Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 96
  • Günä näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Günä näme?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Mukaddes Kitapda «ölüme eltýän ýedi günä» diýen düşünje barmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaý meni bagyşlarmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 96
Atylan peýkamlaryň nyşandan sowa geçmegi

Günä näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Günä — bu Hudaýyň kadalaryna garşy gelýän islendik hereketi, duýgyny we pikiri aňladýar. Şeýle-de Hudaýyň nazarynda nädogry iş edip, onuň kanunyny bozmakdyr (1 Ýahýa 3:4; 5:17). Mundan başga-da Mukaddes Kitapda «ýagşylyk etmelidigini bilip-de, ony etmeýän adamyň günä edýändigi» aýdylýar (Ýakup 4:17).

Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda «günä» sözüniň manysy «sowa geçmek» ýa-da «nyşana degmezlik» diýmegi aňladýar. Meselem, gadymy Ysraýylda käbir esgerleriň atan sapanlary «sowa geçmeýärdi». Bu jümläni «günä etmedi» diýip terjime etse bolýar (Serdarlar 20:16). Görşümiz ýaly, günä etmek maksadyňa ýetmezligi, ýagny Hudaýyň kämil kadalarynyň çäginden çykmagy aňladýar.

Hudaý Ýaradyjy bolandygy üçin adamlara dürli kadalary bermäge haklydyr (Ylham 4:11). Biz edýän işlerimiz üçin onuň öňünde jogap bereris (Rimliler 14:12).

Hiç hili günä etmezlik mümkinmi?

Ýok, mümkin däl. Mukaddes Kitapda: «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» diýilýär (Rimliler 3:23; 1 Patyşalar 8:46; Nesihat 7:20; 1 Ýahýa 1:8). Bu nädip boldy?

Ilkinji ynsan, ýagny Adam ata bilen How ene başda günäsizdi. Sebäbi olar Hudaýyň keşbinde kämil edip ýaradylypdy (1 Musa 1:27). Emma Hudaýa gulak asman, olar kämilligini ýitirdiler (1 Musa 3:5, 6, 17—19). Nesilden-nesle geçýän kesel ýaly olardan bolan çagalar hem bikämilligi miras aldylar (Rimliler 5:12). Ysraýylyň Dawut atly patyşasy: «Ejem maňa göwreli bolaly bäri men günä edip gelýärin» diýdi (Zebur 51:5).

Käbir günäleriň juda agyr bolmagy mümkinmi?

Hawa. Meselem, Mukaddes Kitapda gadymy Sodom şäheriniň ýaşaýjylarynyň «pis işleri», «uly günä edendikleri» we «günäleriniň juda agyr» bolandygy barada aýdylýar (1 Musa 13:13; 18:20). Geliň, günäniň uludygyny ýa-da agyrdygyny kesgitleýän üç aýratynlyga seredeliň.

  1. Agyr günä. Mukaddes Kitapda jynsy ahlaksyzlyk, butparazlyk, ogurlyk, arakhorlyk, talaňçylyk, ganhorlyk we jadygöýlik ýaly agyr günälerden gaça durmak barada maslahat berilýär (1 Korinfliler 6:9—11; Ylham 21:8). Bu etmişler oýlanyşyksyz we bilmän edilen günälerden, meselem, başgalaryň göwnüne degiji sözlerden ýa-da hereketlerden tapawutlanýar (Nakyllar 12:18; Efesliler 4:31, 32). Muňa garamazdan, Ýazgylarda günä etmeklige sowuk-sala seretmeli däldigi ündelýär. Sebäbi ujypsyz günä hem Hudaýyň kanunyna garşy gelýän has agyr günä iterip biler (Matta 5:27, 28).

  2. Adamyň niýeti. Käbir adamlar Hudaýyň kadalaryny bilmeýändigi üçin günä edýär (Resullar 17:30; 1 Timoteos 1:13). Mukaddes Kitapda şeýle adamlaryň etmişi aklanmasa-da, olar Hudaýyň kanunyny bilgeşleýin bozýan adamlardan tapawutlanýar (4 Musa 15:30, 31). Bilgeşleýin edilen günä adamyň «erbet niýetlidigini» görkezýär (Ýermeýa 16:12).

  3. Günäniň sany. Mukaddes Kitapda bir gezek edilen günä bilen uzak wagtyň dowamynda edilen günäleriň bir-birinden tapawutlanýandygy aýdylýar (1 Ýahýa 3:4—8). Edýän hereketiniň nädogrudygyny bilip-de, «bilgeşleýin günä edýän» adamlary Hudaý ýazgarýar (Ýewreýler 10:26, 27).

Agyr günä eden adamlaryň ynsaby ezýet bermegi mümkin. Meselem, Dawut patyşa: «Ýazyklarym başymdan aşdy, olar agyr ýük kimin götererimden agyr» diýdi (Zebur 38:4). Emma Mukaddes Kitapda şeýle teselli beriji sözler bar: «Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir» (Işaýa 55:7).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş