Ikinji Musa
7 Ýehowa Musa: «Seni faraonyň üstünden Hudaý ýaly edip goýdum*. Doganyň Harun hem pygamberiň bolar+. 2 Aýtjak zatlarymy doganyň Haruna ýetir, ol hem faraona aýtsyn. Ahyry faraon ysraýyllary goýberer. 3 Men faraony doňýürek edip+, Müsürde köp alamat we gudrat görkezerin+. 4 Şonda-da faraon size gulak asmaz. Men Müsüre garşy elimi göterip, olara agyr jezalary bererin+. Ysraýyl halkymy topar-topar edip, Müsürden çykararyn. 5 Güýçli golumy Müsüre uzadyp, ysraýyllary çykaranymda, müsürliler meniň Ýehowadygymy biler»+ diýdi. 6 Musa bilen Harun Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, ähli zady aýdyşy ýaly etdiler. 7 Faraon bilen gepleşende, Musa 80, Harun bolsa 83 ýaşyndady+.
8 Ýehowa Musa bilen Haruna: 9 «Faraon size gudrat görkez diýse, Haruna: „Hasaňy faraonyň öňüne taşla“ diý. Şonda hasa ullakan ýylana öwrüler»+ diýdi. 10 Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp, edil Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Harun hasasyny faraonyň we hyzmatkärleriniň öňüne taşlady welin, hasa ullakan ýylana öwrüldi. 11 Faraon hem maslahatçylaryny we jadygöýlerini* çagyrdy. Müsür jadygöýleri*+ jadyly güýji bilen edil şonuň ýaly gudrat görkezdiler+. 12 Olaryň hersi hasasyny ýere taşlanda, ullakan ýylana öwrüldi. Harunyň ýylany* bolsa olaryň ýylanlaryny ýuwutdy. 13 Ýöne Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon kesirlik edip+, Musa bilen Haruna gulak asmady.
14 Şonda Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek+, ol halky goýbermekden boýun gaçyrýar. 15 Ertir irden faraonyň ýanyna git. Ol Nil derýasyna barar. Faraon bilen görüşmek üçin derýanyň kenarynda dur, ýylana öwrülen hasany hem alyp git+. 16 Faraona şeýle diý: „Meni ýanyňa ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa iberdi+. Ol: „Halkymy goýber, çölde maňa sežde etsinler“ diýýär. Sen bolsa entegem boýun bolaňok. 17 Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Meniň Ýehowadygymy şundan bilersiň+: hasamy uzadyp, Nil derýasyna uraryn welin, suw gana öwrüler. 18 Nildäki balyklar ölüp, derýa porsar. Müsürliler derýanyň suwundan içip bilmez“».
19 Soňra Ýehowa Musa tabşyryk berip: «Haruna: „Suw gana öwrüler ýaly, hasaňy Müsüriň+ ähli suwlaryna, derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine+ we howdanlaryna uzat“ diý. Şonda bütin Müsürdäki, hatda gap-gaçlardaky* suwlar hem gana öwrüler» diýdi. 20 Musa bilen Harun dessine Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdiler. Harun hasany galdyryp, faraonyň we hyzmatkärleriniň gözüniň alnynda Nil derýasyna urdy welin, suw gana öwrüldi+. 21 Nildäki balyklar öldi+, derýa porsap başlady. Müsürliler Nil derýasynyň suwundan içip bilmediler+. Tutuş Müsürdäki suw gana öwrüldi.
22 Emma Müsür jadygöýleri hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly etdiler+. Muny gören faraon ýene-de boýnuýogynlyk etdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady+. 23 Faraon köşgüne gaýtdy, bolan zatlar onuň piňine-de däldi. 24 Müsürliler bolsa suw gözläp, Nil derýasynyň töwereginde guýy gazyp başladylar, sebäbi derýanyň suwundan içer ýaly däldi. 25 Şeýdip, Ýehowanyň Nil derýasyny gana öwrenine ýedi gün boldy.