Zebur
Mukaddes mekanynda Allany wasp ediň+,
Gudratly asmanyň astynda alkyş aýdyň!+
2 Gudratly işleri üçin wasp ediň+,
Çäksiz güýjüň eýesine alkyş aýdyň!+
3 Surnaý çalyp wasp ediň+,
Çeň* we arfa bilen alkyş aýdyň!+
4 Deprek kakyp+, tans edip, Hudaýy wasp ediň,
Arfa+ we tüýdük+ bilen alkyş aýdyň!
5 Ýakymly owazly bürünç çanlar* bilen wasp ediň,
Bürünç çanlary batly kakyp, alkyş aýdyň!+
6 Ähli ynsanlar* Ýaha alkyş aýtsyn!