Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 47
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýakup faraonyň huzurynda (1—12)

      • Ýusup işini paýhasly ýöredýär (13—26)

      • Ysraýyl Goşende mesgen tutýar (27—31)

1 Musa 47:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:31
  • +1Ms 45:10; 2Ms 8:22

1 Musa 47:2

Parallel aýatlar

  • +Res 7:13

1 Musa 47:3

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:16; 26:12, 14; 31:17, 18; 46:33, 34

1 Musa 47:4

Parallel aýatlar

  • +Res 7:11
  • +1Ms 15:13; 5Ms 26:5; Zb 105:23; Res 7:6
  • +1Ms 45:10

1 Musa 47:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 45:17, 18

1 Musa 47:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:7; 35:28
  • +Eýp 14:1, 2

1 Musa 47:11

Çykgytlar

  • *

    Goşeniň başga ady ýa-da bir etraby bolmagy mümkin.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 45:10; 2Ms 1:8, 11; 12:37; 4Ms 33:3

1 Musa 47:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:30, 31

1 Musa 47:14

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:56; 44:25

1 Musa 47:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:48, 49

1 Musa 47:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:45

1 Musa 47:24

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:34

1 Musa 47:25

Parallel aýatlar

  • +1Ms 45:5; Res 7:11
  • +1Ms 47:19

1 Musa 47:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 47:22

1 Musa 47:27

Parallel aýatlar

  • +1Ms 47:4
  • +2Ms 1:7; 5Ms 10:22; Zb 105:24; Res 7:17

1 Musa 47:28

Parallel aýatlar

  • +1Ms 47:9

1 Musa 47:29

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: budumyň aşagyna eliňi goý. Öňler ant içilende şeýle edilýärdi.

  • *

    Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirip.

  • *

    Sözme-söz: wepaly bolarsyň.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:33
  • +1Ms 46:4; 50:13; Res 7:15, 16

1 Musa 47:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:9, 10; 49:29, 30

1 Musa 47:31

Parallel aýatlar

  • +1Ms 50:5
  • +Ýew 11:21

Umumy salgylar

1 Mus. 47:11Ms 46:31
1 Mus. 47:11Ms 45:10; 2Ms 8:22
1 Mus. 47:2Res 7:13
1 Mus. 47:31Ms 12:16; 26:12, 14; 31:17, 18; 46:33, 34
1 Mus. 47:4Res 7:11
1 Mus. 47:41Ms 15:13; 5Ms 26:5; Zb 105:23; Res 7:6
1 Mus. 47:41Ms 45:10
1 Mus. 47:61Ms 45:17, 18
1 Mus. 47:91Ms 25:7; 35:28
1 Mus. 47:9Eýp 14:1, 2
1 Mus. 47:111Ms 45:10; 2Ms 1:8, 11; 12:37; 4Ms 33:3
1 Mus. 47:131Ms 41:30, 31
1 Mus. 47:141Ms 41:56; 44:25
1 Mus. 47:211Ms 41:48, 49
1 Mus. 47:221Ms 41:45
1 Mus. 47:241Ms 41:34
1 Mus. 47:251Ms 45:5; Res 7:11
1 Mus. 47:251Ms 47:19
1 Mus. 47:261Ms 47:22
1 Mus. 47:271Ms 47:4
1 Mus. 47:272Ms 1:7; 5Ms 10:22; Zb 105:24; Res 7:17
1 Mus. 47:281Ms 47:9
1 Mus. 47:291Ms 49:33
1 Mus. 47:291Ms 46:4; 50:13; Res 7:15, 16
1 Mus. 47:301Ms 25:9, 10; 49:29, 30
1 Mus. 47:311Ms 50:5
1 Mus. 47:31Ýew 11:21
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
Mukaddes Kitap
1 Musa 47:1—31

Birinji Musa

47 Ýusup gidip, faraona+: «Kakam bilen doganlarym Kengandan geldi. Hemme zatlaryny, mal⁠-⁠garalaryny alyp gaýdypdyrlar. Olar şu wagt Goşende»+ diýdi. 2 Soňra ol doganlarynyň bäşisini faraonyň huzuryna getirdi+.

3 Faraon: «Käriňiz näme?» diýip soranda, olar: «Patyşahym, biz ata⁠-⁠babalarymyz ýaly, goýun bakýarys»+ diýip jogap berdiler. 4 Soňra olar faraona: «Kenganda açlyk güýçli, mal bakar ýaly ot hem ýok+. Şonuň üçin bärik göçüp geldik+. Bize Goşende ýaşamaga rugsat ediň»+ diýdiler. 5 Şonda faraon Ýusuba: «Kakaň bilen doganlaryň ýanyňa gelipdir. 6 Ine, tutuş Müsür seniň eliňde. Olara ýurduň iň gowy ýerini ber+. Goý, Goşende ýaşasynlar. Aralarynda başarjaňy bar bolsa, meniň sürülerimi hem bakdyr» diýdi.

