Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/8 sah. 31—32
  • «Ewrika dramasy» köp adamlara hakykaty bilmäge kömek etdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ewrika dramasy» köp adamlara hakykaty bilmäge kömek etdi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • HAKYKAT TOHUMY ÖSÝÄR
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/8 sah. 31—32
Ewrika dramasyny reklama etmek we gerekli esbaplaryny äkitmek üçin paýtunlar ulanylýardy

ARHIWIMIZDEN

«Ewrika dramasy» köp adamlara hakykaty bilmäge kömek etdi

XIX ASYRDA ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda köp adamlar altyn gözleýän döwründe bir şahtaçy altyn gaznasyny tapýar. Şonda ol: «Ewrika!» diýip gygyrandyr. Bu söz «Men ony tapdym!» diýmegi aňladýar. Çarlz Teýz Rassell we Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler has gymmatly zady — Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty tapdylar. Olar şol hakykaty başga adamlara-da ýetirmek isleýärdiler.

1914-nji ýylyň tomus aýlaryndan başlap, uly şäherlerde millionlarça adamlar 8 sagatlyk «Ýaradylyş fotodramasyny» görmek üçin üýşýärdiler. Bu «Fotodramany» Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň halkara jemgyýeti çykarypdy. «Fotodrama» haýran galdyryjy kinokadrlar we reňkli slaýdlar arkaly görkezilýärdi. Onda täsin düşündiriliş berlip, ýakymly klassyky saz çalynýardy. Tomaşaçylar Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutugy diňläp, adamzadyň ýaradylyşyndan başlap, Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyryna çenli boljak zatlary görýärdiler (Ylh. 20:4)a.

Emma kiçi şäherlerde we obalarda ýaşaýan adamlara-da «Fotodrama» görkezildimikä? Elbetde, hakykata suwsan adamlaryň hiç biri gözden salynmady. 1914-nji ýylyň awgust aýynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň halkara jemgyýeti «Fotodramanyň» kinokadrsyz gysgaldylan görnüşini çykardy. Oňa «Ewrika dramasy» diýilýärdi. Onuň üç görnüşi bardy we ol birnäçe dile terjime edildi. «Ewrika X» görnüşinde dramadaky düşündirilişi we sazy audio ýazgylar arkaly diňläp bolýardy. «Ewrika Y» görnüşinde bolsa, diňe bir audio ýazgylar däl, eýsem, owadan reňkli slaýdlar hem bardy. «Maşgala üçin ewrika dramasy» öýde diňlemek üçin niýetlenipdi. Onda dramadaky düşündirilişi hem-de Hudaýy wasp edýän aýdymlary diňläp bolýardy. Patefony we proýektory guramadan arzan bahadan satyn alyp bolýardy.

Proýektor

Reňkli slaýdlar proýektor arkaly görkezilýärdi

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Ewrika dramasy» arkaly hoş habary oba ýerlerine we täze territoriýalara-da ýetirip bilýärdiler. Munuň üçin olar kinoproýektory we uly ekrany alyp gitmeýärdiler. «Ewrika X» görnüşini gije-gündiz diňläp bolýardy. «Ewrika Y» görnüşiniň slaýdly proýektoryny tok bolmasa-da, karbidli çyra arkaly işledip bolýardy. Finlýandiýanyň filialynyň hasabatynda: «Biz bu suratlary ähli ýerde diýen ýaly görkezip bilýäris» diýlipdi. Bu, hakykatdanam, şeýledi!

Ewrika dramasynda reňkli slaýdlar ulanylýardy

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Ewrika dramasyny» görkezmek üçin köplenç uly teatrlary kireýine alman, ugurtapyjylyk bilen mugt ýerleri gözleýärdiler. Olar bu dramany mekdeplerde, kazyýet jaýlarynda, demir ýol duralgalarynda, hususy jaýlaryň myhman otaglarynda görkezýärdiler. Köplenç bolsa, daşarda ambaryň öňüne uly ak matany tutup, «ekranda» görkezýärdiler. Entoni Hambuk şeýle diýýär: «Daýhanlar adamlaryň „Dramany“ görüp bilmegi üçin, miweli bakjalarynda birnäçe agaç böleklerini goýup, oturar ýaly ýer taýýarlaýardylar». Şol «Ewrika» topary esbaplaryny, goş-golamlaryny, çadyrlaryny we nahar taýýarlamak üçin gerekli zatlaryny paýtunlara ýükläp äkidýärdiler.

«Ewrika dramasyny» käbir ýerlerde sanlyja adam, käbir ýerlerde bolsa ýüzlerçe adam görýärdi. ABŞ-nyň 150 ilaty bolan bir şäherinde mekdebe «Ewrika dramasyny» görmäge 400 adam geldi. Başga ýerlerde bolsa, käbir adamlar dramany görmek üçin 8 km ýol ýöräp geldiler. Şwesiýada Şarlotta Albergiň kiçijik öýüne goňşulary ýygnanyşyp, «Ewrika dramasynyň» ses ýazgylaryny diňlediler. Bu olara güýçli täsir etdi. Awstriýanyň çetinde ýerleşýän şahtaçylaryň şäherinde bolsa, «Ewrika dramasyny» görmäge takmynan 1500 adam geldi. «Garawul diňiniň» hasabatynda şeýle diýlipdi: «Ýokary okuw jaýlarynyň we hünärment mekdepleriniň professorlarydyr talyplary biziň suratlarymyza hem-de ajaýyp ses ýazgylarymyza diýseň haýran galdylar». Hatda kinoteatrlar bar ýerlerde-de «Ewrika dramasy» meşhurdy.

HAKYKAT TOHUMY ÖSÝÄR

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler nutukçy doganlary başga ýerlere iberip, täze toparlary döredýärdiler. Nutuk bilen çykyş edýän doganlar «Ewrika dramasyny» esasy gural hökmünde ulanýardylar. «Ewrika dramasynyň» näçe gezek görkezilendigi anyk belli däl. «Dramanyň» köpüsi yzygider görkezilýärdi. Emma 1915-nji ýylda 86 sany «Drama» toparynyň bary-ýogy 14 sanysy yzygiderli hasabat berýärdi. Hasabatlaryň çäklidigine garamazdan, ýylyň ahyrynda «Dramany» 1 milliondan gowrak adamyň görendigi aýdyň boldy. 30 müňe golaý tomaşaçy Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary bermegi haýyş etdiler.

«Ewrika dramasy» taryhda öçmejek yz galdyrmasa-da, ony Awstraliýadan Argentina, Günorta Afrikadan Britan adalaryna, Hindistandan Karib adalaryna çenli millionlarça adamlar gördüler. Olaryň köpüsi gyzyldan gymmatly Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty tapyp: «Ewrika!» diýendirler.

a 2014-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «„Ýaradylyş fotodramasyna“ 100 ýyl boldy!» diýen makala serediň (sah. 30—32).

«Seniň üçin Mukaddes Ýazgylar täze kitap ýaly bolar»

Ýaradylyş fotodramasynyň ssenariýasy

«Fotodrama» we «Ewrika dramasy» «ylym ojagy we akyl-paýhasyň hazynasy» kimin köp adamlaryň Mukaddes Ýazgylara bolan imanyny berkitdi. «Dramany» görenleriň köpüsi «Ýaradylyş fotodramasynyň ssenariýasy» atly kitaby aldylar. Kitapdaky «Dramanyň» suratlary we düşündirilişi arkaly Mukaddes Ýazgylar «täze kitap ýaly» boldy. Kitabyň millionlarçasy mugt paýlandy. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň biriniň aýtmagyna görä, «Dramadan» soň berlen bu kitap «körleriň gözüni açdy».

Şeýle-de «Ýaradylyş fotodramasynyň ssenariýasy» diýen suratly kitaby Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň maşgalalary höwes bilen okaýardy. Elis Hoffman diýen gyzjagaz we onuň oglan dogany bu kitaby gaty gowy görýärdi. Elis: «Biz bu kitabyň her sahypasyny agdaryp, slaýdlaryň her birini göz öňüne getirmegi diýseň gowy görýärdik!» diýýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş