Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Taryh 19
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Taryh kitabynyň mazmuny

      • Ammonlar Dawudyň hyzmatkärlerini kemsidýär (1—5)

      • Ammonlaryň we siriýalylaryň üstünden ýeňiş (6—19)

1 Taryh 19:1

Parallel aýatlar

  • +2Şm 10:1—5

1 Taryh 19:2

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: wepaly söýgi bildirişi.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 9:7
  • +1Ms 19:36, 38

1 Taryh 19:4

Parallel aýatlar

  • +3Ms 19:27

1 Taryh 19:5

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:34

1 Taryh 19:6

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Aram-naharaýymyň.

  • *

    Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:47; 2Şm 8:3; 10:6

1 Taryh 19:7

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 13:8, 9

1 Taryh 19:8

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:16
  • +2Şm 10:7, 8; 23:8

1 Taryh 19:10

Parallel aýatlar

  • +2Şm 10:9—12

1 Taryh 19:11

Parallel aýatlar

  • +1Tr 11:20, 21

1 Taryh 19:12

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:5

1 Taryh 19:13

Parallel aýatlar

  • +5Ms 31:6; Ýuş 1:9

1 Taryh 19:14

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:7, 8; 5Ms 28:7; 2Şm 10:13, 14

1 Taryh 19:16

Çykgytlar

  • *

    Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:3
  • +2Şm 10:15, 16

1 Taryh 19:17

Parallel aýatlar

  • +2Şm 10:17—19

1 Taryh 19:19

Parallel aýatlar

  • +Zb 18:39
  • +1Tr 14:17; Zb 18:44

Umumy salgylar

1 Tar. 19:12Şm 10:1—5
1 Tar. 19:22Şm 9:7
1 Tar. 19:21Ms 19:36, 38
1 Tar. 19:43Ms 19:27
1 Tar. 19:51Pa 16:34
1 Tar. 19:61Şm 14:47; 2Şm 8:3; 10:6
1 Tar. 19:7Ýuş 13:8, 9
1 Tar. 19:82Şm 8:16
1 Tar. 19:82Şm 10:7, 8; 23:8
1 Tar. 19:102Şm 10:9—12
1 Tar. 19:111Tr 11:20, 21
1 Tar. 19:122Şm 8:5
1 Tar. 19:135Ms 31:6; Ýuş 1:9
1 Tar. 19:143Ms 26:7, 8; 5Ms 28:7; 2Şm 10:13, 14
1 Tar. 19:162Şm 8:3
1 Tar. 19:162Şm 10:15, 16
1 Tar. 19:172Şm 10:17—19
1 Tar. 19:19Zb 18:39
1 Tar. 19:191Tr 14:17; Zb 18:44
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
Mukaddes Kitap
1 Taryh 19:1—19

Birinji Taryh

19 Birnäçe wagtdan ammonlaryň patyşasy Nahaş aradan çykyp, ogly patyşa boldy+. 2 Şonda Dawut: «Nahaşyň maňa ýagşylyk edişi* ýaly, menem ogly Hanuna ýagşylyk edeýin»+ diýip, kakasynyň ölümine gynanç bildirmek üçin, wekillerini ýollady. Emma Dawudyň hyzmatkärleri Hanuna göwünlik bermek üçin ammonlaryň+ ýurduna baranda, 3 ammon han⁠-⁠begleri Hanuna şeýle diýdiler: «Dawut hyzmatkärlerini kakaň pahyry sylap ugradandyr öýdýäňmi? Ol hyzmatkärlerini ýurdy gözden geçirip, bar zady anyklamaga iberendir. Dawut seni tagtdan düşürjek bolýandyr» diýdiler. 4 Şonda Hanun Dawudyň hyzmatkärleriniň sakgalyny gyrkyp+, eşikleriniň bilinden aşagyny kesip, yzyna ýollady. 5 Dawut muny eşiden badyna, adam iberip, olara: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihonda+ galyň, soň gelersiňiz» diýdi, sebäbi olar masgara bolupdy.

6 Şondan soň ammonlar Dawuda duşman bolandyklaryna düşündiler. Hanun bilen ammonlar Mesopotamiýanyň*, Aram⁠-⁠magagyň we Sobanyň+ söweş arabalaryny we atlylaryny hakyna tutmak üçin 1 000 batman* kümüş iberdiler. 7 Şeýlelikde, olar 32 000 söweş arabany, Magak patyşasy bilen nökerlerini hakyna tutdular. Olar Medeba+ baryp, düşelge gurdular. Ähli şäherlerdäki ammonlar söweşe ýygnandy.

8 Dawut muny eşidip, Ýowap+ bilen goşunyny we gaýduwsyz esgerlerini+ iberdi. 9 Ammonlar şäheriň öňünde hatara düzüldiler. Söweşe çykan patyşalar düzlükde aýratyn durdular.

10 Ýowap duşmanlaryň öňdenem, yzdanam çozup gelýänini görende, Ysraýylyň edermen esgerlerinden käbirini saýlap, siriýalylaryň garşysynda hatara düzdi+. 11 Galan esgerleri bolsa dogany Abyşaýa+ tabşyrdy. Abyşaý olary hatara durzup, ammonlara gaýtawul bermelidi. 12 Ýowap oňa: «Eger siriýalylar+ menden üstün çykyp başlasa, sen maňa kömege gelersiň. Ýöne ammonlar senden üstün çykyp başlasa, men saňa kömege bararyn. 13 Dogumly we batyrgaý boluň+, halk üçin, Hudaýymyzyň şäherleri üçin söweşiň! Galan zadam Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun!» diýdi.

14 Ýowap esgerleri bilen siriýalylara garşy hüjüme geçdi; duşmanlar gaçdylar+. 15 Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlaram onuň dogany Abyşaýdan gaçyp, şähere girdiler. Şondan soň Ýowap Iýerusalime gaýdyp geldi.

16 Ysraýyllardan ýeňlen siriýalylar wekil iberip, derýanyň*+ aňyrsyndaky siriýalylary çagyrdylar. Olar Hadatgezeriň goşunbaşysy Şopagyň ýolbaşçylygynda geldiler+.

17 Dawut muny eşiden badyna, Ysraýyl goşunyny ýygnady⁠-⁠da, Iordandan geçip, olaryň golaýyna bardy. Ol esgerlerini olaryň garşysynda hatara düzdi. Şeýlelikde, Dawut siriýalylar bilen söweşip başlady+. 18 Siriýalylar ysraýyllardan ýeňildiler. Dawut olaryň 7 000 söweş arabaly esgerini, 40 000 pyýada esgerini we goşunbaşysy Şopagy öldürdi. 19 Hadatgezeriň nökerleri ýeňlendigine+ düşünip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşdylar⁠-⁠da, boýun egdiler+. Şondan soň siriýalylar ammonlara kömek etmek islemediler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş