Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 13
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Zygyr matadan guşak çüýreýär (1—11)

      • Şeraply küýzeler döwler (12—14)

      • Toba etmeýän Ýahuda ýesir alnar (15—27)

        • Garaýagyz adam reňkini üýtgedip bilmez (23)

Ýermeýa 13:1

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Ýermeýa 13:9

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:19; Sep 3:11

Ýermeýa 13:10

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:15, 16
  • +Ýer 6:28

Ýermeýa 13:11

Parallel aýatlar

  • +2Ms 19:5; 5Ms 26:18; Zb 135:4
  • +Ýer 33:9
  • +Ýer 6:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)», 3/2017, sah. 1

Ýermeýa 13:13

Parallel aýatlar

  • +Işa 29:9; 51:17; Ýer 25:27

Ýermeýa 13:14

Parallel aýatlar

  • +Ýer 6:21; Hyz 5:10
  • +Hyz 7:4; 24:14

Ýermeýa 13:16

Parallel aýatlar

  • +Işa 59:9

Ýermeýa 13:17

Parallel aýatlar

  • +Ýer 9:1
  • +Zb 100:3

Ýermeýa 13:18

Parallel aýatlar

  • +2Pa 24:12; Ýer 22:24, 26

Ýermeýa 13:19

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:64

Ýermeýa 13:20

Parallel aýatlar

  • +Ýer 6:22
  • +Hyz 34:8

Ýermeýa 13:21

Parallel aýatlar

  • +Işa 39:1, 2
  • +Ýer 6:24; Mik 4:9

Ýermeýa 13:22

Parallel aýatlar

  • +Ýer 5:19; 16:10, 11
  • +Hyz 16:37

Ýermeýa 13:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: Kuşly; efiopiýaly.

Parallel aýatlar

  • +Nak 27:22

Ýermeýa 13:24

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:33; 5Ms 28:64

Ýermeýa 13:25

Parallel aýatlar

  • +Ýer 2:32
  • +5Ms 32:37, 38; Işa 28:15; Ýer 10:14

Ýermeýa 13:26

Parallel aýatlar

  • +Agy 1:8; Hyz 16:37; 23:29

Ýermeýa 13:27

Parallel aýatlar

  • +Ýer 2:20; Hyz 16:15
  • +Işa 65:7; Hyz 6:13
  • +Hyz 24:13

Umumy salgylar

Ýer. 13:93Ms 26:19; Sep 3:11
Ýer. 13:102Tr 36:15, 16
Ýer. 13:10Ýer 6:28
Ýer. 13:112Ms 19:5; 5Ms 26:18; Zb 135:4
Ýer. 13:11Ýer 33:9
Ýer. 13:11Ýer 6:17
Ýer. 13:13Işa 29:9; 51:17; Ýer 25:27
Ýer. 13:14Ýer 6:21; Hyz 5:10
Ýer. 13:14Hyz 7:4; 24:14
Ýer. 13:16Işa 59:9
Ýer. 13:17Ýer 9:1
Ýer. 13:17Zb 100:3
Ýer. 13:182Pa 24:12; Ýer 22:24, 26
Ýer. 13:195Ms 28:64
Ýer. 13:20Ýer 6:22
Ýer. 13:20Hyz 34:8
Ýer. 13:21Işa 39:1, 2
Ýer. 13:21Ýer 6:24; Mik 4:9
Ýer. 13:22Ýer 5:19; 16:10, 11
Ýer. 13:22Hyz 16:37
Ýer. 13:23Nak 27:22
Ýer. 13:243Ms 26:33; 5Ms 28:64
Ýer. 13:25Ýer 2:32
Ýer. 13:255Ms 32:37, 38; Işa 28:15; Ýer 10:14
Ýer. 13:26Agy 1:8; Hyz 16:37; 23:29
Ýer. 13:27Ýer 2:20; Hyz 16:15
Ýer. 13:27Işa 65:7; Hyz 6:13
Ýer. 13:27Hyz 24:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 13:1—27

Ýermeýa

13 Ýehowa maňa: «Git⁠-⁠de, zygyr* matadan guşak satyn al, ony biliňe guşa, ýöne suw degiräýme» diýdi. 2 Men Ýehowanyň aýdyşy ýaly guşak satyn alyp, bilime guşadym. 3 Ýehowa maňa ikinji gezek ýüzlenip şeýle diýdi: 4 «Satyn alyp, biliňe daňan guşagyňy al⁠-⁠da, Ýewfrata git we gaýanyň jaýrygynda gizle». 5 Men Ýehowanyň buýruşy ýaly, guşagy Ýewfratyň golaýynda gizledim.

6 Köp gün geçensoň, Ýehowa maňa: «Tur, Ýewfrata git, meniň emrim bilen gizlän guşagyňy alyp gel» diýdi. 7 Men Ýewfrata gitdim, gizläp goýan ýerimden guşagy gazyp çykardym. Görsem, guşak çüýräpdir, derde ýarar ýaly bolmandyr.

8 Ýehowa maňa şeýle diýdi: 9 «Ýehowa şeýle diýýär: „Ýahudanyň ulumsylygyny we Iýerusalimiň ýere⁠-⁠göge sygmaýan tekepbirligini edil şu guşak ýaly çüýrederin+. 10 Zalym halk sözüme gulak asmaýar+, kesirlik bilen kellesine gelenini edýär+, başga taňrylara çokunyp, olara gulluk edýär, sežde edýär. Zalym halk derde ýaramaýan guşak ýaly bolar. 11 Men bütin Ysraýyl we Ýahuda öýüni guşak kimin bilime guşadym — muny Ýehowa aýdýar. — Olar meniň halkym+, şan⁠-⁠şöhratym+ we abraýym bolmalydylar. Emma olar maňa gulak asmadylar“+.

12 Olara şu habary ýetir. Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Her bir uly küýze şerapdan doly bolsun“. Olar saňa: „Uly küýzeleriň şerapdan doly bolmalydygyny bilýäris“ diýerler. 13 Şonda olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men ýurduň ilatyny, Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri we Iýerusalimiň ähli ilatyny serhoş ederin“+. 14 Ýehowa şeýle diýýär: „Men ataly⁠-⁠ogly biri⁠-⁠biri bilen gyrlyşdyraryn+. Olary ýok edenimde haýpym gelmez, ýüregim awamaz, rehimim inmez, meni hiç zat saklap bilmez“+.

15 Ünsli diňläň,

Tekepbir bolmaň, sebäbi Ýehowa gepleýär.

16 Hudaý tümlük indermänkä,

Dagda alagaraňkylykda büdremänkäňiz,

Ýehowany şöhratlandyryň.

Siz ýagtylyga garaşarsyňyz,

Hudaý üstüňizi garaňkylyk bilen örter;

Ýagtylygy tümlüge öwrer+.

17 Siz gulak asmasaňyz,

Tekepbirlik etseňiz, gizlinlikde aglaryn.

Gözýaş dökerin, gözlerimiň ýaşy sil bolup akar+,

Sebäbi Ýehowanyň sürüsi+ ýesir edilip äkidildi.

18 Patyşa we onuň ejesine+: „Tagtdan düşüň,

Sebäbi owadan täjiňiz başyňyzdan alnar“ diý.

19 Günorta şäherleriniň derwezeleri ýapyldy,

Olary açjak tapylmaz.

Tutuş Ýahuda sürgün edildi, ählisi ýesir alyndy+.

20 Eý Iýerusalim, başyňy galdyryp,

Demirgazykdan gelýänlere seret+.

Hany saňa berlen süri? Semiz goýunlaryň nirede?+

21 Saňa jana⁠-⁠jan dostlaryň jeza berse, näme edersiň?+

Çaga dogurýan aýal ýaly seni sanjy tutmazmy?+

22 Şonda: „Bular näme üçin meniň başyma indi?“+ diýersiň.

Günäleriň köpdügi sebäpli eşigiň sypyrlyp alnar+,

Dabanyň gabarar.

23 Garaýagyz* adamyň reňkini,

Alajabarsyň meneklerini üýtgedip bilmeýşi ýaly+,

Siz hem ýagşy işleri etmegi başarmaýarsyňyz.

Sebäbi erbetlik siziň ganyňyza siňipdir.

24 Men olary çöl ýeline tozaýan saman kimin dargadaryn+.

25 Saňa düşen bije, saňa ölçäp beren paýym şudur»

Muny Ýehowa aýdýar.

«Sebäbi sen meni unutdyň+, ýalana bil bagladyň+.

26 Köýnegiň etegini ýüzüňe çenli galdyraryn,

Uýat ýeriň görner+.

27 Hemmeler seniň baýtal kimin kişňeýşiňi eşiderler,

Ahlaksyz, haýasyz işleriňi+ görerler.

Men depeleriň üstünde,

Melleklerde edýän ýigrenji işleriňi gördüm+.

Eý Iýerusalim, waý halyňa!

Sen haçana çenli haram işleri edersiň?»+

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş