Zebur
Dawudyň zyýarat aýdymy*.
131 Eý Ýehowa, kalbymda tekepbirlik ýok,
Adamlara göwnüýetmezçilik bilen seretmeýärin+.
Öz bähbidime çapmadym,
Elýetmez zatlara kowalaşmadym+.
2 Süýtden aýrylan çaga ejesiniň gujagynda köşeşýär,
Edil şonuň ýaly menem öz-özümi* köşeşdirdim+.
Men ejesiniň gujagyndaky çaga ýaly rahatlandym.
3 Goý, ysraýyl halky häzirem, gelejekde-de,
Ýehowa garaşsyn+.