Birinji Taryh
14 Tir patyşasy Huram+ Dawudyň ýanyna wekillerini ýollap, Dawuda köşk salmak üçin kedr agaçlaryny, daş ýonujylary we agaç ussalary iberdi+. 2 Dawut Ýehowanyň öz halkynyň hatyrasyna Ysraýylyň üstünden patyşalygyny berkidendigine+ we beýgeldendigine göz ýetirdi+.
3 Dawut Iýerusalimde birnäçe aýal aldy+, ençeme ogul-gyzy boldy+. 4 Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary şulardyr+: Şamuw, Şobap, Natan+, Süleýman+, 5 Ybhar, Alyşuw, Alpelet, 6 Nogan, Nepek, Ýapa, 7 Alyşam, Bilýada we Alypelet.
8 Dawudyň Ysraýyla patyşa bolanyny+ eşidip, piliştliler ony öldürjek boldular+. Dawut muny bilip, olara gaýtawul bermäge çykdy. 9 Piliştliler gelip, Refaýim jülgesinde+ ýaşaýanlaryň üstüne çozdular. 10 Dawut Hudaýdan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+. 11 Şonda Dawut Bagal-perazime+ çozup, piliştlileri derbi-dagyn etdi. Dawut: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, hak Hudaý duşmanlarymy elime berip, derbi-dagyn etdi» diýdi. Şol ýere Bagal-perazim* diýip at goýdular. 12 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawudyň buýrugy bilen, olaryň ählisini ýakdylar+.
13 Biraz wagtdan piliştliler ýene-de gelip, jülgede ýaşaýanlaryň üstüne çozdular+. 14 Dawut ýene Hudaýa ýüz tutdy, emma hak Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl-de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et+. 15 Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, hüjüme geç. Hak Hudaý Pilişt goşunyny derbi-dagyn etmek üçin öňüňden ýörär»+ diýdi. 16 Dawut ähli zady hak Hudaýyň tabşyryşy ýaly etdi+. Olar piliştlileri Gibgondan Gezere+ çenli gyrdylar. 17 Dawudyň at-owazasy bütin dünýä ýaýrady. Ýehowa başga halklary Dawutdan gorkar ýaly etdi+.