Ikinji Taryh
21 Soňra Ýehoşapat aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Ýehoram patyşa boldy+. 2 Ýehoşapatyň ogullary Azarýa, Ýehiýel, Zekerýa, Azarýa, Mikaýyl we Şepatýa Ýehoramyň doganlarydy. Ählisi Ysraýyl patyşasy Ýehoşapatyň ogullarydy. 3 Ýehoşapat ogullaryna birgiden altyn-kümüş, gymmatbaha zatlary we Ýahudadaky galalary+ berdi. Patyşalygy bolsa nowbahar ogly Ýehorama+ berdi.
4 Emma Ýehoram kakasynyň ýerine patyşa bolanda, patyşalygyny has-da berkitjek bolup, hemme doganlaryny we Ysraýylyň käbir han-beglerini gylyçdan geçirdi+. 5 Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi+. 6 Ýehoram Ahabyň gyzyna öýlenensoň+, Ahabyň maşgalasy ýaly, Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. 7 Emma Ýehowa Dawut bilen baglaşan ähtiniň+ hatyrasyna, Dawudyň maşgalasyny ýok etmek islemedi, sebäbi ol Dawudyň neslini hiç wagt tagtdan düşürmejekdigini* wada beripdi+.
8 Ýehoramyň döwründe edomlylar Ýahuda garşy gozgalaň turzup+, özlerine patyşa bellediler+. 9 Şonda Ýehoram serkerdelerini we söweş arabalaryny alyp, Edoma gitdi. Edomlylar Ýehoramyň we söweş arabaly serkerdeleriniň daşyny gabadylar. Ýehoram bolsa gijäniň içinde aýaga galyp, olary derbi-dagyn etdi. 10 Ýöne edomlylar häzire çenli Ýahuda garşy gozgalaň turzup gelýärler. Şol wagtlar Libna galasy+ hem Ýehorama garşy gozgalaň turzupdy, sebäbi ol ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwrüpdi+. 11 Ýehoram Ýahudanyň daglarynda seždegähleri*+ gurup, Iýerusalimiň ilatyna-da biwepalyk etdirdi*. Ol Ýahuda halkyny ýoldan çykardy.
12 Bir gün Ýehorama Ylýas+ pygamberden şeýle hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapatyň+ we Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýolundan ýöremediň. 13 Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ahabyň maşgalasy ýaly+, Ýahuda we Iýerusalim ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň+. Özüňden has gowy doganlaryňy-da öldürip+, kakaň hojalygyny gyrdyň. 14 Şonuň üçin Ýehowa halkyňy, ogullaryňy, aýallaryňy we mal-garaňy heläk eder. 15 Seniň bolsa keselden gözüň açylmaz, içege keselinden hem ejir çekersiň, içegeleriň daşyna çogup çykýança, ýagdaýyň gün-günden beterleşer“».
16 Soňra Ýehowa piliştlileri+ we efiopiýalylaryň golaýynda ýaşaýan araplary+ Ýehorama garşy aýaga galdyrdy+. 17 Olar Ýahuda çozup, ýurdy basyp aldylar. Köşkdäki ähli zady+, patyşanyň ogullaryny we aýallaryny alyp gitdiler, diňe körpe ogly Ýehogahaz*+ galdy. 18 Şondan soň Ýehowa Ýehoramy agyr içege keseline duçar etdi+. 19 Iki ýyldan ýagdaýy has agyrlaşyp, içegeleri daşyna çogdy. Şeýdip, ol agyr keselden ejir çekip öldi. Emma ata-babalaryna edilişi ýaly+, Ýehoramyň hatyrasyna uly ot ýakmadylar. 20 Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi. Ýehoramyň ölümine gynanan adam bolmady, ony Dawudyň şäherinde+ jaýladylar, ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar+.