«Garawul diňi» žurnalynyň goşmaça makalalary
Dogan-uýalar JW Library® programmasyndan «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlanmagy gowy görýär, sebäbi onda ýygnak üçin makalalary tapmak örän aňsat. Emma «Garawul diňi» žurnalynda goşmaça makalalar hem bar. Siz JW Library programmasyndan goşmaça makalalary nireden tapyp bilersiňiz?
«Garawul diňiniň» ýygnak üçin makalasynyň aşagynda «Okamak üçin goşmaça maglumat» diýen sözbaşy bar. Sözbaşynyň aşagyndaky «Şu žurnaldaky makalalar» diýen bölüme basyň. Şonda žurnalyň mazmuny çykar. Şol ýerde san bilen bellenen ýygnak üçin makalalary we ady ýazylan goşmaça makalalary tapyp bilersiňiz.
JW Library programmasynyň baş sahypasynda «Täzeler» diýen bölüm bolýar. Şol ýerden «Garawul diňi» žurnalynyň täze sanyny ýükläp bilersiňiz. Soňra žurnalyň mazmunyny açyň we ýygnak üçin hem-de goşmaça makalalaryň ählisini okaň.