Zebur
Dawudyň aýdymy.
141 Eý Ýehowa, seni çagyrýaryn+,
Meniň dadyma ýetiş!+
Seni çagyrýaryn, kömek et+.
3 Eý Ýehowa, agzyma garawul,
Dodaklaryma sakçy goý+.
4 Ýüregim erbetlige ýykgyn etmesin+,
Zalymlaryň işine şärik bolmaýyn,
Olar bilen saçak başynda oturmaýyn.
5 Dogruçyl adam meni ursa, diýmek, söýýändir*+.
Eger käýese, onda başyma ýag guýlan ýalydyr+,
Mundan asla ýüz öwürmerin+.
Dogruçylyň başyna bela gelse, doga-dileg ederin.
6 Halkyň serdarlary gaýadan zyňylsa-da,
Adamlar meni diňlär, sözlerim olara hoş ýakar.
7 Ýeriň sürlüp, topragyň agdarylyşy ýaly,
Biziň süňklerimiz hem mazaryň* agzynda pytrap ýatyr.
8 Älemiň Hökümdary Ýehowa, saňa bil baglaýaryn+.
Sen meniň penam,
Ömür tanapymy kesme.
9 Meni zalymlaryň duzagyndan,
Gurlan gapanlardan halas et.
10 Erbetler guran toruna özi düşer+,
Men bolsa aman-esen ýaşaryn.