Ikinji Patyşalar
14 Ysraýyl patyşasy Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşyň+ hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa patyşa boldy. 2 Amazýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýehoýadin iýerusalimlidi+. 3 Amazýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etse-de, atasy Dawut+ ýaly bolup bilmedi. Ol kakasy Ýehoýaşyň ýaman ýolundan ýöredi+. 4 Emma seždegähler* ýok edilmändi+, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar+. 5 Amazýa patyşalygy berkidensoň, kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi+. 6 Emma ol Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunynda: «Atalar ogullarynyň etmişi üçin, ogullar hem atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin. Her kim öz eden günäsi üçin ölüme höküm edilmelidir»+ diýip tabşyryşy ýaly, şol ganhorlaryň ogullaryny öldürmedi. 7 Amazýa Duz jülgesinde+ edomlylar+ bilen söweşip, 10 000 adamy gyrdy. Selany basyp alyp+, adyna Ýokteýel goýdy, oňa henizem Ýokteýel diýilýär.
8 Soňra Amazýa Ysraýyl patyşasyna, Ýehuwyň agtygy, Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşa: «Gel, güýç synanyşaly»+ diýip habar ýollady. 9 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş bolsa Ýahuda patyşasy Amazýa şeýle jogap berdi: «Liwanyň ýandagy Liwanyň kedr agajyna: „Gyzyňy ogluma bersene“ diýip, sawçy iberipdir. Emma Liwanyň ýyrtyjy haýwany şol ýandagy depeläp geçipdir. 10 Belki, edomlylary derbi-dagyn edeniň üçin+, özüňe göwnüň ýetýändir. Ýöne gazanan ýeňşiňe guwan-da, öýüňde oturyber. Başyňa bela satyn almak nämä gerek? Ýahudany hem özüň bilen ýok etjek bolýaňmy?» 11 Emma Amazýa gulak asmady+.
Şonda Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş söweşe çykdy. Ol Ýahudanyň+ Beýtşemeş+ şäherinde Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşdi. 12 Ýahudalar ysraýyllardan ýeňlip, öýli-öýüne gaçdylar. 13 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş Ýahuda patyşasyny, Ahazýanyň agtygy, Ýehoýaşyň ogly Amazýany Beýtşemeşde ele salyp, Iýerusalime äkitdi. Ýehoýaş Efraýym derwezesinden+ Burç derwezesine+ çenli Iýerusalimiň diwarynyň 400 tirsek* aralygyny ýumurdy. 14 Ol Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky ähli altyn-kümüşleri, gap-gaçlary aldy. Ýesir alan adamlaryny hem Samariýa äkitdi.
15 Ýehoýaşyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, eden işleri, şan-şöhraty we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 16 Ýehoýaş aradan çykyp, Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy+, ýerine ogly Ýerobgam*+ patyşa boldy.
17 Ysraýyl patyşasy+ Ýehogahazyň ogly Ýehoýaş+ aradan çykypdy. Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa+ bolsa ýene 15 ýyl ýaşady. 18 Amazýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 19 Biraz wagtdan Iýerusalimde Amazýa garşy dildüwşük guradylar+, ol hem Lakyşa gaçyp gitdi. Emma yzyndan adam iberip, ony öldürdiler. 20 Jesedini atly arabada Iýerusalime getirip, Dawudyň şäherinde+, ata-babalarynyň ýanynda jaýladylar. 21 Ýahudalar Amazýanyň+ ýerine ogly Azarýany*+ patyşa bellediler. Şol wagt Azarýa 16 ýaşyndady+. 22 Amazýa patyşa aradan çykansoň, Azarýa Elaty+ ýene-de yzyna alyp, gaýtadan dikeltdi+.
23 Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýanyň hökümdarlygynyň 15-nji ýylynda, Ysraýyl patyşasy Ýehoýaşyň ogly Ýerobgam+ Samariýada patyşa boldy. Ol 41 ýyl höküm sürdi. 24 Ýerobgam Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 25 Ol Lebo-hamatdan*+ Araba deňzine*+ çenli Ysraýylyň çäklerini gaýtadan dikeltdi. Şeýlelikde, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň get-heperli+ Emitaý ogly Ýunus pygamber+ arkaly aýdan sözi berjaý boldy. 26 Ýehowa ysraýyl halkynyň çekýän jebir-jepasyny görüpdi+. Şol wagt ysraýyllara arka çykar ýaly adam ýokdy, hatda garamaýak we ejiz adamlardan hem hiç kim galmandy. 27 Emma Ýehowa Ysraýylyň adyny gök astyndan öçürip taşlamajagyny söz beripdi+. Şol sebäpli ol Ýehoýaşyň ogly Ýerobgam arkaly ysraýyllary halas etdi+.
28 Ýerobgamyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri, şan-şöhraty, gatnaşan söweşleri, Damask+ bilen Hamaty+ ýene-de Ýahuda we Ysraýyla gaýtaryp berişi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 29 Soňra Ýerobgam aradan çykyp, Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Zekerýa+ patyşa boldy.