Hydyr
5 Hagaý pygamber+ bilen Ydonyň+ agtygy Zekerýa pygamber+ Ýahudada we Iýerusalimde ýaşaýan ýehudylara Ysraýyl Hudaýynyň* adyndan pygamberlik etdiler. 2 Şonda Şehalteliň ogly Zerubabel+ bilen Ýehosadygyň ogly Ýoşuw+ Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeldip başlady+. Pygamberler hemişe olaryň ýanynda bolup ruhlandyrýardylar+. 3 Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý we Şetarbaznaý ýoldaşlary bilen gelip, ýehudylara: «Ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge size kim rugsat berdi?» diýdiler. 4 Soňra olar: «Gurluşyga başlanlaryň atlaryny aýdyň» diýdiler. 5 Hudaý ýehudylaryň ýaşulularyny goldaýardy*+. Tatenaý bilen ýoldaşlary Dariý patyşa habar ýolladylar, emma jogap gelýänçä, gurluşygy saklap bilmediler.
6 Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetarbaznaý bilen ýoldaşlary, ýagny Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň arçynlary Dariý patyşa hat iberdiler. 7 Hatda şeýle sözler bardy:
«Dariý patyşa:
Bizden size salam bolsun! 8 Biz Ýahuda welaýatyndaky beýik Hudaýyň öýüne baranymyzy patyşa habar bermek isleýäris. Ybadathanany ullakan daşlardan gurup, diwarlaryny agaç bilen berkidip ýörler. Adamlar işe erjel ýapyşýar, gurluşyk tamamlanyp barýar. 9 Olaryň ýaşulularyna: „Ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge size kim rugsat berdi?“+ diýdik. 10 Size hat üsti bilen habar bermek üçin, gurluşyga ýolbaşçylyk edýänleriň adyny hem soradyk.
11 Olar şeýle jogap berdiler: „Biz ýeriň-gögüň Hudaýyna gulluk edýäris. Ençeme ýyl öň Ysraýylyň beýik patyşasynyň guran ybadathanasyny gaýtadan dikeldýäris+. 12 Ata-babalarymyz gökleriň Hudaýynyň gaharyny getirdiler+. Hudaý olary Wawilonyň haldeý patyşasy Nawuhodonosoryň eline berdi+. Wawilon patyşasy ybadathanany ýumurdy+, halky bolsa Wawilona ýesirlige äkitdi+. 13 Emma Wawilon patyşasy Kir hökümdarlygynyň birinji ýylynda Hudaýyň ybadathanasyny dikeltmek hakda perman çykardy+. 14 Şeýle-de Kir patyşa Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň altyn-kümüş gap-gaçlaryny getirtdi. Nawuhodonosor olary Wawilondaky buthanada goýupdy+. Gap-gaçlary Şeşbasara*+ berdiler, Kir patyşa ony häkim edip belläpdi+. 15 Kir patyşa Şeşbasara: „Gap-gaçlary Iýerusalimdäki ybadathana äkit, goý, Hudaýyň öýüni öňki ýerinde dikeltsinler“+ diýdi. 16 Şeşbasar Iýerusalime gelip, Hudaýyň ybadathanasynyň düýbüni tutdy+, gurluşyk häzirem gidip dur, ýöne doly gutarmady“+.
17 Indi patyşa makul bilse, goý, Wawilondaky şa hazynasynda* barlag geçirilsin, Kir patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeltmek hakda perman çykarandygy ýa çykarmandygy anyklansyn+. Soňra patyşamyzyň gelen karary bize habar berilsin».