7 Soňra Ýusup kakasy Ýakuby getirip, faraon bilen tanyşdyrdy. Ýakup faraona ak pata berdi. 8 Faraon ondan: «Ýaşuly, ýaşyňyz näçe?» diýip sorady. 9 Ýakup: «Indi 130⁠-⁠y arka atypdyryn. Ata⁠-⁠babalarym ýaly, göçüp⁠-⁠gonup ýaşadym. Ýöne olaryňky ýaly uzak ýaşamadym+. Köp agyr günleri başdan geçirdim»+ diýip jogap berdi. 10 Ol faraona ak pata berip, huzuryndan çykyp gaýtdy.

11 Faraonyň tabşyryşy ýaly, Ýusup kakasyny we doganlaryny Müsür ýurdunda ýerleşdirip, Ramsesden*+ iň gowy ýer berdi. 12 Ol kakasy bilen doganlarynyň iýjek⁠-⁠içjegini ýetirip, hersiniň maşgalasyna çaga sanyna görä çörek berdi.

13 Açlyk gitdigiçe güýjäp, Müsürde⁠-⁠de, Kenganda⁠-⁠da çörek gutardy. Açlykdan ýaňa adamlaryň ysgyn⁠-⁠mydary galmady+. 14 Ýusup galla satyp, Müsür we Kengan ilatynyň ähli puluny ýygnady+. Ol pullary faraonyň hazynasyna üýşürýärdi. 15 Ahyry müsürlileriň we kenganlaryň bar puly gutardy. Müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip: «Bize iýere zat ber! Pulumyz gutarany üçin, indi hemmämiz öläýmelimi?» diýdiler. 16 Şonda Ýusup: «Puluňyz ýok bolsa, mallaryňyzy getiriň, deregine galla bereýin» diýdi. 17 Olar Ýusuba mallaryny getirip başladylar. Ýusup olaryň atlaryny, eşeklerini, goýun⁠-⁠geçilerini, iri mallaryny alyp, deregine galla berdi. Şol ýyl ol halkyň malyny galla çalyşdy.

18 Bir ýyl geçdi. Indiki ýyla aýak basylanda, adamlar Ýusubyň ýanyna gelip: «Jenabym, senden gizlin zadymyz ýok. Biz⁠-⁠ä pulumyzy hem, malymyzy hem saňa getirip berdik. Indi diňe özümiz bilen mellegimiz galdy. 19 Hemmämiz ölüp gitsek, mellegimiz boşap galsa, kime peýdasy bolar? Jenabym, mellegimizi⁠-⁠de, özümizi⁠-⁠de satyn alyp, bize iýere zat ber. Faraona gul bolaly, melleklerimiz hem onuňky bolsun. Bize däne ber, açlykdan ölmäli, mellegimiz hem takrap ýatmasyn» diýdiler. 20 Açlyk güýjändigi sebäpli, müsürlileriň hemmesi mellegini satdy. Ýusup olaryň mellegini satyn alyp, faraonyň hasabyna geçirdi. Şeýdip, tutuş ýurt faraonyňky boldy.

21 Ýusup Müsüriň çet ýerlerinde ýaşaýan adamlary şäherlere göçürdi+. 22 Ýöne ol ruhanylaryň mellegini satyn almady+, sebäbi olaryň iýjek⁠-⁠içjegini faraon berýärdi. Şonuň üçin olar mellegini satmadylar. 23 Ýusup halka: «Indi mellegiňiz hem, özüňiz hem faraonyňky. Ynha däne, äkidiň⁠-⁠de, ekiň. 24 Hasylyň bäşden bir bölegini faraona berersiňiz+, galan dört böleginden ekin ekersiňiz, öýüňizdäkilere, çagalaryňyza çörek bolar» diýdi. 25 Şonda halaýyk: «Jenabym, bizi ölümden gutardyň+. Indi isleseň, faraona gul bolaly»+ diýdi. 26 Soňra Ýusup tutuş Müsür ýurdunda hasylyň bäşden bir bölegini faraona bermek hakda perman çykardy. Şol perman henizem güýjüni gaçyrmady. Diňe ruhanylaryň mellekleri faraonyň hasabyna geçmedi+.

27 Şeýlelikde, Ysraýyl ogullary Müsüriň Goşen+ welaýatynda mesgen tutdy. Olar barha köpelýärdi+. 28 Ýakup Müsürde 17 ýyl ýaşady. Ol jemi 147 ýaşady+.

29 Ysraýyl ölüminiň öň ýanynda+ ogly Ýusuby çagyryp: «Oglum, menden razy bolsaň, meni Müsürde jaýlamajakdygyňy+ söz berip, ant iç*. Şeýtseň, maňa ýagşylyk edip*, perzentlik borjuňy berjaý edersiň*. 30 Aradan çyksam, meni Müsürden äkidip, ata⁠-⁠babalarymyň ýanynda jaýla»+ diýdi. Ýusup: «Aýdyşyň ýaly ederin, kaka!» diýdi. 31 Şonda kakasy: «Onda ant iç» diýdi. Ýusup ant içdi+. Ysraýyl bolsa düşeginde oturan ýerinden Hudaýa tagzym etdi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş