Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 38
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Ýermeýany guýa taşlaýarlar (1—6)

      • Abdymälik Ýermeýany halas edýär (7—13)

      • Ýermeýa Sadykýara boýun eg diýip ýalbarýar (14—28)

Ýermeýa 38:1

Parallel aýatlar

  • +Ýer 37:3
  • +Ýer 21:1, 2

Ýermeýa 38:2

Parallel aýatlar

  • +Ýer 27:13; 29:18; Hyz 7:15
  • +Ýer 21:8—10

Ýermeýa 38:3

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:1, 2; 2Tr 36:17

Ýermeýa 38:4

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: esgerleriň we halkyň elini gowşadýar.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 26:11

Ýermeýa 38:6

Parallel aýatlar

  • +Ýer 33:1; 37:21; 38:28

Ýermeýa 38:7

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: emeldary.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 39:16
  • +Ýer 37:13

Ýermeýa 38:9

Parallel aýatlar

  • +Ýer 52:6

Ýermeýa 38:11

Parallel aýatlar

  • +2Pa 20:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)»,

    5/2017, sah. 1

Ýermeýa 38:13

Parallel aýatlar

  • +Ýer 37:21

Ýermeýa 38:17

Parallel aýatlar

  • +Ýer 21:9; 27:12

Ýermeýa 38:18

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:8, 9
  • +2Pa 25:6; Ýer 39:5

Ýermeýa 38:22

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: aýagyňy batga batyrdylar.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 39:3
  • +Agy 1:2

Ýermeýa 38:23

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:7
  • +Ýer 52:8, 13

Ýermeýa 38:25

Parallel aýatlar

  • +Ýer 38:4

Ýermeýa 38:26

Parallel aýatlar

  • +Ýer 37:15

Ýermeýa 38:28

Parallel aýatlar

  • +Ýer 15:20; 32:2; 33:1; 37:21; 39:13, 14
  • +2Pa 25:8, 9; 2Tr 36:17

Umumy salgylar

Ýer. 38:1Ýer 37:3
Ýer. 38:1Ýer 21:1, 2
Ýer. 38:2Ýer 27:13; 29:18; Hyz 7:15
Ýer. 38:2Ýer 21:8—10
Ýer. 38:32Pa 25:1, 2; 2Tr 36:17
Ýer. 38:4Ýer 26:11
Ýer. 38:6Ýer 33:1; 37:21; 38:28
Ýer. 38:7Ýer 39:16
Ýer. 38:7Ýer 37:13
Ýer. 38:9Ýer 52:6
Ýer. 38:112Pa 20:13
Ýer. 38:13Ýer 37:21
Ýer. 38:17Ýer 21:9; 27:12
Ýer. 38:182Pa 25:8, 9
Ýer. 38:182Pa 25:6; Ýer 39:5
Ýer. 38:22Ýer 39:3
Ýer. 38:22Agy 1:2
Ýer. 38:232Pa 25:7
Ýer. 38:23Ýer 52:8, 13
Ýer. 38:25Ýer 38:4
Ýer. 38:26Ýer 37:15
Ýer. 38:28Ýer 15:20; 32:2; 33:1; 37:21; 39:13, 14
Ýer. 38:282Pa 25:8, 9; 2Tr 36:17
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 38:1—28

Ýermeýa

38 Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Selimýaryň ogly Ýuhal+ we Mälikýaryň ogly Paşhur+ Ýermeýa pygamberiň halka aýdan şu sözlerini eşitdiler: 2 «Ýehowa şeýle diýýär: „Şäherde galan adamlar gylyçdan, açlykdan we mergiden öler+. Emma haldeýlere boýun bolan adamlar bolsa halas bolup, janyny gutarar“+. 3 Ýehowa şeýle diýýär: „Şäher Wawilon patyşasynyň goşunyna boýun eger, ol şäheri basyp alar“»+.

4 Han⁠-⁠begler patyşa şeýle diýdiler: «Ýermeýa öldürilsin+, sebäbi ol şäherde galan esgerleri we halky ruhdan düşürýär*. Ol adamlara parahatlyk däl⁠-⁠de, betbagtçylyk isleýär». 5 Sadykýar patyşa olara jogap berip: «Ol siziň eliňizde, patyşa size hiç zat diýmez» diýdi.

6 Olar Ýermeýany tutup, Garawulhananyň howlusyndaky+ Mälikýar şazadanyň guýusyna taşladylar. Olar Ýermeýany ýüp bilen guýa salladylar. Guýy suwsuzdy, batgady. Ýermeýa batga batdy.

7 Köşk agtasy* efiopiýaly Abdymälik+ Ýermeýanyň guýa taşlanandygyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesiniň+ öňünde otyrdy. 8 Abdymälik köşkden çykyp, patyşanyň ýanyna baryp şeýle diýdi: 9 «Patyşahym, adamlar Ýermeýa pygambere ýamanlyk etdiler, guýa taşladylar. Ýermeýa guýuda açlykdan öler, sebäbi şäherde çörek galmady»+.

10 Patyşa efiopiýaly Abdymälige tabşyryp: «Ýanyňa 30 adam al⁠-⁠da, Ýermeýa pygamberi guýudan çykar. Ol guýuda ölüp galaýmasyn» diýdi. 11 Abdymälik ýany bilen adamlary alyp, köşge gitdi. Olar hazynanyň+ aşagyndaky otaga baryp, köne⁠-⁠küşül matalary, esgileri alyp, olary ýüpe daňyp, guýuda oturan Ýermeýa salladylar. 12 Efiopiýaly Abdymälik Ýermeýa: «Esgileri, bölek matalary goltugyň aşagyna goý» diýdi. Ýermeýa hem aýdylyşy ýaly etdi. 13 Olar Ýermeýany guýudan ýüp bilen çekip çykardylar. Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda galdy+.

14 Sadykýar patyşa Ýermeýa pygamberi Ýehowanyň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Bir zat sorajak, ýöne menden hiç zat gizleme» diýdi. 15 Ýermeýa Sadykýar patyşa: «Eger aýtsam, meni öldürersiň, maslahat bersem, diňlemersiň» diýdi. 16 Sadykýar patyşa hiç kime eşitdirmän Ýermeýanyň ýanynda ant içip: «Bize ýaşaýyş beren Ýehowa diri şaýatdyr! Men seni öldürmerin, janyň kastyna çykan adamlaryň eline bermerin» diýdi.

17 Ýermeýa Sadykýar patyşa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowanyň habary şeýledir: „Eger Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠beglerine boýun egseň, janyňy halas edersiň. Şäher otlanmaz, sen öý⁠-⁠içeriň bilen aman galarsyň+. 18 Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠beglerine boýun egmeseň, şäher haldeýleriň eline geçer. Olar şäheri otlarlar+, senem olaryň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň“»+.

19 Sadykýar patyşa Ýermeýa: «Men haldeýleriň tarapyna geçen ýehudylardan gorkýaryn. Olaryň eline düşsem, olar maňa ýowuz daraşarlar» diýdi. 20 Ýermeýa şeýle diýdi: «Sen olaryň eline düşmersiň. Haýyş edýärin, Ýehowanyň sözüne gulak as, aýdýanlarymy diňle, peýdasy deger, aman galarsyň. 21 Emma boýun egmeseň, nämeleriň boljakdygyny Ýehowa maňa aýtdy: 22 Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan aýallaryň ählisi Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠begleriniň+ öňüne getiriler. Olar şeýle diýerler:

„Dostlaryň seni aldady, senden üstün çykdy+.

Olar aýagyňa palta urdular*.

Özleri bolsa gaçyp gitdiler“.

23 Seniň aýallaryň, ogullaryň ählisi haldeýleriň öňüne eltiler. Duşmanlaryň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, Wawilon patyşasynyň eline düşersiň+, sen sebäpli şäher ýanyp kül bolar»+.

24 Sadykýar Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: «Bulary hiç kime aýdaýma, ýogsam ölersiň. 25 Han⁠-⁠begler biziň gürrüňdeş bolandygymyzy eşidip: „Aýtsana, patyşa näme diýdiň? Patyşa saňa näme diýdi? Bizden hiç zat gizleme, ýogsam ölersiň“+ diýseler, 26 sen olara şeýle jogap ber: „Men patyşa ýalbaryp, Ýehonatanyň öýüne ibermäň, ýogsam ol ýerde ölerin diýdim“»+.

27 Birnäçe wagtdan ähli han⁠-⁠begler Ýermeýanyň ýanyna baryp, soraga tutdular. Ýermeýa olara patyşanyň tabşyryşy ýaly jogap berdi. Han⁠-⁠begler oňa hiç zat diýmediler, sebäbi hiç haýsy gürrüňi eşitmändi. 28 Iýerusalim basylyp alynýança, Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda boldy+. Iýerusalimiň basylyp alnan güni+ hem şol ýerdedi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş