Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Fewral sah. 31
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Meňzeş maglumat
  • Biz näme üçin mukaddes bolmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Siziň «uly iman galkanyňyz» berkmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýaşaýşa Hudaýyň garaýşy ýaly garamak
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Mukaddes Kitapda gan goýbertmek barada näme diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Fewral sah. 31
Hydyr ruhanynyň elinde golýazma bar. Ol halkyň öňünde Ýehowa alkyş aýdýar.

Şuny bilýäňizmi?

Mukaddes Kitapda käbir jümleler näme üçin gaýtalanýar?

HUDAÝYŇ ylhamy bilen Mukaddes Kitaby ýazan adamlar şol bir jümleleri näme üçin gaýta-gaýta ýazdylar? Geliň, munuň käbir sebäpleri hakda gürrüň edeliň.

Mukaddes Kitabyň ýazylan döwri. Gadymy döwürde ysraýyllaryň hemmesinde Musanyň kanunynyň nusgasy ýokdy. Şol sebäpli olar çadyra ýa-da ybadathana baryp, Kanuny diňläp bilýärdi (5 Mus. 31:10—12). Emma Kanun okalanda adamlar ençeme sagat aýak üstünde durmaly bolýardy we ünsli diňlemäge päsgel berýän zatlar köpdi (Neh. 8:​2, 3, 7) Şol sebäpli Kanunda käbir jümleleriň gaýtalanmagy adamlara Hudaýyň permanlaryny, hökümlerini ýat tutmaga we şolar boýunça ýaşamaga kömek edýärdi (3 Mus. 18:​4—22; 5 Mus. 5:1).

Mukaddes Kitabyň ýazylyş stili. Mukaddes Kitabyň 10 göterimi, ýagny Zebur, Süleýmanyň aýdymy, Ýermeýanyň agysy kitaplary aýdym görnüşinde ýazylan. Aýdymlarda käbir jümleler gaýtalanýar. Şeýlelikde, esasy tema nygtalýar we adamlara ony ýat tutmak aňsat bolýar. Meselem, Zebur 115:9—11-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Ysraýyl, Ýehowa bil bagla! Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz. Harunyň öýi, Ýehowa bil bagla! Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz. Ýehowadan gorkýanlar, Ýehowa bil baglaň! Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz». Şu aýdymy aýdanlar wajyp hakykaty gaýtalap, ony bütin ömrüne pent edýärdiler.

Wajyp pikir nygtalýar. Mukaddes Kitaby ýazan adamlar wajyp pikiri nygtamak üçin, ol hakda gaýta-gaýta ýazýardylar. Meselem, Ýehowa ysraýyl halkyna «gan iýmäň» diýip tabşyrýar. Ýehowa Musa pygambere munuň sebäbini gaýta-gaýta ýazdyrýar. Şeýle etmek bilen ganda janyň bardygyny düşündirýär (3 Mus. 17:11, 14). I asyrda Iýerusalimde ýaşan resullar we ýaşulular ýygnaklara hat ýazyp, Hudaýyň gadagan edýän zatlaryny aýtdylar. Olaryň arasynda «gandan gaça duruň» diýen tabşyryk hem bardy (Res. 15:20, 29).

Ýehowa biziň Mukaddes Kitapdaky jümleleri däp boýunça gaýtalamagymyzy islemeýär. Isa pygamber: «Doga edeniňizde... şol bir sözleri gaýtalap durmaň» diýip duýdurdy (Mat. 6:7). Emma ol Ýehowanyň islegine gabat gelýän zatlar hakda nädip doga etmelidigini öwretdi (Mat. 6:​9—13). Şonuň üçin biz doga edenimizde şol bir sözleri gaýtalamaly däl, ýöne Halypamyzyň öwredişi ýaly käbir wajyp zatlar hakda gaýta-gaýta dileg edip bileris (Mat. 7:​7—11).

Biz Ýehowanyň wajyp pikirleri Mukaddes Kitaba gaýta-gaýta ýazdyrandygyna begenýäris. Şeýle etmek bilen Beýik Mugallym Ýehowa wajyp pikirleri biziň ýüregimize guýýar (Işa. 48:17, 18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş