Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň aýdymy+.
2 Halkyň ýazyklaryny bagyşladyň,
Olaryň ähli günäsini geçdiň+. (Sela)
3 Sen gaharyňy sakladyň,
Gazabyňy köşeşdirdiň+.
4 Halasgär Hudaýymyz, gowy günleri gaýtaryp ber!
Mundan artyk gaharlanma+.
5 Bize ebedilik gaharlanjakmy?+
Gazabyň nesilden-nesle lowlap durarmy?
6 Halkyň işleriňe şatlanar ýaly+,
Bize güýç-kuwwat berjek dälmi?
8 Hak Hudaý Ýehowa parahatlyk hakda öwüt-nesihat berer+,
Şonda halky, wepaly gullary men-menlik etmez+.
Men hem onuň sözlerini diňlärin.
9 Allanyň şöhraty ýurdy doldurar,
Ol Hudaýdan gorkýanlary halas etmäge taýýardyr+.
11 Wepadarlyk ýer ýüzüne ýaýrar,
Dogruçyllyk gökden şöhle saçar+.
13 Dogruçyllyk Hudaýyň öňünden ýörär+,
Ädimleri üçin ýol taýýarlar.