Birinji Musa
38 Şol wagtlar Ýahuda doganlarynyň ýanyndan göçüp gitdi. Ol adullamly Hiranyň golaýynda çadyryny dikdi. 2 Ýahuda şol ýerde kenganlardan+ Şuwanyň gyzy bilen tanşyp, oňa öýlendi. 3 Aýaly göwreli bolup, ogul dogurdy. Ýahuda oglunyň adyna Er+ dakdy. 4 Aýaly ýene göwreli bolup, ogul dogurdy we adyna Onan goýdy. 5 Soňra ýene bir ogly boldy we adyna Şela dakdy. Çaga doglanda, olar* Akzypdady+.
6 Ýahuda uly ogly Eri öýlendirdi, gelniniň ady Tamardy+. 7 Emma Ýahudanyň uly ogly Er Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärdi. Şonuň üçin Ýehowa Eri öldürdi. 8 Şonda Ýahuda Onana: «Agaň nesli ýitip gitmez ýaly, aýalyna öýlen»+ diýdi. 9 Emma Onan doguljak çaganyň özüniňki hasaplanmajagyny bilýärdi+. Şonuň üçin ol doganynyň aýalyna ýanaşsa-da*, çaga galdyrmajak bolup, tohumyny ýere dökerdi+. 10 Ýehowa Onanyň edýänini erbetlik hasaplap, ony hem öldürdi+. 11 Ýahuda gelni Tamara: «Oglum Şela ulalýança, hiç kime durmuşa çykman, ataň öýünde boluber» diýdi. Sebäbi Ýahuda Şela hem beýleki ogullary ýaly öler öýdüp gorkýardy+. Şeýlelikde, Tamar atasy öýüne gaýtdy.
12 Birnäçe wagtdan Şuwanyň gyzy, Ýahudanyň aýaly+ ýogaldy. Ýas günlerini sowup, Ýahuda adullamly dosty Hiran+ bilen gyrkymçylarynyň ýanyna Timnaha+ gitdi. 13 Tamara: «Gaýynataň Timnaha gyrkyma gidýär» diýip habar berdiler. 14 Şonda ol dul geýimini çalyşdy-da, ýapynja örtünip, ýüzüni büräp, Timnahyň ýolundaky Enaýymyň derwezesinde oturdy. Sebäbi Tamar Şelanyň ulalandygyny bilýärdi, gaýynatasy bolsa ony Şela alyp bermändi+.
15 Ýahuda Tamary görüp, ahlaksyz aýaldyr öýtdi, sebäbi ol ýüzüni ýapypdy. 16 Ýahuda Tamaryň öz gelnidigini+ bilmän, ýanyna baryp: «Bile ýataly» diýdi. Ol bolsa: «Näme berjek?» diýip sorady. 17 Ýahuda: «Sürimden owlak ibererin» diýip jogap berdi. Emma gelin: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup biljekmi?» diýdi. 18 Ýahuda: «Näme goýaýyn?» diýip soranda, gelin: «Eliňdäki hasaňy we möhürli ýüzügiňi+ ýüpi bilen ber» diýdi. Ýahuda şol zatlary berip, onuň bilen ýatdy. Ol hem göwreli boldy. 19 Tamar turup, öýüne gaýtdy we ýapynjasyny aýryp, ýene-de dul geýimini geýdi.
20 Ýahuda girew goýan zatlaryny yzyna almak üçin, adullamly dostundan+ bir owlak iberdi. Emma dosty ol aýaly tapmady. 21 Ol ýerli ýaşaýjylardan: «Enaýymdaky ýolda ahlaksyz aýal* oturýardy, şol niredekä?» diýip soraşdyrdy. Olar bolsa: «Bärde hiç wagtam ahlaksyz aýal bolmandy» diýdiler. 22 Ahyry ol Ýahudanyň ýanyna baryp: «Men-ä aýaly tapmadym. Ýerli halk: „Bärde hiç wagt ahlaksyz aýal* bolmandy“ diýýär» diýdi. 23 Şonda Ýahuda: «Aý, bor-la, şol zatlar onuňky bolaýsyn. Ol aýaly gözläp, biabraý bolup ýörmäli. Men-ä owlagy iberdim, ýöne nätjek, ony tapyp bilmänsiň-dä» diýdi.
24 Üç aýa golaý wagt geçdi. Ýahuda: «Gelniň Tamar ahlaksyzlyk edip, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Şonda Ýahuda: «Ony çykaryp, öldüriň-de, ýakyň»+ diýdi. 25 Tamary äkidip barýarkalar, ol girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberip: «Men şu zatlaryň eýesinden göwreli boldum. Haýyş, şu hasanyň, möhürli ýüzük bilen ýüpüň kimiňkidigini anyklap beräýiň»+ diýdi. 26 Ýahuda öz zatlaryny tanap: «Bolan zatlara ol günäkär däl. Bar günä mende, sebäbi ony oglum Şela alyp bermedim»+ diýdi. Şondan soň ol Tamara asla ýanaşmady.
27 Aýy-güni dolup, dogurmaly wagty gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaga bardygy bilindi. 28 Dogurýan wagty çagalaryň biri eljagazyny çykardy. Şonda göbegene: «Şu öňürti doguldy» diýip, dessine eline gyrmyzy ýüpjagaz daňdy. 29 Emma çaga elini yzyna çekdi welin, beýlekisi doguldy. Şonda göbegene: «Näme beýdip dyzap çykdyň?» diýdi. Şonuň üçin adyna Perez*+ dakdylar. 30 Soňra eli gyrmyzy ýüplüje çaga doguldy, adyna Zera+ goýdular.