanmaýan adam egin-eşigini ýyrtsa-da, Hudaýyň gözünde onuň ähmiýeti ýokdy (Ýowel 2:13) (15/4 sah. 32).

Mesihçi maşgala agzalaryny taşlap başga ýurda gazanç etmäge gitse nähili kynçylyklara uçrap biler?

Çagalaryň ata-enesinden aýry ýaşamagy olara duýgy we ahlak taýdan zyýan ýetirip biler. Olar hatda ata-enesine gaharlanmagy hem mümkin. Şeýle-de ýanýoldaşyndan aýry ýaşaýan adam ahlaksyzlygyň duzagyna düşüp bilýär (15/4 sah. 19, 20).

Biziň ruhy saglygymyz we ýaşaýşymyz nämä bagly?

Hudaý biziň oňa wepaly bolmagymyzy we guramasyndaky dürli çäreleri goldap, ruhy taýdan sagdyn bolmagymyzy isleýär. Biziň ruhy saglygymyz we ýaşaýşymyz Ýehowanyň islegini berjaý etmegimize, oňa bolan söýgimize, sözlerine gulak asmagymyza we oňa wepalylygymyza bagly (15/5 sah. 29).

Biz adamlara wagyz edenimizde haýsy dört soragy unutmaly däl?

Kime wagyz edýäris? Nirede wagyz edýäris? Haçan wagyz edýäris? Nädip wagyz etmeli? (15/5 sah. 12—15).

Biz aýrylyşan imandaşlarymyzy nädip goldap bileris?

1) Ünsli diňlemeli; 2) Ýürekden aladasyny etmeli; 3) Ýehowanyň aýrylyşan adamlaryň ýagdaýyna düşünýändigini aýdyp tesselli bermeli; 4) Olary ýygnaga yzygider gatnaşmaga höweslendirmeli; 5) Hudaý bilen dostlugyny berkitmek üçin doga etmäge, şahsy okuwyny geçirmäge we oýlanmaga höweslendirmeli; 6) Olara bile wagyz etmegi ýa-da ýygnaga bilelikde taýýarlanmagy teklip etmeli (15/6 sah. 10, 11).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş