Işaýa
31 Müsüre kömek sorap barýanlaryň+,
Bedewlere bil baglaýanlaryň+,
Birgiden söweş arabalaryna,
Güýçli söweş atlaryna* daýanýanlaryň waý halyna!
Olar Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna ýüzlenmeýärler,
Ýehowany gözlemeýärler.
2 Ol akyldar Hudaý,
Beren sözünde durar.
Ol başyňyzdan betbagtçylyk inderer,
Zalymlaryň öýüne garşy aýaga galar,
Erbetleri goldaýanlara jeza berer+.
3 Müsürliler Hudaý däl, ýöne bir ynsandyr,
Atlary ruh däl, ýöne bir haýwandyr+.
Ýehowa goluny galdyranda,
Kömek beren halklar ýykylar,
Kömegi kabul eden halklar hem ýykylar.
Olaryň ikisi-de bir wagtda ýok bolar.
4 Ýehowa maňa şeýle diýdi:
«Aw awlan arlaýjy arslan, güýçli arslan,
Daşyna çopanlar üýşse-de,
Olaryň sesinden gorkmaz,
Gykylygyndan ürkmez.
Şonuň ýaly Serkerdebaşy Ýehowa Sion dagyna,
Onuň depesine söweşmäge barar.
5 Serkerdebaşy Ýehowa bürgüt kimin okdurylyp,
Iýerusalimi gorar+.
Ol şäheri gorar, azat eder,
Halas eder we aman galdyrar».
6 «Ysraýyl halky, siz Hudaýyňyza garşy bilgeşleýin baş göterdiňiz, indi dolanyň+. 7 Şol gün her kes kümüşden we altyndan ýasalan dereksiz butlaryny taşlar. Siz olary öz elleriňiz bilen ýasap, günä gazanypdyňyz.
8 Assiriýaly gylyçdan geçiriler, emma ynsan gylyjyndan däl.
Ony gylyç ýuwudar, emma ynsan gylyjy däl+.
Ol gylyjy görüp gaçar,
Ýigitleri gul bolar.
9 Onuň arkadaýanjy gorkudan ýaňa ýykylar.
Han-begleri söweş tuguny görüp sandyrar».
Muny Ýehowa aýdýar.
Onuň nury Siondadyr, ojagy Iýerusalimdedir.