Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hydyr 1
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hydyr kitabynyň mazmuny

      • Kir patyşanyň ybadathanany dikeltmek hakda permany (1—4)

      • Ýehudylar Wawilondan watanyna dolanmaga taýýarlanýar (5—11)

Hydyr 1:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ruhuny iterdi.

Parallel aýatlar

  • +Işa 45:1; Dan 10:1
  • +Ýer 25:12; 29:14; 33:10, 11
  • +2Tr 36:22, 23

Hydyr 1:2

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: öý.

Parallel aýatlar

  • +Dan 4:34, 35
  • +Işa 44:28

Hydyr 1:3

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Iýerusalimde ýaşaýan Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň ybadathanasyny.

Hydyr 1:4

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:6; Ýer 9:16
  • +2Ms 35:21; 1Tr 29:9; Hyd 7:14—16

Hydyr 1:7

Parallel aýatlar

  • +2Pa 24:11, 13; 2Tr 36:7, 18; Hyd 6:5; Dan 1:1, 2; 5:2

Hydyr 1:8

Çykgytlar

  • *

    Hyd 2:2; 3:8⁠-⁠däki Zerubabel göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Hyd 5:14, 16; Hag 1:1, 14; 2:23

Hydyr 1:11

Parallel aýatlar

  • +2Pa 24:14, 15; 2Tr 36:20

Umumy salgylar

Hyd. 1:1Işa 45:1; Dan 10:1
Hyd. 1:1Ýer 25:12; 29:14; 33:10, 11
Hyd. 1:12Tr 36:22, 23
Hyd. 1:2Dan 4:34, 35
Hyd. 1:2Işa 44:28
Hyd. 1:42Pa 17:6; Ýer 9:16
Hyd. 1:42Ms 35:21; 1Tr 29:9; Hyd 7:14—16
Hyd. 1:72Pa 24:11, 13; 2Tr 36:7, 18; Hyd 6:5; Dan 1:1, 2; 5:2
Hyd. 1:8Hyd 5:14, 16; Hag 1:1, 14; 2:23
Hyd. 1:112Pa 24:14, 15; 2Tr 36:20
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
Mukaddes Kitap
Hydyr 1:1—11

Hydyr

1 Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda, Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözi+ ýerine ýetdi. Ýehowa Pars patyşasy Kiri bir perman çykarmaga höweslendirdi*. Kir patyşa şu permany bütin patyşalygynda jar çekdirdi+:

2 «Pars patyşasy Kir şeýle diýýär: „Gökleriň Hudaýy Ýehowa ýer ýüzüniň ähli patyşalyklaryny maňa berdi+. Ol Ýahuda topragynda ýerleşýän Iýerusalimde ybadathana* gurmagy tabşyrdy+. 3 Araňyzda şol Hudaýa sežde edýäniňiz barmy? Goý, Hudaý ýaryňyz bolsun! Ýahudada ýerleşýän Iýerusalime gidiň⁠-⁠de, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny* gaýtadan dikeldiň. Ol hak Hudaýdyr. 4 Watanyna dolanýanlara+ goňşy⁠-⁠golamlary kömek etsin. Olara altyn⁠-⁠kümüş, goş⁠-⁠golam we mal⁠-⁠gara bersinler, hak Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasy üçin sadakalary hem bersinler“»+.

5 Soňra ýahuda we benýamin taýpasynyň baştutanlary, ruhanylar, lewiler, hak Hudaýyň höweslendiren ähli adamlary Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeltmäge gitmek üçin taýýarlyk gördüler. 6 Ähli goňşulary bolsa altyn⁠-⁠kümüşden gap⁠-⁠gaç, goş⁠-⁠golam, mal⁠-⁠gara we gymmatbaha zatlary berip, kömek etdiler. Olar göwnünden çykaran sadakalaryny hem berdiler.

7 Onsoňam, Kir patyşa Ýehowanyň ybadathanasynyň gap⁠-⁠gaçlaryny yzyna berdi. Nawuhodonosor şol gap⁠-⁠gaçlary Iýerusalimden alyp gaýdyp, öz taňrysynyň buthanasynda goýupdy+. 8 Pars patyşasy Kir gap⁠-⁠gaçlary hazynaçysy Mitredata çykartdy. Mitredat olary sanap, Ýahudanyň baştutany Şeşbasara*+ berdi.

9 Sanap görseler, sebet görnüşli 30 altyn gap, sebet görnüşli 1 000 kümüş gap, başga⁠-⁠da 29 gap 10 we 30 altyn käse, 410 kümüş käse, başga⁠-⁠da 1 000 gap⁠-⁠gaç bar eken. 11 Altyn⁠-⁠kümüş gap⁠-⁠gaçlar jemi 5 400 sanydy. Ýehudylar Wawilon ýesirliginden+ Iýerusalime gaýdanda, Şeşbasar şol gap⁠-⁠gaçlary hem äkitdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş