Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 23
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Eýýup söze başlaýar (1—17)

        • Hudaýyň öňünde arzymy aýdaryn (1—7)

        • Hudaýy tapyp bilmeýärin (8, 9)

        • «Onuň ýolundan sowulman barýaryn» (11)

Eýýup 23:2

Parallel aýatlar

  • +Eýp 10:1

Eýýup 23:3

Parallel aýatlar

  • +Eýp 13:3; 16:21
  • +Eýp 31:37

Eýýup 23:6

Parallel aýatlar

  • +Zb 22:24; Işa 57:16

Eýýup 23:10

Parallel aýatlar

  • +Eýp 1:8; Zb 1:6; 139:1
  • +Eýp 31:6; Zb 17:3

Eýýup 23:11

Parallel aýatlar

  • +Zb 18:21; 44:18

Eýýup 23:12

Parallel aýatlar

  • +Zb 119:11, 127; Ýer 15:16

Eýýup 23:13

Parallel aýatlar

  • +Rim 9:19
  • +4Ms 23:19; Zb 135:6; Işa 14:24; 46:10

Umumy salgylar

Eýp. 23:2Eýp 10:1
Eýp. 23:3Eýp 13:3; 16:21
Eýp. 23:3Eýp 31:37
Eýp. 23:6Zb 22:24; Işa 57:16
Eýp. 23:10Eýp 1:8; Zb 1:6; 139:1
Eýp. 23:10Eýp 31:6; Zb 17:3
Eýp. 23:11Zb 18:21; 44:18
Eýp. 23:12Zb 119:11, 127; Ýer 15:16
Eýp. 23:13Rim 9:19
Eýp. 23:134Ms 23:19; Zb 135:6; Işa 14:24; 46:10
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
Mukaddes Kitap
Eýýup 23:1—17

Eýýup

23 Eýýup söze başlady:

 2 «Ahy⁠-⁠nala edip, ysgyndan gaçdym.

Şu gün ýene⁠-⁠de zeýrenjek+.

 3 Wah, Hudaýyň nirededigini bilsedim!+

Mekanyna barardym+.

 4 Öňünde arzymy aýdardym.

Hemme delillerimi getirerdim.

 5 Beren jogabyny diňlärdim,

Aýdan sözlerine gulak asardym.

 6 Ol gudratly güýji bilen maňa garşy çykardymy?

Ýok, ol meni ünsli diňlärdi+.

 7 Huzurynda dogruçylyň dawasy çözüler,

Men Kazymyň öňünde doly aklanardym.

 8 Gündogara gitsem, ol ýerde ýok,

Günbatara gelsem, ol ýerde⁠-⁠de ýok.

 9 Ol demirgazykda işlände, saýgaryp bilmedim,

Günorta dolananda, görüp bilmedim.

10 Ol meniň ýöreýän ýolumy gowy bilýär+,

Meni synaýar, indi men sap altyn ýaly bolaryn+.

11 Men onuň yzyndan ädimme⁠-⁠ädim gidýärin,

Onuň ýolundan sowulman barýaryn+.

12 Agzyndan çykan tabşyryklaryny bozmadym,

Sözlerini hazyna kimin ýygşyrdym+.

Olary artygy bilen berjaý etdim.

13 Bir zat etmek islese, kim oňa garşy çykar?+

Ol ýüregine düwse, hökman eder+.

14 Maňa etjek diýenini eder,

Onuň niýetleri köpdür.

15 Ol sebäpli men howsala düşýärin,

Ol hakda oýlansam, has⁠-⁠da gorkýaryn.

16 Alla meni gorkuzdy,

Gudratygüýçli meni gorka saldy.

17 Emma tüm⁠-⁠garaňkylyk örtse⁠-⁠de,

Men dymmaryn, asla dymmaryn.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş