MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Soňky günleriň» soňky sagatlaryna taýyn boluň
«Soňky günleriň» soňky sagatlarynda ýaşaýandygymyz üçin ýagdaýyň hasam kynlaşjakdygyny bilýäris (2Tm 3:1; Mat 24:8). Tebigy betbagtçylyk bolanda, Ýehowa halkyna wagtly-wagtynda görkezme berip durýar. Biziň halas bolmagymyz berilýän görkezmelere häzirden gulak asyşymyza bagly. Biz, esasanam, ruhy taýdan taýýar bolmaly we gerek-ýarak zatlary taýynlap goýmaly (Luk 16:10).
Ruhy taýdan taýýar boluň: Mukaddes Kitaby yzygiderli okap, şahsy okuwyny wagtly-wagtynda geçiriň. Wagzyň dürli görnüşlerine gatnaşyň. Ýygnakdaky dogan-uýalar bilen wagtlaýynça görşüp bilmeseňiz-de howsala düşmäň (Işa 30:15). Dogan-uýalar ýanyňyzda bolmasa-da, Ýehowa bilen Isa hemişe ýanyňyzda (od sah. 162, abz. 15—17).
Öňünden taýýarlyk görüň: her bir dogan-uýa iki-üç hepdä ýeter ýaly, tiz zaýalanmaýan iýmitleri, ýeterlik suwy, dermanlary we şuňa meňzeş başga-da zatlary sumka salyp goýmaly (Nak 22:3; g17.5 sah. 4).
«SEN TEBIGY BETBAGTÇYLYGA TAÝÝARMY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Tebigy betbagtçylyga ruhy taýdan nädip taýýarlyk görüp bileris?
Näme üçin...
ýygnak ýaşululary bilen habarlaşyp durmaly?
gerekli zatlary taýýarlap goýmaly?
ýaşaýan ýerimizde bolup biläýjek tebigy betbagtçylyklar barada bilmeli?
Biz tebigy betbagtçylyga uçranlara haýsy üç ýol bilen kömek edip bileris?
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Koronawirus keseli bilen dörejek kynçylyklara nädip öňünden taýýarlanyp bilerin?»