Zebur
Dawudyň aýdymy.
110 Ýehowa meniň Halypama:
«Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm,
Sagymda otur»+ diýdi.
2 Ýehowa seniň patyşalyk* hasaňy Siondan uzadar.
Ol saňa: «Duşmanlaryň arasynda höküm sür»+ diýer.
3 Goşun ýygnan günüň halkyň höwes bilen geler.
Mukaddes we haýbatly goç ýigitler* ýanyňda durar.
Olar säher bilen ýere düşen çyg deý bolar.
4 Ýehowa ant içdi, sözünden dänmez*:
«Sen Mäliksadyk ýaly,
Ebedilik ruhany bolarsyň»+.
Ýer ýüzüniň baştutanynyň başyny alar.
7 Ol* ýoluň gyrasyndaky çeşme suwundan ganar,
Başy hemişe dik bolar.