Ikinji Taryh
27 Ýotam+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýeruşah Sadygyň gyzydy+. 2 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. Emma ol kakasy ýaly, Ýehowanyň ybadathanasyna girjek bolmady+. Halk bolsa henizem erbet işleri edýärdi. 3 Ýotam Ýehowanyň öýüniň ýokarky derwezesini gurdy+ we Opel+ diwaryny dikeltdi. 4 Ýahudanyň daglarynda+ şäherler gurdy+, tokaýlykda berk galalary+ we diňleri+ gurdy. 5 Ýotam ammonlaryň+ patyşasy bilen söweşip, ýeňiş gazandy. Şol ýyl ammonlar 100 batman* kümüş, 10 000 hum* bugdaý we 10 000 hum arpa berdiler. Indiki we soňky ýyl hem şonça salgyt tölediler+. 6 Ýotam Ýehowa Hudaýyň ýolundan ýöremegi ýüregine düwüpdi, şonuň üçin barha güýçlenýärdi.
7 Ýotamyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, gatnaşan söweşleri we eden işleri hakda Ysraýyl hem-de Ýahuda patyşalarynyň kitabynda ýazylandyr+. 8 Ýotam 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi+. 9 Soňra Ýotam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy, ýerine ogly Ahaz patyşa boldy+.