Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Maý sah. 20—25
  • Hudaýyň berýän sowgatlaryny gymmat saýýarsyňyzmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň berýän sowgatlaryny gymmat saýýarsyňyzmy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • TÄSIN ÝER ŞARY
  • TÄSIN BEÝNIMIZ
  • MUKADDES KITAP — TÄSIN SOWGAT
  • Ýaradylyş gudratygüýçli Hudaýy şöhratlandyrýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýaşaýşyň gaýnap joşýan ýeri
    Ýaşaýyş nädip döredi?
  • Hudaýyň bardygyny nädip bilmeli
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Maý sah. 20—25

ÖWRENILÝÄN MAKALA 21

Hudaýyň berýän sowgatlaryny gymmat saýýarsyňyzmy?

«Eý Ýehowa Hudaýym! Gudratly işleriň köpdür, bize eden ajaýyp işleriň, niýetleriň sanardan köpdür» (Zeb. 40:5).

5-NJI AÝDYM Hudaýyň täsin işleri

MAZMUNYa

1, 2. Zebur 40:5-e görä, Ýehowa bize nähili sowgatlary berdi we olar hakda näme üçin gürrüň ederis?

ÝEHOWA jomart Hudaý. Onuň bize beren käbir sowgatlary hakda oýlanyp görüň: owadan hem täsin Ýer şary, üýtgeşik beýnimiz we altyndan gymmatly bolan Hudaýyň Sözi. Şu üç sowgadyň üsti bilen Hudaý bize durmuşdan lezzet alyp ýaşamaga, pikirlenip, başgalar bilen gürleşmäge hem-de durmuşymyzda döreýän wajyp soraglaryň jogabyny bilmäge kömek edýär (Zebur 40:5-i okaň).

2 Makalada Hudaýyň beren üç sowgady hakda gürrüň ederis. Olar hakda näçe köp oýlansak we näçe gymmat saýsak, şonça-da mähirden doly Ýaradyjymyzy razy etmek islegimiz artar (Ylh. 4:11). Mundan başga-da ewolýusiýa ynanýan adamlara bu taglymatyň ýalandygyny ökdelik bilen düşündireris.

TÄSIN ÝER ŞARY

3. Ýer şary näme üçin täsin?

3 Ýer şarynyň ýaradylyşyny öwrenenimizde, Hudaýyň çuňňur akyldarlygynyň bardygyna göz ýetirýäris (Rim. 1:20; Ýew. 3:4). Günüň daşyndan biziň planetamyzdan başga-da birnäçe planetalar aýlanýar. Ýöne Ýer şarynda adamlaryň ýaşamagy üçin ähli şertleriň bolandygy üçin, ol beýleki planetalardan üýtgeşik hasaplanýar.

4. Ýer şary Hudaýyň akyldarlygyny nädip subut edýär? Mysal getiriň.

4 Ýer planetasy belli bir manyda uçup barýan uçara meňzeýär. Emma içi adamdan doly uçar bilen Ýer şarynyň arasynda uly tapawut bar. Mysal üçin, uçarda dem aljak howasyny, iýmitini we suwuny adamlaryň özi öndürmeli bolsa, hapalary daşyna zyňyp bolmasa näme bolardy? Elbetde, uçardaky adamlar tiz wagtyň içinde ölerdi. Emma Ýer şarynda milliardlarça adamlar we haýwanlar ýaşaýar. Planetanyň özünde bize zerur bolan howa, iýmit hem-de suw öndürilýär we bu zatlar hiç haçan gutarmaýar. Hapa bolsa kosmosa dökülmeýär; emma şonda-da Ýer şary owadan we onda ýaşaýyş dowam edýär. Bu nädip beýle bolýar? Ýehowa Ýer şaryndaky galyndylaryň peýdaly zatlar üçin ulanar ýaly, ony täsin edip ýaratdy. Biz tebigy hadysalaryň ikisine, kislorodyň hem-de suwuň tebigatda aýlanyşyna üns bereris.

5. Kislorod nädip döreýär we muny bilmek bizi nämä ynandyrýar?

5 Kislorod diri janly-jandarlaryň, şol sanda biziňem dem alýan howamyz. Her ýyl ähli janly-jandarlar ýüz milliard tonna kisloroddan dem alýar we kömürturşy gazyny bölüp çykarýar. Emma diri janly-jandarlar we adamlar näçe dem alsa-da, kislorod gutarmaýar. Şeýle-de ýer zyýanly gaz bolan kömürturşy gazyndan dolmaýar. Nädip beýle bolup bilýär? Sebäbi Ýehowanyň ýaradan uly agaçlaryndan başlap, kiçijik suw otlaryna çenli ählisi kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýarlar. Kislorodyň tebigatda aýlanyşy Resullar 17:24, 25-nji aýatlardaky şu sözleri subut edýär: «Hudaý... adamlara ýaşaýşy, demi... berýär».

6. Suw tebigatda nädip aýlanýar we bu nämäni subut edýär? (Şeýle-de «Suwuň tebigatda aýlanmagy Ýehowanyň sowgady» diýen çarçuwa serediň).

6 Biziň planetamyz Günden iň gowy aralykda ýerleşýändigi üçin suw ýer ýüzünde suwuklyk görnüşinde bolýar. Eger Ýer şary Güne birazajyk ýakyn bolan bolsa, juda yssy bolardy, ähli suwlar bugaryp, ýer ýüzi takrap galardy. Şeýle-de planetamyz Günden sähel aralyk daşda ýerleşen bolsa, ähli suw doňup, ýer ýüzi uly bir doňaklyga öwrülerdi. Ýehowa Ýer şaryny iň gowy ýerde ýerleşdirendigi üçin, suw emele gelip, ýaşaýşyň bolmagyna kömek edýär. Ondan başga-da Gün ummandaky we ýeriň üstündäki ähli suwlary gyzdyrýar, soňra şol suwlar bugaryp, buluda öwrülýär. Her ýyl Gün 500 müň kub kilometr (km3) suwy buga öwürýär. Şol suwlar ýagyş ýa gar bolup ýagmazdan öň, 10 gün töweregi atmosferada durýar. Şeýlelikde, ýagan suw yzyna ummana ýa-da derýalara dolanyp, şol hadysa ýene-de gaýtalanýar. Bu zatlar Ýehowanyň akyldar hem-de güýçlüdigini ýene bir gezek subut edýär (Eýp. 36:27, 28; Nes. 1:7).

Suwuň tebigatda aýlanmagy Ýehowanyň sowgady

Surat: suwuň tebigatda aýlanyşy. 1. Gün deňziň suwuny gyzdyrýar, suwlar bugaryp, buluda öwrülýär. 2. Bulutdan ýer ýüzüne ýagyş ýagýar. 3. Suwlar ýene-de deňizlere dolanýar.
  • Ýagyş ýagýar, daýhan asmana seredýär.

    IR-IMIŞLER, GÖK ÖNÜMLER WE GÜLLER

    Ýagyş ösümlikleriň ösmegine ýardam edip, bizi iýmit bilen üpjün edýär. Güller we beýleki ösümlikler bolsa bize lezzet berýär.

  • Suratçy daglary we şaglawuklary surata alýar.

    GÖZELLIK WE LEZZET

    Derýalar, köller we çeşmeler durmuşymyzy hasam manyly edip, bize lezzet berýär.

  • Bir adam deňizden duz alýar.

    BAŞGA PEÝDASY

    Suwuň tebigatda aýlanmagynyň başga-da peýdasy bar. Meselem, deňziň suwy bugaranda, duz emele gelýär.

  • Bir gyz suw içýär.

    HER GÜN ULANÝARYS

    Biz suwy her gün içýäris; şeýle-de ondan çaý, kofe, miwe şiresini ýasaýarys. Suwy nahar taýýarlamak, ýuwunmak we arassaçylyk üçin hem ulanýarys.

7. Zebur 115:16-a görä, Ýehowa beren sowgady üçin nädip minnetdarlygymyzy bildirip bileris?

7 Biz täsin Ýer şarymyz we ondaky zerur bolan zatlar üçin Hudaýa minnetdarlygymyzy nädip ösdürip bileris? (Zebur 115:16-ny okaň). Munuň bir usuly Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlanmaly. Şonda biz Ýehowanyň edýän ýagşylyklary üçin her gün minnetdar bolarys. Şeýle-de ýaşaýan ýerimizi arassa saklamak bilen, Ýer şary üçin minnetdardygymyzy görkezip bilýäris.

TÄSIN BEÝNIMIZ

8. Näme üçin adamyň beýnisi örän täsin ýaradylan diýse bolýar?

8 Adamyň beýnisi örän täsin ýaradylan. Biz ejemiziň göwresindekäk, beýnimiz ýörite bellenen tertip boýunça ösmegini dowam edýär we her minutda müňlerçe nerw öýjükleri emele gelýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, uly adamyň beýnisinde 100 milliarda golaý neýron diýip atlandyrylýan ýörite öýjükler bar. Şol öýjükler agramy 1,5 kg bolan beýnimizi emele getirýär. Geliň, beýnimiziň ýerine ýetirýän üýtgeşik işleri hakda gürrüň edeliň.

9. Geplemek ukybymyzyň Hudaýyň beren sowgadydygyny näme subut edýär?

9 Biziň geplemek ukybymyza hem gudrat diýse bolýar. Gürlänimizde beýnimiziň nähili işleri ýerine ýetirýändigi hakda oýlanyp görüň. Biziň ýekeje sözi aýtmagymyz üçin beýnimiz dilimizdäki, bokurdagymyzdaky, dodagymyzdaky, äňimizdäki we döşümizdäki ýüze golaý myşsanyň hereket etmelidigi barada habar ýollaýar. Sözleri dogry we açyk aýdyp bilmegimiz üçin şol myşsalar ýörite tertip boýunça hereket edýär. 2019-njy ýylyň ylmy barlaglaryna görä, ýaňy doglan çaga käbir sözleri tanap bilýär. Barlaglaryň netijesinde alymlar biziň gürlemek we dil öwrenmek ukyby bilen ýaradylandygymyza ýene bir gezek göz ýetirdiler. Dogrudanam, biziň geplemek ukybymyz Hudaýyň beren iň uly sowgatlarynyň biri (2 Mus. 4:11).

10. Geplemek ukybyny berendigi üçin, Hudaýa nädip minnetdar bolup bileris?

10 Geplemek ukybyny berendigi üçin, Hudaýa minnetdarlyk bildirmegiň bir usuly ewolýusiýa taglymatyna ynanýan adamlara Hudaý hakda gürrüň bermeli (Zeb. 9:1; 1 Pet. 3:15). Ewolýusiýa taglymatyna ynanýanlar ýer we ondaky ähli zatlar tötänden döredi diýýärler. Biz şeýle adamlara (eger bizi diňleseler) Mukaddes Kitabyň we şu makaladaky käbir pikirleriň kömegi bilen Ýehowanyň gögi hem ýeri ýaradandygyna näme üçin ynanýandygymyzy düşündirip bileris (Zeb. 102:25; Işa. 40:25, 26).

11. Beýnimiziň ýene bir aýratynlygy näme?

11 Ýatkeşligimiz hem akylyňy haýran edýär. Onlarça ýyl mundan öň bir alym adamyň beýnisine 20 million kitapdaky maglumatyň sygjakdygyny aýtdy. Emma häzir ýatkeşligimiziň ondanam köp maglumaty saklap bilýändigi anyklanyldy. Dogrudan-da, adamyň ýatkeşligine gudrat diýse bolar.

12. Adamlaryň beýleki janly-jandarlardan tapawutly nähili ukyby bar?

12 Ýer ýüzündäki ýaradylan janly-jandarlaryň arasynda diňe adamlarda üýtgeşik ukyp bar. Biz geçmişde başdan geçiren ýagdaýlarymyz hakda oýlanyp, özümize sapak edinip bilýäris. Bu bolsa garaýşymyzy we ýaşaýşymyzy üýtgedip, gowy adam bolmaga kömek edýär (1 Kor. 6:9—11; Kol. 3:9, 10). Biz «ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmek» üçin ynsabymyzy terbiýeläp bilýäris (Ýew. 5:14). Ýehowadan söýmegi, duýgudaşlyk we rehimdarlyk bildirmegi hem-de adalatly bolmagy öwrenip bilýäris.

13. Zebur 77:11, 12-nji aýatlara görä, ýatkeşligimizi nädip ulanmaly?

13 Ýatkeşligi berendigi üçin, Hudaýa minnetdar bolmagyň bir usuly Ýehowanyň bizi goldan we göwünlik beren pursatlaryny ýatlamaly. Şeýtsek, Hudaýyň bizi gelejekde hem goldajakdygyna ynamymyz artar (Zebur 77:11, 12-nji aýatlary okaň; Zeb. 78:4, 7). Hudaýyň beren ýatkeşligi üçin sagbolsun aýtmagyň ýene bir usuly başgalaryň bize eden ýagşylyklaryny ýatlap, olara minnetdar bolmaly. Alymlaryň aýdyşy ýaly, minnetdar adamlar has bagtly bolýarlar. Emma käbir zatlary ýatlamasak peýdaly bolar. Munuň üçin Ýehowanyň göreldesine eýerip biler. Meselem, Ýehowanyň ýatkeşligi kämil bolsa-da, toba edenimizde, ol bizi bagyşlap, etmişimizi ýatlamaýar (Zeb. 25:7; 130:3, 4). Ol biziň hem göwnümize degen adamy bagyşlap, eden etmişini ýatlamazlygymyzy isleýär (Mat. 6:14; Luka 17:3, 4).

Surat: 1. Uýa kartoçkalaryň we kitabyň kömegi bilen hindi dilini öwrenýär. 2. Uýa «Hoş habar» broşýurasyny ulanyp, bazarda wagyz edýär.

Beýnimizi dogry ulansak, ony beren Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezeris (14-nji abzasa serediň)b

14. Täsin sowgat bolan beýnimiz üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

14 Täsin sowgat bolan beýnimiz üçin minnetdarlygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly, ony dogry ulanmaly, ýagny ony beren Ýehowa hormat goýmaly. Käbir adamlar ýagşy-ýamanyň nämedigini özi çözjek bolup, beýnisini öz bähbitleri üçin ulanýar. Emma Ýehowanyň bizi ýaradandygy üçin öz garaýşymyza däl-de, onuň kada-kanunlaryna eýermek örän paýhasly (Rim. 12:1, 2). Sebäbi Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşanymyzda, kalbymyz rahat bolýar (Işa. 48:17, 18). Biziň esasy maksadymyz Ýaradyjymyzy şöhratlandyrmak we onuň ýüregini şatlandyrmakdyr (Nak. 27:11).

MUKADDES KITAP — TÄSIN SOWGAT

15. Ýehowanyň adamlary söýýändigini ýene haýsy sowgadyndan görse bolýar?

15 Hudaýyň bize beren gymmatly sowgatlarynyň ýene biri — Mukaddes Kitap. Gökdäki Atamyz bizi güýçli söýýändigi üçin Mukaddes Kitaby ýazdyrdy. Mukaddes Kitap arkaly Ýehowa şeýle wajyp soraglara jogap berýär: «Biz nädip ýaradyldyk? Durmuşyň manysy näme? Bize nähili gelejek garaşýar?» Ýehowa şu soraglaryň jogabyny ýer ýüzündäki ähli çagalarynyň bilmegini isleýär, şol sebäpli asyrlarboýy Mukaddes Kitabyň dürli dillere terjime edilmeginiň aladasyny etdi. Biziň günlerimizde hem Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir parçalary 3 000-den gowrak dilde bar. Adamzat taryhynda Mukaddes Kitap iň köp terjime edilen we giňden ýaýran kitap hasaplanýar. Adamlar nirede ýaşasa-da, haýsy dilde gürlese-de, öz ene dilinde Mukaddes Kitaby okamaga mümkinçiligi bar («Mukaddes Kitap Afrika dillerine terjime edilýär» diýen çarçuwa serediň).

Mukaddes Kitap Afrika dillerine terjime edilýär

1800-nji ýyldan öň Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir parçalary 70 töweregi dilde bardy, şol dilleriň käbiri afrikan dilidi. Şol döwür Afrikanyň bantu dilleriniň ýazuw grammatikasy ýokdy. Wilýam Boýs ýaly käbir adamlar Angliýadan Afrika göçüp baransoň, ýagdaý üýtgeýär. Boýs ýazuw grammatikasy bolmadyk adamlaryň arasynda ýaşaýar. Ol hosa diliniň grammatikasyny döretmekde uly goşant goşýar. Ol başga-da käbir adamlar bilen Lukanyň hoş habaryny hosa diline terjime edýär. 1833-nji ýylda çap edilen şol Hoş habarda Hudaýyň ady şu wagtky «Täze dünýä terjimesinde» nirede goýlan bolsa, onda hem duş gelýärdi. Boýsyň düzen grammatikasy diňe bir hosa diline däl-de, eýsem bantu dillerine hem köp peýda berdi. Bu bolsa terjimeçilere Mukaddes Kitaby Afrikanyň başga-da köp dillerine terjime etmäge ýol açdy. Häzir Afrikada Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir parçalary 1 000-den gowrak dillerde bar. Dogrudan-da, Ýehowa ajaýyp sowgadynyň her bir millete elýeterli bolmagyny isleýär (Res. 10:35).

Dogan-uýalaryň elinde hosa dilinde çykan «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» bar.

2019-njy ýylda hosa dilinde «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» çykaryldy. Şu günler bantu dillerinde Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir parçalary 180-den gowrak dilde bar

16. Matta 28:19, 20-nji aýatlara görä, Mukaddes Kitaby berendigi üçin Hudaýa minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

16 Mukaddes Kitaby her gün okap, oýlanyp we ondan öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp, minnetdarlygymyzy görkezip bilýäris. Mundan başga-da adamlara Mukaddes Kitapdaky göwünlik beriji habary wagyz edip, Hudaýa minnetdarlygymyzy bildirip bileris (Zeb. 1:1—3; Mat. 24:14; Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň).

17. Şu makalada haýsy üç sowgat hakda gürrüň etdik we indiki makalada nämä serederis?

17 Biz şu makalada Hudaýyň beren üç sowgady, ýagny täsin öýümiz bolan Ýer şary, üýtgeşik edip ýaradylan beýnimiz we Hudaýyň ylhamlanan Sözi bolan Mukaddes Kitap hakda gürrüň etdik. Emma Ýehowanyň bize berýän başga-da sowgatlary bar. Olaryň käbiri göze görünmeýär. Indiki makalada şular hakda gürrüň ederis.

BIZ... ÜÇIN HUDAÝA MINNETDARDYGYMYZY NÄDIP GÖRKEZIP BILERIS?

  • ýer şary

  • beýnimiz

  • Mukaddes Kitap

12-NJI AÝDYM Ýehowa Beýik Hudaý

a Ýehowa bize üç sany täsin sowgat berdi. Makaladaky pikirler Ýehowa minnetdarlygymyzy artdyrmaga kömek eder. Şeýle-de Hudaýyň bardygyna ynamymyzy hasam berkider.

b SURAT: uýamyz daşary ýurt dilini öwrenip, başga milletden bolan adamlara Hudaýyň Sözündäki hakykatlary wagyz edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş