Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 5
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Musa bilen Harun faraonyň huzurynda (1—5)

      • Ysraýyllara has ýowuz daraşylmagy (6—18)

      • Ysraýyllar Musa bilen Haruny günäkärleýär (19—23)

2 Musa 5:2

Parallel aýatlar

  • +2Pa 18:28, 35
  • +2Ms 7:5; 9:15, 16
  • +2Ms 3:19

2 Musa 5:3

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýewreýleriň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 3:18

2 Musa 5:4

Parallel aýatlar

  • +2Ms 1:11

2 Musa 5:7

Parallel aýatlar

  • +2Ms 1:14

2 Musa 5:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýaltalyk edýär.

2 Musa 5:10

Parallel aýatlar

  • +2Ms 1:11

2 Musa 5:14

Parallel aýatlar

  • +2Ms 2:11

2 Musa 5:17

Parallel aýatlar

  • +2Ms 5:7, 8
  • +2Ms 5:3

2 Musa 5:21

Parallel aýatlar

  • +2Ms 6:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    11/2022, sah. 15

2 Musa 5:23

Parallel aýatlar

  • +2Ms 5:1
  • +2Ms 5:6, 9
  • +2Ms 3:8

Umumy salgylar

2 Mus. 5:22Pa 18:28, 35
2 Mus. 5:22Ms 7:5; 9:15, 16
2 Mus. 5:22Ms 3:19
2 Mus. 5:32Ms 3:18
2 Mus. 5:42Ms 1:11
2 Mus. 5:72Ms 1:14
2 Mus. 5:102Ms 1:11
2 Mus. 5:142Ms 2:11
2 Mus. 5:172Ms 5:7, 8
2 Mus. 5:172Ms 5:3
2 Mus. 5:212Ms 6:9
2 Mus. 5:232Ms 5:1
2 Mus. 5:232Ms 5:6, 9
2 Mus. 5:232Ms 3:8
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
2 Musa 5:1—23

Ikinji Musa

5 Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Halkymy goýber, çölde meniň üçin baýram etsin“» diýdiler. 2 Emma faraon: «Aýdanyny edip, ysraýyllary goýberer ýaly+, Ýehowa kimmişin?+ Men Ýehowany tanamok, ysraýyllary hem goýberjek däl!»+ diýdi. 3 Olar bolsa: «Biz bilen ysraýyllaryň* Hudaýy gepleşdi. Üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk beräýeli+. Ýogsam ol bizi elhenç kesele uçradar ýa-da duşmanlarymyzyň eline berip, gylyçdan geçirder» diýdiler. 4 Müsür faraony: «Musa, Harun, näme beýdip adamlaryň elini işden sowadýaňyz?+ Baryň, işiňiz bilen boluň!» diýdi. 5 Soňra faraon: «Näme, ýurtdaky birgiden ysraýyllary işden goýup, ýanyňyz bilen äkitjek bolýaňyzmy?» diýdi.

6 Şol gün faraon işçileriň üstünden goýlan ýolbaşçylara we ysraýyl gözegçilerine buýruk berip: 7 «Indiden beýläk halka kerpiç ýasamak üçin saman bermäň+. Samany özleri çöplesin. 8 Kerpiçleri bolsa öňkiňiz ýaly talap ediň, sanyny azaltmaň. Olar mesirgäp başlapdyr*. Şonuň üçin: „Biz gitjek, Hudaýymyza gurbanlyk berjek!“ diýip gygyryşýarlar. 9 Olary eşek ýaly işlediň. Şonda boş sözlere gulak gabartmanjyk geçerler!» diýdi.

10 Ýolbaşçylar we gözegçiler+ ysraýyllaryň ýanyna baryp: «Faraonyň buýrugyny diňläň: „Mundan beýläk size saman berilmez. 11 Gidiň-de, samany özüňiz çöpläň. Nireden tapsaňyz, şondan tapyň. Gündeki edýän işiňiz bolsa birjik-de azaldylmaz“» diýdiler. 12 Şonda adamlar tutuş Müsüre aýlanyp, saman çöplediler. 13 Ýolbaşçylar bolsa: «Gündeki işiňizi öňki ýaly ediň!» diýip, olary gününe goýmaýardylar. 14 Faraonyň bellän ýolbaşçylary ysraýyl gözegçilerini urup+: «Kerpiçler näme üçin az? Günde şol bir ýagdaý!» diýýärdiler.

15 Şonda ysraýyllardan bellenen gözegçiler faraonyň ýanyna baryp: «Hyzmatkärleriňe näme beýle ýowuz daraýaň? 16 Bize saman bermän, kerpiç ýasamagy talap edýärler. Günä öz adamlaryňda bolsa-da, bizi ýençýärler» diýip arz etdiler. 17 Emma faraon: «Siz ýalta! Işden gaçjak bolup+: „Biz gitjek, Ýehowa gurbanlyk berjek!“+ diýen bolýaňyz. 18 Baryň, işiňiz bilen boluň! Size saman berilmez, ýöne ýekeje kerpiç kem bolaýmasyn!» diýdi.

19 «Ýekeje kerpiç kem bolaýmasyn!» diýen buýrugy eşidip, ysraýyl gözegçileri ýagdaýyň has-da kynlaşandygyna düşündiler. 20 Olar faraonyň huzuryndan çykanda, Musa bilen Harun daşarda garaşyp durdy. 21 Gözegçiler olara: «Goý, Ýehowa size jeza bersin! Siz sebäpli faraona-da, hyzmatkärlerine-de ýigrenji bolduk. Näme, bizi öldürtjek bolýaňyzmy?» diýdiler+. 22 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Ýehowa, halky ne günlere saldyň? Meni bärik näme üçin iberdiň? 23 Faraonyň huzuryna baryp, seniň adyňdan+ geplänim bäri, ol halky öňküdenem beter ezýär+. Sen bolsa olaryň dadyna ýetişeňok»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş