1 Patyşalar
21 Soňra ýizregelli Nabotyň üzümligi bilen bagly şeýle waka boldy. Ýizregelde+, Samariýa patyşasy Ahabyň köşgüniň gapdalynda Nabotyň üzümligi bardy. 2 Ahap Nabota: «Üzümligiň köşgüme golaý, ekin ekmek üçin maňa bersene, deregine has gowy üzümlik bereýin ýa-da bahasyny töläýin» diýdi. 3 Emma Nabot: «Ata-babalarymdan galan mirasy+ saňa bersem, Ýehowa muny asla oňlamaz» diýdi. 4 Ahap ýüzüni sallap, gamgyn halda öýüne gaýtdy. Ol hiç zat iýmän-içmän, düşegine geçip, ýüzüni diwara öwrüp ýatdy. Ýizregelli Nabotyň: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermerin» diýen sözleri oňa juda agyr degipdi.
5 Aýaly Izabel+ gelip: «Näme keýpiň ýok? Hiç zat iýmän ýatyrsyň» diýdi. 6 Ahap: «Ýizregelli Nabota üzümligiňi sataý, isleseň, deregine başgasyny bereýin diýdim. Ol bolsa: „Berjek däl“ diýip dur» diýdi. 7 Şonda aýaly Izabel: «Sen Ysraýylyň patyşasy dälmi?! Tur, iýip iç-de, keýpiňi kökle. Ýizregelli Nabotyň üzümligini saňa özüm alyp bererin»+ diýdi. 8 Soňra ol Ahabyň adyndan hat ýazyp, patyşanyň möhürini+ basdy-da, Nabotyň ýaşaýan şäherindäki ýaşululara+ we beglere ugratdy. 9 Ýazan hatynda şeýle sözler bardy: «Agyz beklemegi yglan ediň-de, Naboty halkyň öňünde oturdyň. 10 Garşysynda iki sany ýaramaz adamy oturdyň. Goý, olar: „Sen Hudaýa-da, patyşa-da dil ýetirdiň!“+ diýip, oňa töhmet atsynlar*+. Soňra Naboty şäherden çykaryň-da, daşlap öldüriň»+.
11 Nabotyň şäherindäki ýaşulular we begler Izabeliň iberen hatynda aýdyşy ýaly-da etdiler. 12 Agyz beklemegi yglan edip, Naboty halkyň öňünde oturtdylar. 13 Soňra iki sany ýaramaz adam gelip, Nabotyň garşysynda oturdy. Olar: «Nabot Hudaýa-da, patyşa-da dil ýetirdi!» diýip, halkyň öňünde töhmet atyp başladylar+. Soňra adamlar Naboty şäherden çykaryp, daşlap öldürdiler+. 14 Izabele: «Nabot daşlanyp öldürildi»+ diýip habar ýolladylar.
15 Izabel Nabotyň daşlanyp öldürilendigini eşidende, Ahaba: «Tur-da, ýizregelli Nabotyň satmadyk üzümligine eýe çyk+. Nabot indi ýagty jahanda ýok, ol öldi» diýdi. 16 Ahap ýizregelli Nabotyň ölendigini eşiden badyna, üzümligini almaga gitdi.
17 Şonda Ýehowa tişbeli Ylýasa+ şeýle diýdi: 18 «Tur-da, Samariýada höküm sürýän Ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git+. Ol şu wagt Nabotyň üzümligini almaga bardy. 19 Ahaba aýt: „Ýehowa şeýle diýýär: „Sen bir bendäni öldürip+, indem mülküne eýe çykýaňmy?“+ Soňra: „Ýehowa şeýle diýýär: „Itler Nabotyň ganyny nirede ýalan bolsa, şol ýerde seniň ganyňy hem ýalarlar“ diý»+.
20 Ahap Ylýasy görende: «Bäh, duşmanym meni ahyr tapypdyr-ow!»+ diýdi. Ylýas: «Hawa, tapdym. Hudaý şeýle diýýär: „Sen Ýehowanyň öňünde nejis işleri etmegiňi goýmadyň*+. 21 Şonuň üçin başyňa betbagtçylyk getirerin, seni we maşgalaňdaky ähli erkek göbeklileri+, hatda ejiz we gowşak adamlary hem Ysraýyldan ýok ederin+. 22 Nebatyň ogly Ýerobgamyň+ we Ahyýaryň ogly Başanyň maşgalasyny ýok edişim ýaly+, seniň maşgalaňy hem ýok ederin, sebäbi sen Ysraýyla günä etdirip, gaharymy getirdiň“. 23 Ýehowa Izabel hakda hem şeýle diýýär: „Izabeli Ýizregelde bir meýdançada itler iýer+. 24 Ahabyň maşgalasynyň şäherde ölenlerini itler iýer, açyk meýdanda ölenleri guşlara şam bolar+. 25 Ahap ýaly Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip, ýoldan çykan* adam bolmandy+. Ahap şol erbet işleri aýaly Izabeliň gepine gidip etdi+. 26 Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran amor halky ýaly, ýigrenji butlara* sežde edip, nejis işlere baş goşdy“» diýdi+.
27 Ahap muny eşiden badyna, ýakasyny ýyrtyp, jul geýdi. Ol agyz bekläp, gamgyn bolup gezdi, jul eşigini ýatanda-da çykarmady. 28 Şonda Ýehowa tişbeli Ylýasa: 29 «Gördüňmi, Ahap pälinden gaýtdy*+. Şonuň üçin maşgalasyna betbagtçylygy Ahap dirikä däl-de, oglunyň döwründe indererin»+ diýdi.