Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 41
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Hudaý krokodili wasp edýär (1—34)

Eýýup 41:1

Çykgytlar

  • *

    Ýewreýçe «Liwýatan». Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Zb 104:25, 26

Eýýup 41:7

Çykgytlar

  • *

    Balygy tutmak üçin ujuna demir çiş berkidilen uzyn taýak.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 41:26

Eýýup 41:10

Parallel aýatlar

  • +2Tr 20:6; Dan 4:35; Res 11:17; Rim 9:19

Eýýup 41:11

Parallel aýatlar

  • +Rim 11:35
  • +5Ms 10:14; Zb 24:1; 50:12; 1Kr 10:26

Eýýup 41:15

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Hatar-hatar galkanlary onuň buýsanjydyr.

Eýýup 41:20

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Gamyş.

Eýýup 41:26

Parallel aýatlar

  • +Eýp 41:7

Eýýup 41:28

Çykgytlar

  • *

    Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.

Eýýup 41:30

Parallel aýatlar

  • +Işa 41:15

Umumy salgylar

Eýp. 41:1Zb 104:25, 26
Eýp. 41:7Eýp 41:26
Eýp. 41:102Tr 20:6; Dan 4:35; Res 11:17; Rim 9:19
Eýp. 41:11Rim 11:35
Eýp. 41:115Ms 10:14; Zb 24:1; 50:12; 1Kr 10:26
Eýp. 41:26Eýp 41:7
Eýp. 41:30Işa 41:15
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
Mukaddes Kitap
Eýýup 41:1—34

Eýýup

41 Krokodili*+ çeňňek bilen tutup bilermiň?

Onuň diline syrtmak salyp bilermiň?

 2 Burnundan gamyş geçirip bilermiň?

Ýa⁠-⁠da äňine çeňňek ötürip bilermiň?

 3 Ol saňa ýalbar⁠-⁠ýakar edermi?

Seniň bilen mähirli gepleşermi?

 4 Ömürboýy guluň bolmak üçin,

Seniň bilen äht baglaşarmy?

 5 Guş oýnan ýaly, onuň bilen oýnarmyň?

Gyzlaryň oýnar ýaly, ony daňyp bilermiň?

 6 Balykçylar ony satyp bilermi?

Söwdagärler özara paýlaşyp bilermi?

 7 Derisini naýza bilen deşip bilermiň?+

Balykçynyň sançgysy* bilen kellesine urup bilermiň?

 8 Oňa eliňi degrip gör hany!

Şol gün ýadyňdan çykmaz.

Beýle zady hiç haçan gaýtalamarsyň.

 9 Arzuw edýänsiň, ýöne tutup bilmersiň,

Garasyny göreniňde ýüregiň ýarylar.

10 Oňa garşy çykmaga hiç kim milt etmez.

Onda Meniň garşymda kim durup biler?+

11 Men bergili bolar ýaly, kim maňa karz berdi?+

Gök astyndaky bar zat meniňkidir+.

12 Onuň beýik güýji, täsin bedeni,

Aýaklary barada ýene⁠-⁠de gürrüň edeýin.

13 Kim onuň sowudyny çykaryp biler?

Kim agzyna golaýlaşyp biler?

14 Kim onuň agzyny eli bilen açmaga ýürek eder?

Onuň dişleri gorkunçdyr.

15 Hatar⁠-⁠hatar galkanlar bilen örtülendir arkasy*,

Biri⁠-⁠birine ykjam berkidilendir hemmesi.

16 Biri⁠-⁠birine şeýle ýakyndyr welin,

Arasyndan howa⁠-⁠da geçip bilmez.

17 Özara berkidilendir,

Galkanlary aýrylmaz, mäkäm seplenendir.

18 Pyşgyranda ýagty saçýar,

Gözleri daň şapagyna meňzeýär.

19 Agzyndan ýyldyrym çakýar,

Ot uçgunlary syçraýar.

20 Lowlap* ýanýan ojak ýaly,

Burnundan tüsse çykýar.

21 Demi kömürleri tutaşdyrýar,

Agzyndan alaw çykýar.

22 Güýji onuň boýnunda,

Görenleriň zähresi ýarylýar.

23 Gat⁠-⁠gat derisi mäkäm birleşendir,

Demir ýaly berkdir, asla sypyryp bolmaz.

24 Ýüregi daş kimin gatydyr,

Degirmeniň aşaky daşy kimindir.

25 Ýerinden galsa, pälwan titreýär,

Ýüzüşini görse, özlerini ýitirýär.

26 Ondan ne gylyç, ne naýza,

Ne hanjar, ne⁠-⁠de ok geçer+.

27 Ol demri saman,

Misi çüýrän agaç hasaplar.

28 Atylan okdan gaçmaz,

Sapan* daşyny samança görer.

29 Onuň üçin taýak çöp kimindir,

Zyňlan naýzalaryň üstünden gülýändir.

30 Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir,

Harman döwülýän tagta kimin batgalykda ýüzýär+.

31 Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar,

Deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär.

32 Ýüzende öwşün atýan yz galdyrýar,

Deňiz çal saça meňzeýär.

33 Älem⁠-⁠jahanda oňa taý geljek ýokdur,

Ne gorkyny, ne ürküni bilýändir.

34 Tekepbirlere göwni ýetýän däldir,

Ol ýyrtyjy haýwanlaryň şasydyr».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş