Wagyz mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2015-nji ýylyň 29-njy iýunyndan başlanýan hepdede Wagyz mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Ýaýdaky sene berlen soragyň haçan seredilendigini görkezýär.
Natan pygamber Dawuda ybadathanany gurmaga rugsat berensoň, ol Hudaýyň beren düzedişine nähili garady? (2 Şam. 7:2, 3) (Maý 11, w12 15/2 sah. 24, abz. 6, 7).
Siriýa bilen Ysraýylyň maksady näme üçin başa barmady? (2 Şam. 7:16). (Maý 11, w13 15/11 sah. 16, abz. 1).
Natan pygamber näme üçin Dawut patyşanyň agyr günä edendigini göni aýtman, 2 Şamuwel 12:1—7-nji aýatlarda ýazylan mysaly getirip paş edýär? Bu waka bize öwretmek tärini kämilleşdirmäge nädip kömek edýär? (Maý 18, w12 15/2 sah. 24, abz. 2, 3).
Abşalom näme üçin ysraýyllylaryň ýüregini awlap bildi we şu günler Abşalom ýaly adamlardan özümizi nädip gorap bileris? (2 Şam. 15:6) (Maý 25, w12 15/7 sah. 13, abz. 7).
Agzalalyk barada eşideniňde, näme üçin karara gelmäge howlukmaly däl? (2 Şam. 16:4; 19:25—27) (Iýun 1, w11 15/8 sah. 8, abz. 12).
Mefiboset bize nähili görelde galdyrdy? (2 Şam. 19:24—30) (Iýun 8, w11 15/12 sah. 27, abz. 2).
Biz «Ýişbibenop» ýaly kynçylyklary nädip ýeňip bileris? (2 Şam. 21:16, 15—17) (Iýun 8, w13 15/1 sah. 31, abz. 14).
Ýehowa wepalydygyny nädip görkezýär? (2 Şam. 22:26; 22:1) (Iýun 15, w13 15/6 sah. 17, 18, abz. 4).
Natan pygamber Hudaýa wepalydygyny nädip görkezdi we biz ondan nädip görelde alyp bileris? (1 Pat. 1:11—14). (Iýun 22, w12 15/2 sah. 25, abz. 1, 4, 5).
Ýehowanyň gullukçylary durmuşyň haýsy pudagynda Süleýman patyşa ýaly özüni aklap, Hudaýyň tabşyryklaryny bozmagy mümkin? (1 Pat. 3:1) (Iýun 29, w11 15/12 sah. 10, abz. 12—14).