Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 42
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýusubyň doganlary Müsüre gelýär (1—4)

      • Ýusup doganlaryny görýär we synaýar (5—25)

      • Ýusubyň doganlary Ýakubyň ýanyna dolanýar (26—38)

1 Musa 42:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:48, 49

1 Musa 42:2

Parallel aýatlar

  • +Res 7:12

1 Musa 42:3

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:1, 2

1 Musa 42:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:18, 19; 42:38; 44:20
  • +1Ms 43:14

1 Musa 42:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:57; Res 7:11

1 Musa 42:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:44; 45:8; Zb 105:21; Res 7:9, 10
  • +1Ms 47:14
  • +1Ms 37:7, 9

1 Musa 42:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:23
  • +1Ms 37:1; Res 7:11, 12

1 Musa 42:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:7—9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    5/2020, sah. 7

1 Musa 42:13

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:1, 2
  • +2Ms 1:1—4
  • +1Ms 35:18, 19; 42:38; 43:7
  • +1Ms 37:27, 35; 44:20

1 Musa 42:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:34; 43:29

1 Musa 42:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 45:21, 23

1 Musa 42:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:18, 28; 50:17; Res 7:9

1 Musa 42:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:21
  • +1Ms 9:5

1 Musa 42:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: terjimeçi.

1 Musa 42:24

Parallel aýatlar

  • +1Ms 43:30
  • +1Ms 42:19
  • +1Ms 43:23

1 Musa 42:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:7, 9

1 Musa 42:31

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:11

1 Musa 42:32

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:13
  • +1Ms 37:28, 35
  • +1Ms 35:18, 19; 42:4

1 Musa 42:33

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:19
  • +1Ms 42:2

1 Musa 42:36

Parallel aýatlar

  • +1Ms 43:14
  • +1Ms 37:28, 35
  • +1Ms 42:24

1 Musa 42:37

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:22; 46:9
  • +1Ms 43:8, 9; 44:32

1 Musa 42:38

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: meni göni göre salmaly bolarsyňyz. Sözlüge serediň: Mazar.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:31—34; 44:20
  • +1Ms 37:34, 35; 44:29
  • +Zb 89:48; Nes 9:10; Hoş 13:14; Res 2:27; Ylh 20:13

Umumy salgylar

1 Mus. 42:11Ms 41:48, 49
1 Mus. 42:2Res 7:12
1 Mus. 42:31Tr 2:1, 2
1 Mus. 42:41Ms 35:18, 19; 42:38; 44:20
1 Mus. 42:41Ms 43:14
1 Mus. 42:51Ms 41:57; Res 7:11
1 Mus. 42:61Ms 41:44; 45:8; Zb 105:21; Res 7:9, 10
1 Mus. 42:61Ms 47:14
1 Mus. 42:61Ms 37:7, 9
1 Mus. 42:71Ms 42:23
1 Mus. 42:71Ms 37:1; Res 7:11, 12
1 Mus. 42:91Ms 37:7—9
1 Mus. 42:131Tr 2:1, 2
1 Mus. 42:132Ms 1:1—4
1 Mus. 42:131Ms 35:18, 19; 42:38; 43:7
1 Mus. 42:131Ms 37:27, 35; 44:20
1 Mus. 42:151Ms 42:34; 43:29
1 Mus. 42:191Ms 45:21, 23
1 Mus. 42:211Ms 37:18, 28; 50:17; Res 7:9
1 Mus. 42:221Ms 37:21
1 Mus. 42:221Ms 9:5
1 Mus. 42:241Ms 43:30
1 Mus. 42:241Ms 42:19
1 Mus. 42:241Ms 43:23
1 Mus. 42:301Ms 42:7, 9
1 Mus. 42:311Ms 42:11
1 Mus. 42:321Ms 42:13
1 Mus. 42:321Ms 37:28, 35
1 Mus. 42:321Ms 35:18, 19; 42:4
1 Mus. 42:331Ms 42:19
1 Mus. 42:331Ms 42:2
1 Mus. 42:361Ms 43:14
1 Mus. 42:361Ms 37:28, 35
1 Mus. 42:361Ms 42:24
1 Mus. 42:371Ms 37:22; 46:9
1 Mus. 42:371Ms 43:8, 9; 44:32
1 Mus. 42:381Ms 37:31—34; 44:20
1 Mus. 42:381Ms 37:34, 35; 44:29
1 Mus. 42:38Zb 89:48; Nes 9:10; Hoş 13:14; Res 2:27; Ylh 20:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
Mukaddes Kitap
1 Musa 42:1—38

Birinji Musa

42 Ýakup Müsürde galla bardygyny eşidip+, ogullaryna: «Näme biri⁠-⁠biriňiziň ýüzüne seredişip otyrsyňyz? 2 Müsürde galla barmyş. Aç ölmejek bolsaňyz, gidiň⁠-⁠de, galla satyn alyp geliň»+ diýdi. 3 Şeýlelikde, Ýusubyň on dogany+ Müsüre galla satyn almaga gitdi. 4 Emma Ýakup Ýusubyň inisi Benýamini goýbermedi+, sebäbi ol: «Benýamine⁠-⁠de bir zat bolaýmasyn» diýdi+.

5 Kengan ýurduna⁠-⁠da açlyk düşüpdi. Ysraýylyň ogullary hem beýleki adamlar ýaly, galla satyn almak üçin Müsüre bardylar+. 6 Tutuş ýurda Ýusup gözegçilik edýärdi+. Ol dünýäniň ähli künjeginden gelen adamlara galla satýardy+. Ýusubyň doganlary hem gelip, öňünde ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler+. 7 Ýusup doganlaryny gören badyna tanady, ýöne özüni tanatmady+. Ýusup olar bilen gödek gepleşip: «Haýsy ýurtdan geldiňiz?» diýip sorady. Olar: «Kengandan geldik, galla satyn aljak bolýarys»+ diýdiler.

8 Ýusup doganlaryny tanasa⁠-⁠da, doganlary ony tanamady. 9 Şonda Ýusup olar hakda gören düýşlerini+ ýatlap: «Siz içaly! Ýurduň gowşak ýerini görmäge gelensiňiz!» diýdi. 10 Olaram: «Ýok, jenabym, biz galla satyn almaga geldik. 11 Biz bir atanyň ogullary, halal adamlar, içaly däl» diýdiler. 12 Ýusup: «Ýok, siz ýurduň gowşak ýerini görmäge gelensiňiz!» diýdi. 13 Şonda olar: «Jenabym, biz 12 dogan+. Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullary+. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy+, bir inimiz bolsa ýogaldy»+ diýip jogap berdiler.

14 Emma Ýusup: «Näme diýseňizem, siz⁠-⁠ä içaly! 15 Faraondan ant içýärin, körpäňiz gelmese, hiç ýere gitmersiňiz. Hany göreli, gepiňiz çynmyka?!+ 16 Biriňiz gidip, iniňizi alyp geliň. Galanyňyz bolsa tussaglykda saklanarsyňyz. Aýdanyňyz dogry bolsa, subut ediň. Ýöne gepiňiz ýalan bolup çykaýsa, faraondan ant içýärin, siz içalydan başga hiç kim däl» diýdi. 17 Ýusup olary üç günläp tussaglykda saklady.

18 Üçünji gün Ýusup olara: «Aýdanymy ediň⁠-⁠de, başyňyzy gutaryň. Menem Hudaýdan gorkýaryn. 19 Eger siz halal adamlar bolsaňyz, bir doganyňyz tussaglykda galsyn. Beýlekileriňiz gidiň⁠-⁠de, galla äkidiň, öýüňizdäkiler aç oturmasyn+. 20 Körpe iniňizi hem alyp gaýdyň. Eger aýdanyňyz dogry çyksa, diri galarsyňyz» diýdi. Olar aýdylyşy ýaly⁠-⁠da etdiler.

21 Olar biri⁠-⁠birine: «Inimize ýamanlyk edenimiz üçin jeza çekýäris+. Wah, ol näler ýalbarypdy, ýöne çekýän hasratyny görsek⁠-⁠de, nebsimiz agyrmady. Şonuň üçin şu güne düşdük» diýdiler. 22 Şonda Ruben: «Şol çaga degmäň diýip kän aýtdym, diňlemediňiz⁠-⁠dä!+ Indi edenimizi egnimiz bilen çekýäris»+ diýdi. 23 Olar Ýusubyň edilýän gürrüňe düşünýändigini bilmeýärdiler. Sebäbi ol doganlary bilen dilmaç* arkaly gepleşýärdi. 24 Ýusup olaryň ýanyndan bir gyra süýşüp, aglady+. Soň ýene yzyna baryp, olar bilen gürleşdi⁠-⁠de, aralaryndan Şimgony+ alyp, gözleriniň alnynda daňdy+. 25 Soňra Ýusup hyzmatkärlerine doganlarynyň haltalaryny galladan dolduryp, hersiniň puluny öz horjunyna salmagy we ýolda iýer⁠-⁠içere zat bermegi buýurdy. Hemme zat Ýusubyň tabşyryşy ýaly edildi.

26 Ýusubyň doganlary gallany eşeklerine ýükläp, ýola düşdüler. 27 Olaryň biri düşlän ýerlerinde eşegine iým bermek üçin horjunyny açdy. Görse, horjunynyň agzynda puly duran eken. 28 Şonda ol doganlaryna: «Serediň, pulumy yzyna salypdyrlar!» diýdi. Muny eşidip, doganlarynyň ýüregi ýaryldy. Gorkudan ýaňa sandyrap, biri⁠-⁠birlerine seredip: «Hudaý bizi näme üçin beýle güne saldyka?» diýdiler.

29 Olar Kengana, kakalarynyň ýanyna baryp, bolan zatlary ýekän⁠-⁠ýekän gürrüň berdiler: 30 «Ýurduň baştutany bize içalydyr öýdüp, gödek gepleşdi+. 31 „Biz içaly däl, halal adamlar+. 32 Özümizem 12 dogan+, barymyz bir atanyň ogullary. Bir inimiz⁠-⁠ä ýogaldy+, körpämiz Kenganda, kakamyzyň ýanynda galdy“+ diýdik. 33 Emma ol: „Aýdanyňyz çyn bolsa, bir doganyňyz bärde galsyn+. Galanyňyz bolsa öýüňizdäkiler aç oturmaz ýaly, biraz galla äkidiň+. 34 Körpe iniňizi hem alyp gaýdyň. Şonda siziň içaly däl⁠-⁠de, halal adamlardygyňyzy bilerin. Doganyňyzy goýbererin. Onsoň, ýurtdan aljak⁠-⁠goýjak zatlaryňyzy arkaýyn alyberiň“ diýdi».

35 Haltalaryny boşadanlarynda, hemmesiniň pully torbasy çykdy. Muny görüp, özleriniň⁠-⁠de, kakalarynyň⁠-⁠da ýüregi ýaryldy. 36 Ýakup dady⁠-⁠perýat edip: «Siz meni çagasyz goýduňyz!+ Öň⁠-⁠ä Ýusuby+, soňam Şimgony ýitirdim+, indi Benýamini hem äkitjek bolýaňyzmy? Men bir bagty gara adam ekenim!» diýdi. 37 Şonda Ruben kakasyna: «Eger Benýamini yzyna getirmesem, iki oglumy öldüräý+. Men Benýamin üçin kelläm bilen jogap bererin, sag⁠-⁠aman yzyna getirerin»+ diýdi. 38 Emma Ýakup: «Ýok, oglum siz bilen gitmez. Şonsuzam agasy ölüp, ýeke galdy+. Ýolda çagama bir zat bolaýsa, çal başymy agyr derde salarsyňyz+. Soň meni göni äkidip jaýlaýmaly bolarsyňyz*»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş