Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Fewral sah. 14—19
  • Göriplik bilen göreşip, parahatlyga ymtylyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Göriplik bilen göreşip, parahatlyga ymtylyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GÖRIPLIK NÄDIP DÖRÄP BILER?
  • PESGÖWÜNLI WE BARYŇYZA KAÝYL BOLUŇ
  • «PARAHAT ÝAŞAMAK... ÜÇIN ELIMIZDE BARYNY EDELIŇ»
  • Göriplik aňyňy zäherleýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Dogan-uýalar bilen bäsdeşlik etmäliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Fewral sah. 14—19

ÖWRENILÝÄN MAKALA 8

Göriplik bilen göreşip, parahatlyga ymtylyň

«Geliň, parahat ýaşamak hem-de birek-biregi ruhy taýdan berkitmek üçin elimizde baryny edeliň» (Rim. 14:19).

39-NJY AÝDYM Parahatlykda ýaşalyň

MAZMUNYa

1. Göriplik Ýusubyň maşgalasyna nähili täsir etdi?

ÝAKUP ogullarynyň hemmesini söýýärdi, ýöne 17 ýaşly ogly Ýusuby has gowy görýärdi. Ýusubyň doganlary muňa nähili garady? Olar Ýusuba göriplik edip, soňabaka ony ýigrenip başladylar. Hatda olar Ýusuby gulçulyga satýarlar we ýyrtyjy haýwan öldüripdir diýip, kakalaryna ýalan sözleýärler. Göriplik sebäpli olar maşgalasynyň parahatlygyny ýumurdylar we kakalarynyň ýüregine ýara saldylar (1 Mus. 37:3, 4, 27—34).

2. Galatýalylar 5:19—21-nji aýatlara görä göriplik näme üçin howply?

2 Mukaddes Kitapda göriplikb ölüme eltýän ten işleriniň arasynda agzalýar. Şeýle häsiýetli adamlar Hudaýyň Patyşalygyna girmez (Galatýalylar 5:19—21-nji aýatlary okaň). Göriplik köplenç duşmançylyk, agzalalyk we gahar-gazap ýaly erbet häsiýetleriň ösmegine sebäp bolýar.

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýusubyň doganlary bilen bolan wakadan göripligiň maşgala gatnaşyklaryna nähili täsir edýändigini we nädip parahatlygy ýok edýändigini bilse bolýar. Biz Ýusubyň doganlary ýaly hereket etmesek-de, ählimiz bikämil we ýüregimiz aldawçy (Ýer. 17:9). Şonuň üçin käwagt başgalara göriplik etmegimiz mümkin. Geliň, Mukaddes Kitapdan ýüregimizde göriplik häsiýetiniň ösmegine nämäniň sebäp bolýandygyny görkezýän käbir wakalara seredeliň. Soňra göriplige garşy nädip göreşmelidigini we parahatlygy nädip saklamalydygy hakda peýdaly maslahatlara serederis.

GÖRIPLIK NÄDIP DÖRÄP BILER?

4. Piliştliler Yshaga näme üçin göriplik etdiler?

4 Biriniň zadyna göz gyzdyrmak. Yshak baý adamdy, onuň köp mal-mülki bardy. Şonuň üçin piliştliler oňa göriplik edip başlaýar (1 Mus. 26:12—14). Olar hatda Yshagyň mallary üçin ulanýan guýularyny hem gömýärler (1 Mus. 26:15, 16, 27). Piliştliler ýaly şu günlerem käbir adamlar özünden baý adama göriplik edýärler. Olar başgalaryň zadyna ýöne bir göz gyzdyrman, eýsem, olary şol zatdan mahrum etmek isleýärler.

5. Ýehudy dini ýolbaşçylary näme üçin Isa göriplik edýärdi?

5 Biriniň abraýyna göz gyzdyrmak. Köp adamlaryň Isany sylaýandygy üçin, ýehudy dini ýolbaşçylary oňa göriplik edýärdi (Mat. 7:28, 29). Isa Hudaýyň wekilidi we hakykaty öwredýärdi. Ýehudy dini ýolbaşçylary Isany abraýdan düşürjek bolup, ol hakda ýalan zatlary ýaýradýardy we töhmet atýardy (Mar. 15:10; Ýah. 11:47, 48; 12:12, 13, 19). Bu wakadan näme sapak edinip bileris? Käbirleriniň ýagşy häsiýetleri bolandygy üçin ýygnakdaky dogan-uýalar olary has gowy görýändir. Şol dogana ýa uýa göriplik etmäge iterýän islendik pikire garşy göreşmeli we olaryň ajaýyp häsiýetlerinden görelde almaly (1 Kor. 11:1; 3 Ýah. 11).

6. Diýotref göripdigini nädip görkezdi?

6 Biriniň hormatly borjuna göz gyzdyrmak. I asyrda ýaşan Diýotref ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlara göriplik edýärdi. Ol ýygnakda «agalyk etmek» isleýär, şonuň üçin Ýahýa resul we beýleki jogapkär doganlar hakda ýaramaz gürrüňleri ýaýradyp başlaýar (3 Ýah. 9, 10). Elbetde, biz Diýotrefiňki ýaly hereket edýän däldiris. Ýöne arzuw edip ýören borjumyz başga birine berlende, ol borjy men has gowy ýerine ýetirerdim diýip, şol dogana göriplik etmegimiz mümkin.

Suratlar: 1) Gowy toprakdaky owadan gül. 2) Şol güle haşal ot çyrmaşyp ösýär. 3) Üç uýa ýygnak jaýynda bir-biri bilen begenip gürrüň edýär, biri bolsa gyrada öýkeläp dur.

Ýüregimizi topraga, gowy häsiýetlerimizi bolsa owadan güllere meňzetse bolýar. Ýöne göriplik häsiýeti edil zäherli haşal ot ýaly zyýanly. Göriplik söýgi, duýgudaşlyk we mähribanlyk ýaly häsiýetleri ösdürmäge päsgel berýär (7-nji abzasa serediň)

7. Göriplik adama nähili täsir edýär?

7 Göriplik häsiýeti edil zäherli haşal ot ýalydyr. Ýüregimizde göriplik kök uran bolsa, ony aýyrmak aňsat bolmaýar. Adam görip bolsa, soňabaka gabanjaň, tekepbir hem-de diňe özüni bilip başlaýar. Haşal otuň gülüň ösmegine päsgel berşi ýaly, göriplik hem söýgi, duýgudaşlyk we mähribanlyk häsiýetleriň bolmagyna päsgel berýär. Göriplik döräp başlandygyny bilen badymyza, ony ýüregimizden köki bilen sogrup taşlamaly. Göripligi nädip ýeňip bileris?

PESGÖWÜNLI WE BARYŇYZA KAÝYL BOLUŇ

Suratlar: 1) Gowy toprakdaky owadan gül. 2) Biri gülüň daşyndaky haşal oty aýyrýar. 3) Dört uýa ýygnak jaýynda bir-biri bilen begenip gürrüň edýär.

Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, biz göripligi ýüregimizden köki bilen sogrup, pesgöwünli we barymyza kaýyl bolmagy öwrenip bileris (8, 9-njy abzaslara serediň)

8. Göriplige garşy göreşmäge haýsy häsiýetler kömek edýär?

8 Pesgöwünli we barymyza kaýyl bolsak, göriplikden üstün çykyp bileris. Eger ýüregimizde şeýle häsiýetler bolsa, göriplige ösmäge ýer galmaz. Pesgöwünlilik özümiz hakda aşa köp pikirlenmezlige kömek edýär. Pesgöwünli adam özüni başgalardan has köp zada mynasyp hasaplamaýar (Gal. 6:3, 4). Bar zadyna kaýyl bolýan adam bolsa, özüni başgalar bilen deňeşdirmeýär (1 Tim. 6:7, 8). Pesgöwünli we baryna kaýyl bolýan adam başga biri gowy zada ýetende, onuň begenjini deň paýlaşýar.

9. Galatýalylar 5:16; Filipililer 2:3, 4-nji aýatlara görä mukaddes ruh bize nädip kömek edýär?

9 Göriplik häsiýetine garşy durup, pesgöwünli we baryňa kaýyl bolmak üçin, bize mukaddes ruhuň kömegi gerek (Galatýalylar 5:16; Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň mukaddes ruhy bize pikirlerimizi we isleglerimizi barlamaga kömek edip bilýär. Hudaýyň kömegi bilen, biz erbet pikirlerimizi we duýgularymyzy aýryp bileris (Zeb. 26:2; 51:10). Geliň, göriplikden üstün çykan Musa pygamberiň we Pawlus resulyň mysalyna seredeliň.

Musa, Ýuşa we ysraýyllar ýygnak çadyrynyň ýanyndan dur. Ýuşa Musadan pygamberlik edýän iki adamy saklamagy soraýar.

Ýaş ýigit Musa bilen Ýuşanyň ýanyna baryp, iki sany adamyň çadyrda pygamberlik edýändigini aýdýar. Şonda Ýuşa Musadan olary saklamagy haýyş edýär, emma Musa beýle etmeýär. Gaýtam ol Ýuşa Ýehowanyň şol iki adama-da mukaddes ruhuny berendigine juda begenýändigini aýdýar (10-njy abzasa serediň)

10. Musa nähili görelde galdyrdy? (Daşky sahypadaky surata serediň).

10 Musanyň Hudaýyň halkynyň üstünden köp ygtyýary bardy, ýöne ol ygtyýaryny başgalardan gysganyp ýörmeýärdi. Meselem, bir gezek Ýehowa Musadaky mukaddes ruhdan alyp, ýygnak çadyrynyň töwereginde duran ysraýyl ýaşulularyna berýär. Biraz wagtdan Musa ýygnak çadyrynyň ýanyna gelmedik iki ýaşulynyň hem mukaddes ruhy alyp, pygamberlik edýändigini eşidýär. Ýuşa şol iki ýaşulyny saklamagy aýdanda, Musa näme etdi? Ol Ýehowadan mukaddes ruh alan iki adama göriplik etmedi. Gaýtam pesgöwünlik bildirdi we olaryň alan jogapkärçiligine begendi (4 Mus. 11:24—29). Biz Musadan näme öwrenip bileris?

Suratlar: 1) Ýaşulular maslahatynyň duşuşygynda «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän gartaşan ýaşuly dogandan ýaş dogana bu duşuşygy geçirmegi öwretmegi haýyş edýärler. 2) Ýaş dogan «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýärkä, gartaşan ýaşuly dogan oňa üns berýär. 3) Gartaşan ýaşuly dogan ýaş doganyň elinden gysyp, ony öwýär.

Ýaşulular Musanyň pesgöwünliginden nädip görelde alyp biler? (11, 12-nji abzaslara serediň)c

11. Ýaşulular Musadan nädip görelde alyp biler?

11 Eger siz ýygnak ýaşulusy bolsaňyz, gowy görýän borjuňyzy başga birine öwretmegi haýyş edipdilermi? Aýdaly, siz «Garawul diňi» duşuşygyny geçirmegi halaýarsyňyz. Emma şol duşuşygy geçirmegi başga bir dogana öwretmeli diýlende, siz näme pikir ederdiňiz? Musa ýaly pesgöwünli bolardyňyzmy ýa göriplik ederdiňiz? Elbetde, siz şol dogana şatlyk bilen kömek ederdiňiz.

12. Şu günler köp dogan-uýalar pesgöwünlidigini we baryna kaýyl bolýandygyny nädip görkezýär?

12 Geliň, gartaşan doganlaryň duş gelýän başga bir ýagdaýyna seredeliň. Olar onlarça ýylyň dowamynda Ýaşulular maslahatynyň koordinatory bolup gulluk etdi. Emma 80 ýaşyna ýetende, olar borjuny başgalara höwes bilen berdi. Etrap gözegçisi bolup gulluk edýän doganlar hem 70 ýaşyna ýetende, borjuny pesgöwünlilik bilen başga birine berip, gullugyň başga görnüşini ýerine ýetirýär. Soňky ýyllarda bütin dünýäde beýtelçileriň köpüsi gullugyny bes edip, başga borçlary aldy. Bu wepaly dogan-uýalar öňki borçlaryny ýerine ýetirýän imandaşlaryndan öýkeläp ýörmeýär.

13. Pawlus resul näme üçin 12 resula göriplik etmedi?

13 Pawlus resul hem pesgöwünli we baryňa kaýyl bolmakda gowy görelde galdyrdy. Ol ýüreginde göripligiň ösmegine ýol bermeýärdi. Ol Halypamyzyň işinde agyr zähmet çekse-de, özi hakda pesgöwünlilik bilen şeýle diýdi: «Men resullaryň iň kiçisi we resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin» (1 Kor. 15:9, 10). Pawlus Isanyň yzyna eýeren 12 resulyň arasynda ýokdy; sebäbi ol Isa direlensoň mesihçi bolupdy. Pawlus «başga halklara iberilen resul» bolsa-da, 12 resulyň arasynda bolmak ýaly uly hormaty aljak bolmaýardy (Rim. 11:13; Res. 1:21—26). Ol Isanyň 12 resulyna göriplik etmän, özüne berlen hormatly borçlaryna begenýärdi.

14. Pesgöwünli we barymyza kaýyl bolsak näme ederis?

14 Eger biz barymyza kaýyl bolup, pesgöwünli bolsak, Pawlus resul ýaly Ýehowanyň ygtyýar beren adamlaryna hormat goýarys (Res. 21:20—26). Ýehowa mesihçiler ýygnagynda ýolbaşçylyk etjek adamlary belledi. Olar bikämil bolsa-da, Ýehowa olara «bereket hökmünde» garaýar (Efes. 4:8, 11). Jogapkär doganlara hormat goýup, olaryň berýän görkezmesine pesgöwünlilik bilen eýerenimizde, Ýehowa has-da ýakynlaşýarys we imandaşlarymyzyň arasynda parahatlygyň bolmagyna ýardam edýäris.

«PARAHAT ÝAŞAMAK... ÜÇIN ELIMIZDE BARYNY EDELIŇ»

15. Parahatlygy saklamak üçin näme etmeli?

15 Göriplik parahatlygy bozýar. Şol sebäpli biz ony ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmaly we başgalarda-da bu häsiýeti oýarmakdan gaça durmaly. Bu örän wajyp, sebäbi Ýehowa her birimizi «parahat ýaşamaga hem-de birek-biregi ruhy taýdan berkitmek üçin elimizde baryny etmäge» çagyrýar (Rim. 14:19). Başgalara göriplik bilen göreşmäge nädip kömek edip bileris? Parahatlygyň bolmagyna nädip goşandymyzy goşup bileris?

16. Başgalara göriplik bilen göreşmäge nädip kömek edip bileris?

16 Biziň garaýşymyz we edýän işlerimiz başgalara güýçli täsir edýär. Bu dünýä bizde «zadyňa öwünmeklik» ruhuny ösdürjek bolýar (1 Ýah. 2:16). Emma şeýle garaýyş göripligiň döremegine getirýär. Eger biz bar zatlarymyz ýa-da satyn almak isleýän zatlarymyz hakda başgalara hemişe gürrüň berip ýörsek, olarda göriplik häsiýetini oýararys. Başgalarda göripligi döretmekden gaça durmagyň ýene bir usuly ýygnakdaky hormatly borçlarymyzy ýerine ýetirenimizde, pesgöwünli bolmak. Eger biz şol borçlarymyza çendenaşa köp üns bersek, onda başgalarda göriplik häsiýetiniň ösmegine sebäp bolarys. Tersine, başgalar bilen ýürekden gyzyklanyp, olaryň edýän ýagşy işlerine köpräk üns bersek, olara baryna kaýyl bolmaga kömek ederis. Şeýle-de ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň höküm sürmegine goşant goşarys.

17. Ýusubyň doganlary näme etmegi başardylar we näme üçin?

17 Hawa, biz göriplikden üstün çykyp bilýäris. Ýusubyň doganlary bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ýusuby gulçulyga satanlaryndan birnäçe ýyl geçensoň, olar Müsürde Ýusup bilen görüşýärler. Ýusup özüni tanatmazdan öň, doganlarynyň garaýşynyň üýtgändigini bilmek üçin olary synap görýär. Saçak başynda otyrkalar, ol inisi Benýamine agalarynyňkydan «bäş esse köp» nahar berýär (1 Mus. 43:33, 34). Mukaddes Kitapda doganlarynyň Benýamine göriplik edendigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Gaýtam olar inisi Benýamin hem-de kakalary Ýakup hakda çyn ýürekden alada edýändigini görkezdiler (1 Mus. 44:30—34). Hawa, Ýusubyň agalarynyň göripligini ýeňmegi maşgalasynda parahatlygyň bolmagyna getirdi (1 Mus. 45:4, 15). Bizem göriplik häsiýetini doly aýryp bilsek, maşgalamyzda we ýygnakda parahatlyk höküm sürer.

18. Ýakup 3:17, 18-nji aýatlara görä parahatlygy döretmegiň nähili peýdasy bar?

18 Ýehowa biziň göriplik häsiýetini aýryp, hemmeler bilen parahat ýaşamagymyzy isleýär. Ýöne bu zatlar öz-özünden bolmaýar; munuň üçin köp tagalla etmeli. Şu makalada göriplik häsiýetiniň bizde-de bolup bilýändigini bildik (Ýak. 4:5). Sebäbi daş-töweregimiz görip, bahyl adamlardan doly. Emma biz pesgöwünli, barymyza kaýyl we minnetdar bolsak, ýüregimizde göriplige ýer galmaz. Biz owadan gül ýaly häsiýetlerimizi ösdürsek, parahatlygy döredip, agzybirlikde ýaşarys (Ýakup 3:17, 18-nji aýatlary okaň).

GÖRIPLIKDEN GAÇA DURMAGA... NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

  • Hudaýyň mukaddes ruhy

  • pesgöwünli we baryňa kaýyl bolmak

  • başgalara kömek etmäge dogry garaýyşda bolmak

35-NJI AÝDYM Hudaýyň sabyrlylygyna şükür edeliň

a Ýehowanyň guramasynda parahatlyk höküm sürýär. Ýöne ýüregimizde göripligiň döremegine ýol bersek, parahatlygyň bolmagyna päsgel berer. Şu makalada biz göripligiň döremegine nämäniň sebäp bolýandygyny bileris. Şeýle-de bu erbet häsiýete garşy nädip göreşip biljekdigimiz we nädip parahatlygy saklap biljekdigimiz hakda bileris.

b DÜŞÜNDIRILIŞ: Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, görip adam başgalaryň zadyna diňe bir göz gyzdyrman, eýsem, olary şol zatdan mahrum etmek isleýär.

c SURATLAR: Ýaşulular maslahatynyň duşuşygynda «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän gartaşan ýaşuly dogandan ýaş dogana bu duşuşygy geçirmegi öwretmegi haýyş edýärler. Dogan öz borjuny gowy görse-de, ýaşulularyň gelen kararyny ýürekden goldap, ýaş dogana gerekli maslahatlary berip, kömek edýär we ony ýürekden öwýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş