Eýýup
39 Dag geçileriniň guzlajak wagtyny bilýärmiň?+
Keýikleriň guzlaýşyny gördüňmi?+
2 Haçan olaryň aýy-güni dolýar?
Guzlajak wagtyny bilýärmiň?
3 Olar guzlamak üçin ýere çökýär,
Burgynyň yzasyndan dynýar.
4 Owlaklary çölde ulalyp, güýçlenýär.
Olar enesini terk edip, yzyna dolanmaýar.
5 Gulany azatlyga goýberen kim?+
Ýüpden boşadan kim?
6 Men gulana çölleri öý,
Şor ýerleri mesgen edip berdim.
7 Ol şäheriň gohuny halamaýar,
Baş öwredýäniň sesini eşitmeýär.
8 Öri gözläp, depelerde aýlanýar,
Dürli-dümen gök otlary agtarýar.
9 Ýabany öküz saňa hyzmat edermi?+
Ýatagyňda bir gije ýatarmy?
10 Ýabany öküze boýuntyryk dakyp bilermiň?
Mellegiňde joýa çekdirip bilermiň?
Ýa-da ekin meýdanyňy sürdürip bilermiň?
11 Onuň güýjüne bil baglap bilermiň?
Agyr işiňi etdirip bilermiň?
12 Ýabany öküz hasylyňy ýygnarmy?
Hasylyňy harmana üýşürermi?
13 Leglegiňki+ ýaly ganaty, owadan peri bolmasa-da,
Düýeguş begenip ganat kakmaýarmy?
14 Düýeguş ýumurtgalaryny taşlap gidýär,
Olary çäge ýylydýar.
15 Ýumurtgalary aýak astynda ýenjilse-de,
Ýabany haýwanlar basgylasa-da,
Ol muny unudýar.
16 Balalaryna keseki kimin ýowuz daraşýar+,
Zähmetiniň biderek boljakdygyndan gorkmaýar.
17 Sebäbi Hudaý düýeguşa akyl-paýhas,
Aň-düşünje bermedi.
18 Ol ganat kakyp ylganda,
Atyň we çapyksuwaryň üstünden gülýär.
19 Bedewe güýç-kuwwat berýän senmi?+
Boýnunyň ýalyny* ösdürýän senmi?
20 Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän?
Kişňände, sesi aýylgançdyr+.
22 Ol gorkyny bilmeýär+,
Hiç zatdan heder etmeýär,
Gylyçdan hem gaçmaýar.
23 Gün şöhlesine naýza ýalpyldaýar,
Ok gaby ata degip zarňyldaýar.
24 Surnaýyň sesine bir ýerde durmaýar*,
Keýpi göterilip, öňe okdurylýar.
25 Surnaý çalnanda, ol kişňeýär,
Söweş ysyny uzakdan alýar.
Serkerdeleriň gohuny, söweş sesini eşidýär+.
26 Laçyna uçmagy sen öwretdiňmi?
Günorta barýan ýoly sen görkezdiňmi?
27 Bürgüt seniň buýrugyň bilen göge galýarmy?+
Belentlikde höwürtge ýasaýarmy?+
28 Ol gijesini gaýalarda geçirýär,
Daglaryň uçut ýerlerinde* höwürtge ýasaýar.
29 Awuny daglardan gözleýär+,
Gözleri awuny uzakdan görýär.
30 Balasy gan içýär,
Nirede maslyk bolsa, ol şol ýere barýar»+.