Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Maý sah. 26—31
  • Tanyşlyk döwri paýhasly karara geliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Tanyşlyk döwri paýhasly karara geliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • TANYŞLYK DÖWRÜNIŇ MAKSADY
  • BIRI-BIRIŇIZI IÇGIN TANAŇ
  • GÖZ ÖŇÜNDE TUTMALY ÝAGDAÝLAR
  • KÖMEGE TAÝYN BOLUŇ
  • Özüňe mynasyp ýary nädip tapmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk
    Maşgala bagtynyň syry
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Ýehowany begendirýän karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Maý sah. 26—31

22-NJI MAKALA

127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

Tanyşlyk döwri paýhasly karara geliň

«(Özüňizi) Hudaýyň gymmat saýýan ýuwaş we mylaýym häsiýetleri bilen bezäň» ​(1 Pet. 3:4).

ESASY PIKIR

Tanyşlyk döwri paýhasly karara gelmeli. Dogan-uýalar olary goldamaly.

1, 2. Ýaşlar tanyşlyk döwri nähili duýgulary başdan geçirýär?

TANYŞLYK DÖWRI — aşyk-magşuklaryň döwri. Ýaşlar şol döwri hiç haçan unutmasa gerek. Olar özüni dünýäde iň bagtly adam hasaplaýarlar. Efiopiýada ýaşaýan Tisiona uýa şeýle gürrüň berýär: «Ýanýoldaşym bilen duşuşyp başlanymda, menden bagtly adam ýokdy. Biz gülşüp-degişýärdik, wajyp temalar hakda-da gürrüň edýärdik. Men taýymy tapanyma diýseň begenýärdim. Biz biri-birimizi ýürekden söýýäris». Köp ýaşlar Tision uýanyň sözlerine goşulýar.

2 Niderlandiýada ýaşaýan Alessio dogan şeýle gürrüň berýär: «Tanyşlyk döwri gyzykly geçdi. Men söwer ýarymy gowy tanadym, ýöne käte dartgynly ýagdaýlar hem bolýardy». Şu makalada tanyşlyk döwri döreýän kynçylyklar we Mukaddes Kitapda berilýän maslahatlar hakda gürrüň ederis. Şeýle-de duşuşýanlara nädip kömek etmelidigi hakda bileris.

TANYŞLYK DÖWRÜNIŇ MAKSADY

3. Näme üçin tanyşlyk döwrüne çynlakaý garamaly? (Nakyllar 20:25).

3 Ýaşlar tanyşlyk döwrüniň oýun-oýunjak zat däldigine düşünmeli. Olar maşgala gurmak üçin biri-birini gowy tanamaly. Olar toý güni biri-birini jany-teni bilen söýjekdigini we bütin ömrüne hormat goýjakdygyny wada berer. Muňa toýa gelen myhmanlar we Ýehowa şaýat bolar. Adam uly işiň başyny tutanda ýedi ölçäp, bir kesýär (Nakyllar 20:25-i okaň). Şonuň ýaly, wada bermänkäňiz gowuja oýlanyň. Ýehowa siziň beren wadaňyzda durmagyňyzy isleýär. Käbir ýaşlar tanyşlyk döwrüniň soňunda ýa toý tutýarlar, ýa-da duşuşmagyny bes edýärler. Eger siz duşuşmagy bes eden bolsaňyz: «Bary biderek boldy» diýip gynanmaň. Sebäbi siz onuň taýyňyz däldigine göz ýetirdiňiz.

4. Tanyşlyk döwrüniň maksadyna düşünmek näme üçin wajyp?

4 Käbir ýaşlar tanyşlyk döwrüniň nämedigine düşünmeýär. Olar maşgala gurmaga taýýar bolmasa-da, çem gelene söz aýdyp ýörýär. Emma diňe ýaşlar däl, mähriban dogan-uýalar, biziň hemmämiz tanyşlyk döwrüniň nämedigine düşünmeli. Meselem, käbirleri duşuşýan ýaşlar hökman toý tutmalydyr öýdýär. ABŞ-da ýaşaýan durmuşa çykmadyk Melissa uýa şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar biriniň duşuşyp başlandygy barada eşiden badyna: „Haçan toý?“ diýip soraýar. Şol sebäpli käbir ýaşlar biri-birine laýyk gelmese-de, toý tutmak kararyna gelýär. Käbirleri bolsa iliň gepinden gorkup, tanyşmaga ýaýdanýar. Şeýdip, tanyşlyk döwri şatlykly döwre däl-de, uly bir derde dönýär».

BIRI-BIRIŇIZI IÇGIN TANAŇ

5, 6. Tanyşlyk döwri biri-biriňiz hakda nämeleri bilmeli? (1 Petrus 3:4).

5 Tanyşlyk döwri biri-biriňizi içgin tanajak boluň. Şonda siz maşgala gurmalymy ýa-da gurmaly däldigine göz ýetirersiňiz. Elbetde, siz synlaýan döwrüňiz onuň käbir häsiýetlerini bilensiňiz, emma tanyşlyk döwri ony has gowy tanajak boluň (1 Petrus 3:4-i okaň). Onuň Ýehowa berk iman edýändigini, dünýägaraýşyny biljek boluň we şeýle soraglar hakda oýlanyň: «Ol maňa gowy ýanýoldaş bolarmy? (Nak. 31:26, 27, 30; Efes. 5:33; 1 Tim. 5:8). Biz biri-birimiz bilen syrdaş, dertdeş bolup bilerismi? Göwnüme ýaramaýan ownuk-uşak häsiýetleri bilen oňşup ýaşap bilerinmi?»b (Rim. 3:23). Maşgala ojagynyň bagtly bolmagy iki adamyň gylyk-häsiýetiniň meňzeş bolmagyna däl-de, dörän meseläni agzybir çözüp bilmegine baglydyr.

6 Siz tanyşlyk döwri ýene nämeleri göz öňünde tutmaly? Siz biri-biriňize ysnyşmankaňyz wajyp meseleler hakda gürrüň etmeli. Onuň nähili maksatlary bar? Ýokanç we dowamly keseli barmy? Bergisi barmy? Ol geçmişde elhenç wakany başdan geçirdimi? Elbetde, başda hemme temalar hakda jikme-jik gürrüň edip bolmaz (Ýahýa 16:12-ni deňeşdiriň). Eger siz ýagdaýyňyz barada bir zady gürrüň etmäge çekinýän bolsaňyz, onda şu hakda gürrüň bermäge heniz taýyn däldigiňizi aýdyň. Ýöne siz iru-giç gürrüň bermeli bolarsyňyz. Biri-biriňize özüňiz barada açyk gürrüň berseňiz, paýhasly karara gelip bilersiňiz.

7. Biri-biriňi gowy tanamak üçin näme etmeli? (Surata we «Ýollar ýatyr aramyzda» diýen çarçuwa serediň).

7 Siz tanyşlyk döwri biynjalyk edýän zatlaryňyz hakda açyk gürrüňdeş bolmaly, biri-biriňizden hiç zady gizlemeli däl we ünsli diňlemeli (Nak. 20:5; Ýak. 1:19). Belki, siz kafede, seýilgähde, wagyzda gürrüňdeş bolarsyňyz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza myhmançylyga bararsyňyz. Şeýle-de siz biri-biriňiz bilen wagt geçirer ýaly käbir işleri planlap bilersiňiz. Şonda onuň dürli ýagdaýda we dürli adamlar bilen özüni nähili alyp barýandygyny görüp bilersiňiz. Niderlandiýada ýaşaýan Eşwin Alisa bilen duşuşyp başlaýar. Eşwin şeýle gürrüň berýär: «Biz bileje nahar bişirýärdik, öýleri syryp-süpürýärdik. Şunuň ýaly ýönekeýje zatlar biri-birimiziň güýçli we ejiz tarapymyzy görmäge kömek etdi».

Surat: 1) duşuşýan ýaşlar kafede gowy gürrüňdeşlik edýär. 2) Ýaşlar oturylyşykda bile nahar taýýarlar. 3) Dogan wideoaragatnaşyk arkaly uýa bilen jaňlaşýar. Olar jw.org saýtyndan «Men maşgala durmuşyndan nämä garaşýaryn?» (I bölüm) diýen makalany (rus.) bileje okaýar. Doganyň öňünde Mukaddes Kitap açyk dur.

Duşuşýan ýaşlar biri-birini gowy tanamak üçin bile wagt geçirip, açyk gürrüňdeş bolmaly (7, 8-nji abzaslara serediň).


Ýollar ýatyr aramyzda

Uzak aralykdan tanyşýanlar hem şu makaladaky maslahatlara eýerip bilerler. Olar telefon ýa-da wideoaragatnaşyk arkaly habarlaşyp bilerler. Siz açyk gürrüňdeş boluň, biri-biriňiziň sözüni bölmän, ünsli diňläň. Emma ýüzbe-ýüz görüşmeseňiz, biri-biriňizi içgin tanap bilmersiňiz. Ýollar näçe uzak bolsa-da, wagtal-wagtal görşüň. Şeýle-de şu soraglar hakda oýlanyň: «Siz başga ýere göçmäge taýynmy? Ýerli halkyň dilini we medeniýetini öwrenmäge taýynmy? Siz biri-biriňizi görmek üçin ýol çykdajylaryny göterip bilersiňizmi? Toý tutanyňyzdan soňra siz gaýyn toparyňyz bilen görüşmek üçin çykdajy etmäge taýynmy?» (Luka 14:28).

8. Tanyşlyk döwri wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň edebiýatlaryny näme üçin okamaly?

8 Siz wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň edebiýatlaryny okasaňyz biri-biriňiziň garaýşyny bilersiňiz. Siz toýdan soň her hepde maşgala okuwyny geçirersiňiz we Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýarsyňyz (Nes. 4:12). Şol sebäpli siz häzirden maşgala okuwyny geçirseňiz gowy bolmazmy? Belki, dogan: «Men heniz maşgalabaşy däl ahyryn» diýýändir. Emma maşgala okuwy size Hudaý bilen dostlugyňyzyň berkdigine göz ýetirmäge kömek eder. ABŞ-da ýaşaýan Maks şeýle gürrüň berýär: «Liza bilen duşuşyp başlanymda, maşgala we tanyşlyk döwri baradaky makalalary bileje okadyk. Makaladaky pikirler soramaga çekinýän zatlarymyz hakda gürrüň etmäge mümkinçilik döretdi».

GÖZ ÖŇÜNDE TUTMALY ÝAGDAÝLAR

9. Duşuşyp başlandygyňyzy kimlere aýtmaly we näme üçin?

9 Siz duşuşyp başlandygyňyzy kimlere aýtmaly? Muny özüňiz çözýärsiňiz. Emma duşuşyp başlan badyňyza hemmelere jar etmeseňiz gowy bolar (Nak. 17:27). Şonda siz artykmaç gep-gürrüňiň öňüni alarsyňyz. Emma hiç kime aýtman ýörseňiz hem howply bolar, sebäbi siz biri göräýmesin diýip ikiçäk galyp, Ýehowany gynandyrýan işleri etmegiňiz mümkin. Siz maslahat berjek we kömek etjek adamlara aýtsaňyz gowy bolar (Nak. 15:22). Meselem, maşgala agzalaryňyza, imany berk dostlaryňyza ýa-da ýaşululara duşuşýandygyňyzy aýdyp bilersiňiz.

10. Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozmaz ýaly näme etmeli? (Nakyllar 22:3).

10 Tanyşlyk döwri ahlak taýdan arassa bolmaga näme kömek eder? Siz biri-biriňizi içgin tanadygyňyzça has-da ysnyşarsyňyz. Ahlaksyzlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli? (1 Kor. 6:18). Edepsiz gürrüňleri etmäň, ikiçäk galmaň we aşa köp içmäň, ýogsam höwesiňiz güýjäp, özüňize erk edip bilmersiňiz (Efes. 5:3). Siz tanyşlyk döwri belli bir çäk goýuň. Şonda siz biri-biriňiziň mertebäňize hormat goýarsyňyz we Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozmarsyňyz (Nakyllar 22:3-i okaň). Efiopiýada ýaşaýan Dawut bilen Almaz tanyşlyk döwründe näme edendiklerini şeýle gürrüň berýärler: « Biz maşynda-da, öýde-de ikiçäk galmazdyk. Biz köpçülik ýerlerinde, dost-ýarlarymyzyň arasynda duşuşardyk. Şeýdip, tanyşlyk döwri ahlak taýdan arassalygy sakladyk».

11. Ýaşlar nämeden ägä bolmaly?

11 Tanyşlyk döwri el tutuşmak, gujaklamak ýa-da ogşamak bolýarmy? Tanyşlyk döwri uzak dowam etse, biri-biriňize ysnyşarsyňyz, belki-de, el tutuşmagy, gujaklamagy we ogşamagy aýyp görmersiňiz. Emma ägä boluň! Siz çäkden çykmaň, ýogsam höwesiňiz güýjäp, dury pikirlenip bilmersiňiz, biri-biriňizi içgin tanaman, derrew toý tutmak kararyna gelersiňiz (Aýd. 1:2; 2:6). Şeýle-de özüňize erk edip bilmän, Ýehowany gynandyrýan işleri etmegiňiz mümkin (Nak. 6:27). Şonuň üçin tanyşlyk döwrüniň başynda Mukaddes Kitabyň ahlak kada-kanunlary hakda gürrüň ediň we belli bir çäk goýuň (1 Sel. 4:3—7)c. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Biz biri-birimizi gujaklasak ýa-da ogşasak, höwesimiz güýjäp, özümize erk etmek kyn bolmazmy? Il-gün görse näme diýer?»

12. Düşünişmezlik ýüze çyksa näme barada oýlanmaly?

12 Tanyşlyk döwri düşünişmezlik dörese näme etmeli? Käte siziň sözüňiz azaşyp biler, emma bu biri-biriňize gabat gelmeýändigiňizi aňlatmaýar. Ähli maşgalada-da düşünişmezlik bolýar, emma biri-birini söýýän we hormat goýýan är-aýal düşünişmezligi agzybirlikde çözýär. Siz tanyşlyk döwri düşünişmezligi nädip çözýändigiňize üns beriň. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Biz meseläni dawalaşman çözüp bilýärismi? Sylaşykly gepleşýärismi? Biz ýalňyşymyzy boýun alyp, öz üstümizde işleýärismi? Biz eglişik etmäge, ötünç soramaga we bagyşlamaga taýynmy?» (Efes. 4:31, 32). Eger tanyşlyk döwri hemişe dawalaşýan bolsaňyz, toýdan soň hem ýagdaý üýtgemez. Siz hiç düşünişip bilmeýän bolsaňyz, onda araňyzy kesseňiz ikiňiz üçin hem gowy bolard.

13. Tanyşlyk döwri näçe wagt dowam etmeli?

13 Tanyşlyk döwri näçe wagt dowam etmeli? Mukaddes Kitapda howlugyp karara gelýän adamlaryň kösenýändigi aýdylýar (Nak. 21:5). Birini tanamak üçin wagt gerek bolýar. Şonuň üçin tanyşlyk döwri gysga bolmaly däl. Emma tanyşlyk döwri uzaga-da çekmeli däl. Mukaddes Kitapda: «Uzaga çeken tama ýürege dertdir» diýilýär (Nak. 13:12). Eger uzaga çekse, oglan bilen gyz biri-birine ysnyşyp, özüne erk edip bilmän ahlaksyzlyk etmegi mümkin (1 Kor. 7:9). Siz: «Plança wagt duşuşaryn» diýip, tanyşlyk döwrüne möhlet goýmagyň deregine: «Ony gowy tanadymmy? Başga-da bilmeýän zatlarym barmy?» diýen soraglar hakda oýlanyň.

KÖMEGE TAÝYN BOLUŇ

14. Biz ýaşlary nädip goldap bileris? (Surata serediň).

14 Eger siz duşuşýan ýaşlary tanaýan bolsaňyz, olary nädip goldap bilersiňiz? Belki, olary myhmançylyga, maşgala okuwyna ýa-da gezelenje çagyrarsyňyz (Rim. 12:13). Şonda olar biri-birini içgin tanap biler. Belki, olar ikiçäk galmaz ýaly ýanlarynda biriniň bolmagyny islärler ýa-da bir ýere gitmek üçin ulag gerek bolar, ýa-da arkaýyn gürrüňdeş bolar ýaly ýer tapýan däldirler. Siz olara kömek edip bilersiňizmi? (Gal. 6:10). Alisa bilen Eşwin tanyşlyk döwri dogan-uýalaryň beren goldawy hakda şeýle ýatlaýarlar: «Biz gürrüňdeş bolmak üçin ýer gözlänimizde, dogan-uýalar bizi öýüne çagyrardylar. Biz olara örän minnetdar». Eger sizden üçünji adam bolmagy haýyş etseler, muny kyn görmäň, olary goldamaga taýyn boluň. Siz ýaşlary ikiçäk goýmaň, emma olar biri-biri bilen arkaýyn gürrüň edip biler ýaly mümkinçilik hem dörediň (Flp. 2:4).

Duşuşýan ýaşlar oturylyşykda gyrada oturyp, biri-biri bilen gürrüňdeş bolýar.

Duşuşýan ýaşlara eliňizden gelen kömegi ediň (14, 15-nji abzaslara serediň).


15. Biz ýaşlary oňaýsyz ýagdaýa salmaz ýaly näme etmeli? (Nakyllar 12:18).

15 Biz pikirlenmän geplesek, ýaşlary oňaýsyz ýagdaýa salarys (Nakyllar 12:18-i okaň). Meselem, dogan bilen uýanyň duşuşyp başlandygyny eşideniňizde, gowy habary hemmelere aýdasyňyz gelýändir. Belki, ýaşlar hemmeleriň eşitmegini isleýän däldir we özleriniň aýdasy gelýän adamlary bardyr. Şonuň üçin ýaşlaryň gep-gürrüňini etmäliň ýa-da gelýän kararlaryny tankytlamalyň (Nak. 20:19; Rim. 14:10; 1 Sel. 4:11). Şeýle-de ýaşlara toý bilen bagly birtopar sorag berip, oňaýsyz ýagdaýa salmalyň. Eliza uýa şeýle gürrüň berýär: «Duşuşýan döwrümiz dogan-uýalar: „Haçan toý?“ diýip soraýardylar. Şonda özümizi oňaýsyz duýýardyk, sebäbi toý hakda heniz gürrüň etmändik».

16. Biz duşuşmagyny bes eden ýaşlara nähili garamaly?

16 Biz dogan bilen uýanyň duşuşmagyny bes edendigini eşitsek, özümizi nähili alyp barmaly? Biz: «Näme boldy? Näme üçin duşuşmagyňyzy goýduňyz?» diýip, olary soraga tutmaly däl ýa-da biriniň tarapyny tutup, beýlekisini ýamanlamaly däl (1 Pet. 4:15). Leýa uýa şeýle gürrüň berýär: «Men duşuşmagymy goýdum welin, dogan-uýalaryň arasynda her hili gürrüň ýaýrady. Men özümizi erbet duýdum». Dogan-uýalar, oglan bilen gyz duşuşmagyny bes eden bolsa, olary tankytlamaň. Tanyşlyk döwrüniň maksady ýaşlara biri-birine gabat gelýändigini ýa-da gelmeýändigini anyklamaga kömek etmekdir. Diýmek, olar biri-birine gabat gelmeýändigine göz ýetirip dogry karara gelipdirler. Ýöne duşuşmagyny bes edenleriň ýüregi ýaraly bolýar we özlerini ýeke duýýar. Geliň, olaryň ýarasyna duz sepmäliň, gaýtam derdine derman bolalyň (Nak. 17:17).

17. Ýaşlar tanyşlyk döwri dogry karara gelmek üçin näme etmeli?

17 Tanyşlyk döwründe ajy günlerem bolýar, süýji günlerem. Jessika şeýle diýýär: «Biz tanyşlyk döwrüniň gowy geçmegi üçin köp wagt we güýç sarp etdik. Muňa hiç ökünmeýäris». Ýaşlar, eger siz duşuşýan bolsaňyz, biri-biriňizi gowy tanaň. Şonda siz dogry karara gelersiňiz we hiç haçan ökünmersiňiz.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Tanyşlyk döwrüniň maksady näme?

  • Birek-biregi içgin tanamak üçin näme etmeli?

  • Biz duşuşýan ýaşlary nädip goldap bileris?

49-NJY AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň

a Käbir atlar üýtgedildi.

b «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» diýen kitabynyň II tomuny okap bilersiňiz (sah. 39, 40).

c Biriniň jyns agzasyny sypalamak ahlaksyzlyk hasaplanylýar. Şeýle agyr günä edilende ýygnak ýaşululary düzediş komitetini düzýär. Mesihçi biriniň göwsüni sypalasa, telefon ýa-da SMS arkaly ahlaksyz gürrüňleri etse düzediş komiteti düzülip bilner, ýöne her ýagdaýa aýratynlykda seredilýär.

d Adaglanmak barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňi» žurnalyndan «Okyjylaryň sowallary» diýen makalany okap bilersiňiz (w99-U 15/8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş