Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w23 Noýabr sah. 20—25
  • Ýehowa doga-dilegimize jogap berýärmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa doga-dilegimize jogap berýärmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BIZ ÝEHOWADAN NÄMÄ GARAŞMALY?
  • ÝEHOWA BIZDEN NÄMÄ GARAŞÝAR?
  • BIZ NÄME ÜÇIN DOGAMYZY ÜÝTGETMÄGE TAÝYN BOLMALY?
  • Ýehowa dogalary eşidýän Hudaý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Doga-dilegleriňiz ýürekden çyksyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • «Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
w23 Noýabr sah. 20—25

49-NJY MAKALA

Ýehowa doga-dilegimize jogap berýärmi?

«Siz meni çagyryp, doga edersiňiz, menem sizi diňlärin» (Ýer. 29:12).

41-NJI AÝDYM Dilegimi eşit

MAZMUNYa

1, 2. Näme üçin käte Ýehowa dogalarymyza jogap bermeýän ýaly bolup görünýär?

«ÝEHOWANYŇ işlerine ýürekden şatlan, Ol seni arzuwyňa ýetirer» (Zeb. 37:4). Gör, nähili ajaýyp wada! Biz Ýehowa ähli isleg-arzuwymyzy derrew hasyl eder diýip garaşmalymy? Şu sorag hakda oýlanmak näme üçin wajyp? Aýdaly, uýa Hoş habarçylar mekdebinde okamagy maksat goýýar we Ýehowa gaýta-gaýta doga edýär. Emma aýlar-ýyllar geçýär, ol mekdebe çagyrylmaýar. Agyr keseli bilen göreşýän ýaş dogan Ýehowa doga edip: «Derdimden gutar» diýýär. Sebäbi ol ýygnakda jogapkärli borç alyp, dogan-uýalara hyzmat etmek isleýärdi. Emma ol derdinden gutulmaýar. Är-aýal çagalarynyň hakykat ýolundan sowulmazlygy üçin doga edýär. Ýöne olaryň çagalary Ýehowadan ýüz öwürýär.

2 Belki, sizem Ýehowa doga edensiňiz, emma jogap bolan däldir. Şonda siz: «Ýehowa dogan-uýalaryň dogasyna jogap berýär, näme üçin meniň dilegimi eşitmeýärkä? Ýa-da men günä edäýdimmikäm?» diýip oýlanýansyňyz. Janisb uýany şeýle duýgular gaplap alypdy. Ol äri bilen Beýtelde gulluk etmegi maksat goýýar we Ýehowa gaýta-gaýta doga edýär. Janis: «Bizi tizden Beýtele çagyrarlar diýip garaşýardyk» diýýär. Emma ýyllar geçýär, hat-habar bolmaýar. Janis şeýle diýýär: «Men göwnüçökgünlige düşüp: „Ýehowanyň göwnüne degäýdimmikäm? Maksadymyz hakda Ýehowa anyk doga etdim ahyryn. Näme üçin dogama jogap bermeýärkä?“ diýdim. Meniň başym çaşdy».

3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Siz käte: «Ýehowa doga-dileglerimi eşidýärmikä?» diýip alada edýänsiňiz. Gadymy döwürde Hudaýa wepaly pygamberleri hem şu sorag biynjalyk edipdi (Eýp. 30:20; Zeb. 22:2; Hab. 1:2). Ýehowanyň doga-dileglere jogap berýändigini näme subut edýär? (Zeb. 65:2). Geliň, şu soragyň jogabyny bilmek üçin ýene üç soraga seredeliň: 1) biz Ýehowadan nämä garaşmaly? 2) Ýehowa bizden nämä garaşýar? 3) Biz näme üçin käbir doga-dileglerimizi üýtgetmeli?

BIZ ÝEHOWADAN NÄMÄ GARAŞMALY?

4. Ýermeýa 29:12-de Ýehowa näme wada berýär?

4 Ýehowa doga-dilegimizi diňlemegi wada berýär (Ýermeýa 29:12-ni okaň). Ol wepaly bendelerini söýýär, doga-dileglerini ünsli diňleýär (Zeb. 10:17; 37:28). Emma biz Ýehowa ähli isleg-arzuwymyzy derrew ýerine ýetirer diýip garaşmaly däl. Ýehowa käbir dilegimize täze dünýäde jogap berer.

5. Ýehowa dogalarymyzy diňlände nämä üns berýär? Düşündiriň.

5 Ýehowa doga-dilegimiziň niýetine gabat gelýändigine üns berýär (Işa. 55:8, 9). Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzünde agzybir we dogruçyl adamlar ýaşamalydy. Emma Şeýtan adamlar Hudaýa tabyn bolman hem bagtly ýaşap biler diýdi (1 Mus. 3:1—5). Ýehowa Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin adamlara höküm sürmäge ýol berdi. Şol sebäpli häzir bütin ýer ýüzi gözgyny ýagdaýda (Nes. 8:9). Onda Allatagala näme üçin adamlaryň kynçylygyny aýyrmaýar? Eger Ýehowa ähli kynçylyklary aýyrsa, Şeýtanyň ýalan sözi dogry bolup görnerdi we adamlar Hudaýdan garaşsyz hem bagtly ýaşap bileris öýderdi.

6. Biz näme üçin Ýehowanyň söýgüden doly we adalatly Hudaýdygyna ynanmaly?

6 Ýehowa iki adamyň şol bir dilegine dürli ýollar bilen jogap berýär. Meselem, Hizkiýa patyşa agyr keselläp ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol agyr derdinden gutarmagy haýyş edip, Hudaýa aglap doga edýär. Ýehowa ony keselinden sagaldýar (2 Pat. 20:1—6). Pawlus resul hem «bedenindäki tikeni» aýyrmagy Hudaýdan haýyş edýär. Belki, Pawlus «tiken» diýende, keselini göz öňünde tutan bolmaly. Emma Ýehowa gudrat bilen Pawlusy derdinden gutarmaýar (2 Kor. 12:7—9). Geliň, indi I asyrda ýaşan Petrus we Ýakup resullar hakda gürrüň edeliň. Hirodes patyşa olaryň ikisini-de öldürmek isleýärdi. Dogan-uýalar Petrus üçinem, Ýakup üçinem Ýehowa doga edýärler. Emma Ýakup gylyç bilen öldürilýär, Petrus bolsa gudrat bilen türmeden azat bolýar (Res. 12:1—11). Belki, siz: «Ýehowa näme üçin Ýakuby däl-de, Petrusy halas etdikä?» diýip oýlanýansyňyz. Mukaddes Kitapda bu hakda hiç zat aýdylmaýarc. Emma biz Ýehowanyň adalatsyzlyk etmejegine ynamly bolup bileris (5 Mus. 32:4). Şeýle-de Ýehowanyň Petrusdan hem, Ýakupdan hem razydygyny bilýäris (Ylh. 21:14). Käte Ýehowa biziňem dogalarymyza isleýşimiz ýaly jogap bermän biler. Emma biz Onuň söýgüden doly, adalatly Hudaýdygyna düşünsek, isleýşimiz ýaly jogap almasak-da nägile bolmarys (Eýp. 33:13).

7. Biz näme etmeli däl we näme üçin?

7 Biz öz ýagdaýymyzy başgalaryňky bilen deňeşdirmeli däl. Meselem, biz anyk bir zat üçin Ýehowa doga edýäris, emma dogamyza jogap almaýarys. Soňra imandaşlarymyzyň biriniň edil biziňki ýaly Hudaýa dileg edendigini we jogap alandygyny eşidýäris. Geliň, Anna uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň äri Metýuda rak keseliniň bardygy anyklandy. Şeýle-de Anna iki sany garry uýanyň hem rak keseli bilen göreşýändigini bilýär. Ol ärini we uýalary agyr derdinden gutarmagy haýyş edip Ýehowa doga edýär. Garry uýalar keselinden sagalýar, Metýu bolsa ýogalýar. Şonda Anna: «Ýehowa näme üçin ärimi däl-de, uýalary halas etdikä?» diýip oýlanýar. Biz uýalaryň keselinden nädip gutulandygyny bilmeýäris. Emma bir zady bilýäris, Ýehowa tizden biziň jebir-jepalarymyzy aýrar we aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy direlder (Eýp. 14:15).

8. a) Işaýa 43:2-ä görä, Ýehowa bize kyn ýagdaýlarda nädip goldaw berýär? b) Hudaýa doga etmek kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär? («Doga etmek derdimizi ýeňledýär» diýen wideony görüň).

8 Ýehowa bize goldaw bermäge hemişe taýyn. Gökdäki Atamyz biziň jebir-jepa çekmegimizi islemeýär (Işa. 63:9). Elbetde, ol «derýa» we «ot» ýaly kynçylyklardan goramaýar (Işaýa 43:2-ni okaň). Emma «derýadan» we «otdan» sag-aman geçjegimizi wada berýär. Hudaý bilen dostlugymyzy hiç bir synag ýa-da hiç bir kynçylyk bozup bilmez, sebäbi Ol döz geler ýaly mukaddes ruhuny berýär (Luka 11:13; Flp. 4:13). Hawa, biz Ýehowanyň islendik kynçylyga döz gelmäge we wepaly bolmaga kömek etjegine doly ynamly bolup bilerisd.

ÝEHOWA BIZDEN NÄMÄ GARAŞÝAR?

9. Ýakup 1:6, 7-nji aýatlara görä, biz näme üçin Ýehowa iman bilen doga etmeli?

9 Ýehowa özüne bil baglamagymyzy isleýär (Ýew. 11:6). Käte kynçylyklar beýik diwar ýaly ýolumyzy baglaýar. Şonda biz: «Ýehowa kömek edermikä?» diýip şübhelenmegimiz mümkin. Emma Mukaddes Kitapda Hudaýyň kömegi bilen «diwardan aşyp geçjekdigimiz» wada berilýär (Zeb. 18:29). Şol sebäpli şübhelenmegiň deregine, Allatagalanyň doga-dilegimize jogap berjekdigine ynanmaly we ýürekden iman etmeli (Ýakup 1:6, 7-nji aýatlary okaň).

10. Biz eden dogamyza görä nädip hereket etmeli? Mysal getiriň.

10 Ýehowa eden dogamyza görä hereket etmegimizi isleýär. Aýdaly, dogan welaýat kongresiniň üç gününe hem barmak isleýär we başlygy işden rugsat berer ýaly Ýehowa doga edýär. Ýehowa onuň dogasyna nädip jogap berer? Ol dogana başlygy bilen gepleşer ýaly batyrgaýlyk berer. Dogan gol gowşuryp oturmagyň deregine, başlygynyň ýanyna baryp, işden rugsat bermegini haýyş etmeli. Gerek bolsa, ol başlygynyň ýanyna gaýta-gaýta barmaly, işdeşi bilen nobatyny çalyşmaly, hatda başlygyna tölegsiz zähmet rugsadyny bermegi haýyş etmeli.

11. Biz näme üçin kynçylygymyz hakda gaýta-gaýta doga etmeli?

11 Ýehowa gaýta-gaýta doga etmegimizi isleýär (1 Sel. 5:17). Isa pygamber biziň käbir dileglerimize derrew jogap almajakdygymyzy göz öňünde tutup, «gaýta-gaýta diläň» diýdi (Luka 11:9). Geliň, ýanbermäliň, erjellik bilen Hudaýa dileg edeliň! (Luka 18:1—7). Biz kynçylygymyz hakda gaýta-gaýta doga etsek, Ýehowa şol ýagdaýyň bizi örän biynjalyk edýändigini görer. Şeýle-de biz gökdäki Atamyzyň kömek etjekdigine ýürekden iman edýändigimizi subut ederis.

BIZ NÄME ÜÇIN DOGAMYZY ÜÝTGETMÄGE TAÝYN BOLMALY?

12. a) Biz özümize haýsy soragy bermeli we näme üçin? b) Biz Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezer ýaly nädip doga etmeli? («Doga-dilegimiz Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezýärmi?» diýen çarçuwa serediň).

12 Biz doga-dilegimize isleýşimiz ýaly jogap almasak, üç sorag hakda oýlanmaly. Birinjiden, men dogry we ýagşy zatlar hakda doga edýärinmi? Biz köplenç öz ýagdaýymyzy özümiz gowy bilýändiris öýdýäris. Emma Hudaýa doga edip soraýan zadymyz biziň üçin peýdaly bolman biler. Ýa-da biz kynçylygyň öz isleýşimiz ýaly çözülmegi üçin, Hudaýa doga edýändiris, emma kynçylygyň has gowy çözgüdi bardyr. Şeýle-de edýän dogamyz Hudaýyň islegine gabat gelmeýän bolmagy mümkin (1 Ýah. 5:14). Meselem, 1-nji abzasda çagalarynyň hakykat ýolundan sowulmazlygy hakda doga edýän ene-ata hakda gürrüň etdik. Olar nädogry doga etdimi? Elbetde, ýok! Emma Ýehowa hiç kimiň, şol sanda çagalaryň hem Özüne mejburlyk bilen däl-de, höwes bilen gulluk etmegini isleýär (5 Mus. 10:12, 13; 30:19, 20). Şol sebäpli ene-atalar Hudaýa şeýle doga etseler gowy bolar: «Ýehowa, çagalarymyzyň ýaş kalbynda saňa bolan söýgini ösdürip, seniň bilen dostlaşmaga kömek eder ýaly, bize güýç-kuwwat ber» (Nak. 22:6; Efes. 6:4).

Doga-dilegimiz Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezýärmi?

Söýgüden doly Atamyz Ýehowa her birimiziň doga-dilegimizi diňleýär. Beýik Ýaradan Ýehowa biziň hormatymyza mynasyp (Ylh. 4:11). Biz Ýehowa doga edenimizde hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

  • Biz ýagşy niýet bilen we Ýehowanyň islegine görä doga etmeli (1 Ýah. 5:14). Meselem, biz açgözlük edip we «ýaman niýet bilen» doga etmeli däl. Ýakup şägirt şeýle dileglere Ýehowanyň jogap bermeýändigini aýtdy (Ýak. 4:3).

  • Biz Ýehowa doga-dileg edenimizde: «Ony ber, muny ber» diýip, talap etmeli däl (Mat. 4:7). Käte Ýehowa dogalarymyza isleýşimiz ýaly jogap bermän biler. Emma onuň berjek jogaby biziň üçin hemişe peýdaly bolar (Efes. 3:20).

  • Ýehowa her gün eden ýagşylygy üçin minnetdar bolalyň. Şonda Ýehowa örän begener (Kol. 3:15; 1 Sel. 5:17, 18).

13. 1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlara görä, Ýehowa bize haçan kömek edýär? Düşündiriň.

13 Ikinjiden, belki, doga-dilegimize jogap berilmeli wagty däldir? Biz doga-dilegimize derrew jogap almak isleýäris, emma Ýehowa haçan jogap berilmelidigini gowy bilýär (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Biz doga-dilegimize jogap almasak, Ýehowa «ýok» diýip jogap berendir öýtmegimiz mümkin. Aslynda, Ýehowa «ýok» däl-de, «häzir wagty däl» diýip jogap berendir. Meselem, 1-nji abzasda doganyň agyr derdinden gutulmak üçin Hudaýa doga edendigi hakda gürrüň etdik. Eger Ýehowa ony gudrat bilen keselinden sagaltsa, Şeýtan doganyň Ýehowa wepalydygyny şübhä goýup: «Ol Hudaýa agyr derdinden sagaldandygy üçin gulluk edýär» diýerdi (Eýp. 1:9—11; 2:4). Aslynda, Ýehowa adamlary ähli derdinden sagaltjak gününi belledi (Işa. 33:24; Ylh. 21:3, 4). Biz şol güne çenli gudrat bilen sagalarys öýtmeli däl. Gaýtam biz: «Kyn ýagdaýa döz gelmäge we soňuna çenli wepaly bolmaga kömek et» diýip, Ýehowa doga etmeli. Şonda Ol bize güýç-kuwwat we kalbymyza rahatlyk berer (Zeb. 29:11).

14. Siz Janis uýa bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?

14 Janis uýa Beýtelde gulluk etmek isleýändigi hakda doga edipdi. Emma ol bäş ýyldan soň Ýehowanyň dogasyna jogap berendigine düşünýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Şol ýyllar Ýehowa maňa tälim berdi we ýagşy häsiýetleri ösdürmäge kömek etdi. Meniň Hudaýa imanym has-da berkedi. Indi men çuňňur şahsy okuwyny geçirýärin. Ýehowanyň tabşyran her bir işini şatlyk bilen ýerine ýetirýärin». Häzir Janis we äri etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Janis geçen günlerini ýatlap, şeýle diýýär: «Meniň dilegime Ýehowanyň başga usul bilen jogap berendigine haýran galdym. Elbetde, Ýehowanyň beren jogabynyň has gowudygyna düşünmek üçin maňa wagt gerek boldy. Emma men söýgüden doly Ýehowanyň eden ýagşylygy üçin örän minnetdar».

Surat: 1) iki uýa Hoş habarçylar mekdebinde okamak üçin arza ýazmakçy bolýar. Olaryň ikisem ilki bilen Ýehowa doga edýär. 2) Olaryň biri Ýygnak jaýynda joralaryna mekdebe çagyrylandygy hakdaky haty görkezýär. Beýleki uýa bolsa seredip dur. 3) Mekdebe çagyrylmadyk uýa Ýehowa doga edýär we filiala hat ýazýar. Soňra ol daşary ýurtda wagyz edýär we guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşýar.

Ýehowa dogaňyza jogap bermeýän ýaly duýsaňyz, başga zat hakda dileg ediň (15-nji abzasa serediň)f.

15. Biz näme üçin öte jikme-jik däl-de, umumyrak doga etmeli? (Surata serediň).

15 Üçünjiden, belki, men başga zat hakda doga edip bilerin? Elbetde, biz anyk bir zat üçin doga etmeli, emma Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna hem düşünjek bolmaly. Munuň üçin biz öte jikme-jik däl-de, umumyrak doga etmeli. 1-nji abzasda Hoş habarçylar mekdebinde okamagy maksat goýan uýa hakda gürrüň etdik. Ol wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek üçin mekdepde okamak isläpdi. Uýa diňe bir mekdepde okamak isleýändigi hakda doga etmek bilen çäklenmän, Ýehowa: «Saňa has köpräk gulluk etmek üçin ýene näme edip bilerin?» diýip, dileg edip biler (Res. 16:9, 10). Soňra eden dogasyna görä hereket edip, etrap gözegçisinden haýsy ýygnakda pionerleriň azdygy hakda sorap biler. Ýa-da ol wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek isleýändigi hakda filiala hat ýazyp bilere.

16. Biz nämä ynamly bolmaly?

16 Görşümiz ýaly, söýgüden doly we adalatly Hudaý doga-dilegimize jogap berýär (Zeb. 4:3; Işa. 30:18). Käte dogamyza isleýşimiz ýaly jogap alman bileris. Emma bu Ýehowanyň doga-dilegimizi diňlemeýändigini aňlatmaýar. Ol bizi söýýär we hiç haçan terk etmeýär (Zeb. 9:10). Geliň, hemişe Ýehowa bil baglalyň we «Oňa ýüregimizi dökeliň» (Zeb. 62:8).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz Ýehowadan nämä garaşmaly?

  • Ýehowa bizden nämä garaşýar?

  • Biz näme üçin dogamyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly?

43-NJI AÝDYM Minnetdarlyk dogasy

a Şu makalada söýgüden doly we adalatly Hudaý Ýehowanyň doga-dilegimize nädip jogap berýändigi hakda gürrüň ederis.

b Käbir atlar üýtgedildi.

c «Ýehowa hemişe bil baglaň» diýen makalany okap bilersiňiz (w22.02 abz. 3—6).

d Ýehowanyň kyn ýagdaýlarda nädip kömek edýändigini bilmek üçin jw.org saýtyndan «Doga etmek derdimizi ýeňledýär» diýen wideony görüp bilersiňiz.

e Başga filiala degişli territoriýada gulluk eder ýaly näme etmelidigini bilmek üçin «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» kitabyny okap bilersiňiz (od bap 10, abz. 6—9).

f SURAT: iki uýa Hoş habarçylar mekdebinde okamak üçin doga edýär. Uýalaryň biri mekdebe çagyrylýar, beýlekisi çagyrylmaýar. Emma ol ruhdan düşmeýär, Ýehowa doga edýär we köpräk gulluk etmek üçin näme etmelidigi hakda görkezme soraýar. Ol wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek isleýändigi barada filiala hat ýazýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş