Birinji Musa
21 Ýehowa aýdyşy ýaly, Bibisara nazar saldy. Ýehowa oňa beren wadasyny berjaý etdi+. 2 Bibisara göwreli bolup+, garry Ybraýyma ogul dogrup berdi. Çaga edil Hudaýyň aýdan wagtynda dünýä indi+. 3 Ybraýym Bibisaradan bolan oglunyň adyna Yshak+ dakdy. 4 Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Ybraýym ogly Yshagy sekiz günlükkä sünnetledi+. 5 Yshak doglanda, Ybraýym 100 ýaşyndady. 6 Bibisara: «Hudaý meni güldürdi. Eşidenlerem meniň bilen gülşer*» diýdi. 7 Soňra ol: «Ybraýymyň aýaly Bibisaranyň çagasy bolar* diýseň kim ynanardy?! Men welin, garry ärime ogul dogrup berdim» diýdi.
8 Çaga ulalyp, süýtden aýryldy. Şol gün Ybraýym uludan toý tutdy. 9 Ybraýymyň müsürli Hajardan+ bolan ogly Ysmaýyl Yshagy+ kemsidýärdi. Muny gören Bibisara 10 Ybraýyma: «Gyrnak bilen ogluny kow. Ogly meniň oglum Yshak bilen mirasdüşer bolmasyn!»+ diýdi. 11 Emma ogly hakda aýdylan zatlar Ybraýyma agyr degdi+. 12 Şonda Hudaý Ybraýyma: «Gyrnagyň we ogluň hakda Bibisaranyň aýdanlaryny göwnüňe alma. Bibisara gulak as, sebäbi saňa wada beren neslim Yshakdan+ dörär. 13 Gyrnakdan bolan ogluňy-da+ uly millet ederin+. Ol hem seniň perzendiň» diýdi.
14 Ybraýym daň bilen turup, Hajara çörek bilen bir meşik suw berdi-de*, ogly ikisini ýola saldy+. Hajar Beýer-şeba çölüniň+ içi bilen ýöräp-ýöräp azaşdy. 15 Meşikdäki suwam gutardy. Şonda ol ogluny ýandagyň aşagynda goýdy-da: 16 «Çagamyň ölümini bir görmäýin» diýip, biraz beýleräge geçip oturdy. Hajar oturan ýerinde ses edip aglap başlady.
17 Soňra Hudaý oglanyň zaryn sesini eşitdi+. Gökden Hudaýyň perişdesi Hajara+: «Näme üçin aglaýaň? Gorkma, Hudaý ogluň ahy-nalasyny eşitdi. 18 Bar, ogluňy aýak üstüne galdyr. Men ondan uly millet dörederin»+ diýdi. 19 Soňra Hudaý Hajara bir guýyny görkezdi. Ol hem meşigi suwdan dolduryp geldi-de, ogluna içirdi. 20 Ysmaýyl ösüp ulalýardy, Hudaý hem ony goldaýardy+. Ol çölde ýaşap, awçy* bolup ýetişdi. 21 Şeýlelikde, Ysmaýyl Paran çölünde+ mesgen tutdy. Ejesi oňa müsürli gyz alyp berdi.
22 Şol wagtlar Abymälik goşunbaşysy Pikal bilen Ybraýymyň ýanyna gelip: «Alla seniň ähli işiňi ugruna edýär+. 23 Sen baglaşan ähtimizi bozmajakdygyňy, maňa, çagalaryma we neslime hiç hili ýamanlyk etmejekdigiňi söz ber. Saňa ýagşylyk edişim* ýaly, maňa we ýaşaýan ýurduňdaky halka ýagşylyk etjekdigiňe Hudaýyň öňünde ant iç»+ diýdi. 24 Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi.
25 Abymäligiň hyzmatkärleri Ybraýymyň guýusyny zor bilen elinden alypdy+. Ybraýym şoňa nägiledigini aýtdy. 26 Şonda Abymälik: «Men-ä muny kimiň edenini bilemok. Senem hiç zat aýtmadyň. Şu wagt eşidip otyryn» diýdi. 27 Ybraýym Abymälige ownukly-irili mal berdi we olaryň ikisi äht baglaşdy. 28 Ybraýym ýedi guzyny sürüden aýryp goýdy. 29 Abymälik: «Ýedi guzyny näme üçin aýry goýduň?» diýip sorady. 30 Ybraýym: «Ýedi guzyny saňa berýärin. Olar guýyny meniň gazandygyma subutnama bolsun» diýdi. 31 Ol şol ýere Beýer-şeba*+ diýip at goýdy, sebäbi olaryň ikisem ant içipdi. 32 Şeýdip, olar Beýer-şebada äht baglaşdylar+. Soňra Abymälik goşunbaşysy Pikal bilen ýola düşüp, piliştlileriň+ ýurduna dolandy. 33 Ybraýym bolsa Beýer-şebada ýylgyn ekip, baky Hudaý+ Ýehowany şöhratlandyrdy+. 34 Ybraýym uzak wagtlap piliştlileriň ýurdunda ýaşady+.