Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*. Asafyň aýdymy+.
77 Batly ses bilen perýat ederin, Hudaýa ýalbararyn,
Allany çagyraryn, ol meni eşider+.
2 Agyr günümde Ýehowany gözleýärin+,
Gije elimi asmana galdyrýaryn,
Yzyny üzmän dileg edýärin.
Ynjalyk tapmaýaryn.
4 Gözüme uky gelmeýär,
Halym harap, gepläre ýagdaýym ýok.
5 Geçen ýyllary, gadymy günleri ýatlaýaryn+.
7 Ýehowa bizden hemişelik ýüz öwürdimi?+
Indi hiç haçan rehim etmezmi?+
8 Allanyň wepaly söýgüsi* hemişelik sowadymy?
Wadalary hiç haçan ýerine ýetmezmi?
9 Hudaý indi rehim etmezmi?+
Gahary rehimdarlygyndan rüstem geldimi? (Sela)
10 Men: «Allatagala* kömek edenok» diýip,
Haçana çenli biynjalyk bolaryn?+
11 Men Ýahyň eden işlerini ýatlaryn,
Gadymy döwür eden gudratlaryny unutmaryn.
12 Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn,
Gudratlaryň barada çuňňur oýa bataryn+.
13 Eý Hudaý, ýollaryň mukaddesdir,
Saňa taý geljek barmy?+
14 Sen gudratly işleri edýän hak Hudaýsyň+,
Halklar beýik güýjüňe şaýatdyr+.
15 Güýçli goluň bilen halkyňy,
Ýakubyň, Ýusubyň ogullaryny halas etdiň+. (Sela)
16 Derýalar saňa seretdi,
Seni görüp möwç urdy+.
Deňiz çaýkandy.
17 Gara bulutlardan ýagyş ýagdy.
Gök gümmürdedi,
Peýkamlaryň çar tarapdan atyldy+.